Beýik Britaniýanyň «UK Export Finance» hökümet eksport-karz edarasynyň wekilleri bilen Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde geçirilen onlaýn duşuşykda maliýe ulgamynda we anyk maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy.
Duşuşyga Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri, «UK Export Finance» edarasynyň hünärmenleri, şeýle hem Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçisi gatnaşdy.
Hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekilmegi hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ädim bolar. Onuň taslamasy mundan öň maslahatlaşmak üçin teklip edilipdi.
«UK Export Finance» edarasynyň wekili Uomik Şahyň belleýşi ýaly, bu düzüm iňlis kompaniýalaryna Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge, hödürlenilýän hyzmatlaryň gerimini artdyrmaga ýardam etmäge taýýar.
2020-nji ýylyň fewral aýynda Londonda türkmen wekiliýetiniň «UK Export Finance» edarasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşygy geçirildi. Onda «Türkmengaz» döwlet konserni we Türkmenistanyň beýleki edaralary bilen hyzmatdaşlygyň geljegi maslahatlaşyldy.
Çeşme: oilgas.gov.tm