Aşgabatda iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde geçirilýän türkmen-belarus gepleşiklerinde halkara guramalarynyň çäklerinde özara hereket etmegiň tejribesini dowam etmegiň maksat edinilýändigi tassyklanyldy.
Mysal üçin, Belarus Respublikasy BMG-nyň Baş Assambleýasynyň şu mejlisiniň barşynda biragyzdan kabul edilen “Halkara Bitaraplyk güni” diýen Kararnamasynyň türkmen taslamasynyň awtordaşy hökmünde çykyş etdi.
Şunuň bilen baglylykda, dürli halkara düzümlerinde durnukly energetika we energetika howpsuzlygy, ulag, ýaragsyzlanmak meselesi, ekologiýa we daşky gurşawy goramak, Durnukly Ösüşiň Maksatlaryny gazanmak ýaly ugurlar boýunça iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň uly geljegini görýäris diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary Belarus wekiliýetiniň geçen ýylyň noýabrynda Aşgabatda BMG-niň Durnukly ulag boýunça ählumumy maslahatyň işine işjeň gatnaşmagyny minnetdarlyk bilen belledi. Türkmenistan we Belarus Respublikasy halkara terrorçylygy, neşeleriň bikanun dolanyşygy, serhetüsti jenaýatçylyk ýaly häzirki döwrüň wehimlerine we howplaryna garşy göreşmek maksadynda işjeň gatnaşyklary dowam ederler.