9.9 C
Aşkabat
21.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi

Şu günler Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili jenap Peter Buriýanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet sapar bilen Türkmenistanda bolýar. 

Türkmenistanyň mejlisinde hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynda, ýurdumyzyň käbir ministrliklerinde we pudak edaralarynda bolan duşuşyklaryň barşynda ynanyşmak, deňhukuklylyk we özara bähbitlilik esasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi barada gyzykly pikir alyşmalar boldy. 

Peter Buriýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ählumumy bähbitleri nazarda tutýan, parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat ugruna ýokary baha berip, bu öňdengörüjilikli, işjeň syýasatyň netijesinde, Türkmenistan-Ýewropa Bileleşiginiň däbe öwrülen gatnaşyklarynyň hil taýdan täze derejä çykandygyny kanagatlanma bilen belledi. Hususan-da, dürli derejedäki wekiliýetleriň alşylmagy artdy, işewür, ylmy we medeni gatnaşyklar pugtalandyrylýar we giňeldilýär, bilelikdäki birnäçe wajyp taslamalar amala aşyryldy we olaryň durmuşa geçirilmegi dowam edýär. 

Aşgabatda geçirilen duşuşyklara gatnaşyjylar söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary yzygiderli çuňlaşdyrmaga taraplaryň özara gyzyklanmalaryny mälim edip, ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişiniň barşyny, bilelikde işlemegiň dowamynda toplanan tejribäni hem-de ägirt uly mümkinçilikleri göz öňünde tutmak bilen, esasy ugurlaryň birnäçesinde özara hyzmatdaşlygyň wajyp ýagdaýlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. 

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň ýewropaly hyzmatdaşlar bilen köptaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk hem ýokarlandyrmaga ygtybarly binýat döretmäge ýardam edýän syýasy maslahatlary, işjeň duşuşyklary we gepleşikleri yzygiderli geçirmegiň ähmiýeti aýratyn bellenildi. 

Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýetiniň saparynyň maksatnamasynda türkmen paýtagtynyň gözel ýerleri bilen tanyşmak, ýurdumyzyň aýry-aýry ministrliklerinde we pudak edaralarynda möhüm duşuşyklaryň birnäçesini geçirmek göz öňünde tutuldy.

Degişli makalalar

Türkmenistanda Ýewropa Komissiýasynyň Wise-Prezidenti Bilen Duşuşyk

syrach

Gämiçiligiň howpsuz bolmagy üçin.

syrach

Türkmenistanda Maýyp Adamlara Niýetlenen Mugt Ýaşaýyş Jaýlarynyň Gurluşygyna Badalga Berildi