2015-nji ýylyň 10-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen paýtagtyna iş sapary bilen gelen Şwesiýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky (ýerleşýän ýeri Stokgolm ş.) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Ake Peterson bilen duşuşyk geçirildi.
Taraplar türkmen-şwed hyzmatdaşlygynyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşygyň barşynda şu ýylyň dowamynda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeleriň birinji tapgyryny geçirmegiň meselelerine aýratyn üns berildi.
Taraplar şeýle-de ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn ugurlarda gatnaşyklaryň geljekde hem ösdürilmegi boýunça pikirleri ara alyp maslahatlaşdylar. Geljegi uly ugurlar boýunça, ylaýta-da syýasy, söwda-ykdysady we gumanitar ugurlary boýunça özara hereketlere aýratyn üns berildi. Gepleşikleriň barşynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara häsiýetli meseleleri hem-de halkara derejesindäki başlangyçlaryň ikitaraplaýyn goldanylmagyny ara alyp maslahatlaşdylar.