Ozal habar berlişi ýaly, düýn “Oguzhan” Köşkler toplumynda belent mertebeli myhmanyň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşygy boldy, ol dürli ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy berkitmäge we giňeltmäge iki ýurduň taýýardygyny tassyklady.
Hökümet wekiliýetleriniň gepleşikleriniň netijeleri boýunça gol çekilen, ykdysady gatnaşyklary we işewürlik aragatnaşyklaryny ösdürmegiň netijeli usullaryny döretmegi höweslendirjek ikitaraplaýyn resminamalar
türkmen-eston hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge, iki ýurduň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şeýle hem işewür toparlarynyň arasynda uzak möhletli gatnaşyklary ýola goýmaga gyzyklanma bildirilmeginiň subutnamasy boldy. Olar Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň we Estoniýa Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşykdyr, şeýle hem iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak we girdeji üçin salgytlary tölemekden boýun gaçyrylmagynyň öňüni almak hakyndaky iki ýurduň hökümetleriniň arasyndaky Konwensiýadyr.
Türkmen-eston işewürlik forumy iki ýurduň durmuş-ykdysady babatda we ileri tutulýan ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga ýardam etdi, şol foruma Estoniýa Respublikasynyň Premýer-ministri Andrus Ansip gatnaşdy. Belent mertebeli myhmanyň nygtaýşy ýaly, häzirki tapgyrda ykdysady döwletara gatnaşyklara türkmen Lideri tarapyndan ýöredilýän oýlanyşykly hem-de oňyn daşary syýasat bilen köp babatda şertlenen okgunly depgin mahsusdyr. Biziň ýurtlarymyzyň arasynda BMG ýaly iri abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde syýasy gatnaşyklaryň ýola goýlandygy hem-de işewür gatnaşyklary giňeltmek üçin pursadyň gelip ýetendigi bellenildi.
Ýangyç-energetika ulgamynda, syýahatçylyk we myhmanhana işewürligi, söwda, deňiz ulaglary we gämi gurluşyk babatda, şeýle hem maglumatlar – aragatnaşyk tehnologiýalary we ulgamlar babatda netijeli gatnaşyklaryň mümkinçilikleri gyzyklanyp ara alyp maslahatlaşmagyň meselesi boldy.
Daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça gatnaşyklar öz ösüşinde täze itergi aldy, parlamentara gatnaşyklary giňeltmegiň zerurdygy bellenildi. Şeýlelikde, iki ýurduň arasyndaky özara düşünişmegiň ýokary derejesi, öz halklarynyň eşreti üçin doly möçberli hyzmatdaşlygy ösdürmäge olaryň taýýarlygy ýene-de bir gezek aýdyň görkezildi.
Şu gün Estoniýa Respublikasynyň Premýer-ministri Andrus Ansipiň Türkmenistana resmi saparynyň çäklerinde belent mertebeli myhman üçin medeni maksatnama guraldy.
Ir bilen Premýer-ministr we onuň ýolbaşçylyk edýän wekilçilikli toparynyň agzalary Aşgabadyň S.Türkmenbaşy adyndaky dokma toplumyna baryp gördüler. Ol ýerde myhmanlara trikotaž matadan dünýä bazarynda uly isleg bildirilýän bäsleşige ukyply önümleriň onlarça görnüşlerini öndürýän häzirki zaman önümçiliginiň tehnologiýasy we üpjünçiligi hakynda gürrüň berdiler.
Eston myhmanlary “Gülüstan” söwda merkezine hem baryp gördüler. Premýer-ministr Andrus Ansip miwe-gök önümleriň köp görnüşlerini, türkmen topragynyň berekediniň bolçulygyny hödürleýän söwda hatarlaryna aýlandy. Soňra myhmanlar “Altyn asyr” söwda merkezine ugradylar, şol ýerde ýurdumyzyň dokma senagatynyň önümleriniň ýokary hiline we köp görnüşlidigine göz ýetirip bildiler.
Türkmen halysynyň milli muzeýiniň baý mirasy bilen tanyşmak myhmanlarda uly täsir galdyrdy, onuň özboluşly gymmatlyklary türkmen halyçy gelin-gyzlarynyň başarnygynyň we deňsiz-taýsyz ussatlygynyň aýdyň tassyklanmasydyr.
Soňra Estoniýa Respublikasynyň Premýer-ministri Andrus Ansip we onuň ýanyndaky wekiliýetiň agzalary Türkmenistanyň Baş milli muzeýine bardylar, muzeýde toplanan köp zatlar türkmen halkynyň beýik gadymy taryhynyň, onuň ýokary ruhy we maddy medeniýetiniň gymmatly hazynasydyr. Daşary ýurtly myhmanlar özboluşly ýeke-täk genji-hazynalary we geçen asyrlara degişli zatlary, milli egin-eşikleriň we matalaryň seýrek nusgalarynyň toplumyny, durmuşda ulanylýan däp bolan zatlary, gymmat bahaly metallardan ýasalan önümler we ýaraglary uly üns we örän haýran galmak bilen synladylar, biziň ýurdumyzyň çäklerinde geçirilen arheologiki barlaglaryň maglumatlary hem-de milli mirasymyzyň beýleki “dürdäneleri” bilen gyzyklanyp tanyşdylar. Özüne çekiji we mazmunly gezelenç üçin hoşallyk bildirip, Jenap Andrus Ansip Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýazgy galdyrdy.
Mundan başga hem Estoniýa Respublikasynyň Premýer-ministri Köpetdagyň ajaýyp dag eteginde ýerleşen Halkara atçylyk-sport toplumyna baryp gördi. Myhmanlar sebitde deňi-taýy bolmadyk ägirt uly toplumy uly gyzyklanma bilen synladylar. Türkmen halkynyň milli buýsanjy we baýlygy bolan meşhur ahalteke bedewleriniň owadanlygyna hem-de ýyndamlygyna haýran galdylar.
Şunuň bilen Estoniýa Respublikasynyň Premýer-ministri Andrus Ansipiň Türkmenistanda bolmagynyň maksatnamasy tamamlandy, ertir eston hökümetiniň baştutany we onuň ýanyndaky wekiliýetiň agzalary Watanyna ugrarlar.
referans: www.turkmenistan.gov.tm