13.9 C
Aşkabat
21.11.2024
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi: Özara Bähbitli Hyzmatdaşlyk Giňeldilýär

Daşary işler ministrliginde Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky özara gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň we ösdürmegiň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen ÝB-niň dürli düzümleriniň uly wekiliýetleri bilen duşuşyklar geçirilýär. 

Ýurdumyzyň daşary syýasatyň Ýewropa ugruna ygrarlylygy bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ägirt uly kuwwatynyň gatnaşýan taraplaryň ählisiniň bähbitlerine laýyk gelýän giň möçberli halkara taslamalarynyň durmuşa geçirilmegini üpjün etmäge mümkinçilik berýändigini belleýär. Mälim bolşy ýaly, şu ýyl türkmen-ýewropa gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň täze tapgyryna garaşylýar. Hususan-da, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýetini açmak göz öňünde tutulýar. Munuň özi Ýewropa Bileleşiginiň ikitaraplaýyn görnüşde hem-de yklymyň esasy iki sebitiniň — ÝB-niň we Merkezi Aziýanyň özara gatnaşyklarynyň binýadynda däp bolan hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga gyzyklanma bildirýändigine şaýatlyk edýär.

Şeýlelikde, Daşary işler ministrliginde Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň Merkezi Aziýa boýunça dolandyryjy direktory Bruno Balwaneranyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň bank ulgamyny we hususy bölegini ösdürmegiň çäklerinde hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti bellenildi. Bu ulgam hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli ünsi we başlangyçlary netijesinde kuwwatly ösüşe eýe boldy.

Taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bankynyň arasynda bilelikdäki işiň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak bilen, dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin täze mümkinçilikleri açan Hazar deňziniň hukuk derejesi baradaky Konwensiýa kabul edilenden soň, Hazarýaka döwletleriniň sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak meselelerine üns berdiler.

Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) we Hazarüsti gaz geçirijileriniň taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça meýilnamalar barada işjeň pikir alyşmalar boldy, bu taslamalar ählumumy energetika howpsuzlygynyň pugtalandyrylmagyna ýardam berer. Şeýle hem Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň Türkmenistan boýunça 2019 — 2024-nji ýyllar üçin strategiýasy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Peter Burianyň ýolbaşçylygyndaky ÝB-niň wekiliýeti bilen geçirilen duşuşygyň barşynda myhmanlar iri düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmek üçin ýurdumyzyň ägirt uly kuwwata eýedigini belläp, dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etdirmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen, Türkmenistanda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň bilelikdäki netijeli işi üçin ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyga täzeçe çemeleşýändiginiň ähmiýeti nygtaldy.

Geçen ýylyň maý aýynda Peter Burianyň ýolbaşçylygynda Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýeti bilen Mejlisde geçirilen duşuşyk hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Şol duşuşykda Türkmenistan — ÝB gatnaşyklarynyň çäklerinde parlamentara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi barada gürrüň edildi. Türkmen parlamentarileriniň Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň täze strategiýasyny işläp taýýarlamaga gatnaşmagynyň maksadalaýykdygy nygtaldy, daşary ýurt döwletleriniň parlamentleri bilen “Dostluk” toparlaryny döretmek babatda mejlisde bar bolan tejribäniň wajypdygy bellenildi.

Daşary işler ministrliginde geçirilen şu duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklaryň okgunly ösýändigi nygtaldy. Durmuşa geçirilen hem-de häzirki wagtda amala aşyrylýan bilelikdäki taslamalaryň we maksatnamalaryň onlarçasy şol gatnaşyklaryň esasy bolup durýar.

Myhmanlaryň türkmen paýtagtynda bolmagynyň maksatnamasynda şeýle hem dürli pudaklaýyn ministrliklerde we edaralarda duşuşyklar meýilleşdirildi.


Buharest şäherinde Kotroçeni Köşgünde Rumyniýanyň Prezidenti Klaus Werner Ýohannis Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçisi A.Annaýewden ynanç hatyny kabul etdi.

Ýewropa Bileleşigine esasy agza ýurtlaryň biriniň Baştutany türkmen diplomatynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýetiren salamyny hem-de iň gowy arzuwyny kanagatlanma bilen kabul edip, ikitaraplaýyn görnüşde ÝB — Türkmenistan gatnaşyklarynyň çäklerinde iki dostlukly ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmäge we ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen wekiliýetiniň geçen ýylyň oktýabr aýynda Rumyniýa bolan iş saparynyň söwda-ykdysady ulgamda, şeýle hem ynsanperwer-medeni ugurda, hususan-da, bilim ugry boýunça netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmakda türkmen-rumyn hyzmatdaşlygyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek üçin uly kuwwatyň bardygynyň nobatdaky aýdyň subutnamasyna öwrülendigini bellemek ýerliklidir. Wekiliýetimiziň düzümine Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary girdiler. Saparyň netijeleri boýunça degişli resminamalara gol çekildi.

Şol resminamalaryň hatarynda Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň we Ñarol Davila adyndaky Lukmançylyk ylymlary we derman senagaty uniwersitetiniň arasynda akademiki we ylmy hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşyk, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň we Rumyniýanyň ýokary okuw mekdepleriniň ikisiniň — Braşow şäheriniň Transilwaniýa uniwersitetiniň we Buharestiň ykdysady ylymlar uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama, Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň we Ýassy şäherindäki Oba hojalyk ylymlary we weterinariýa lukmançylygy uniwersitetiniň arasynda, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň we Buharest şäheriniň Tehniki raýat inženeriýa uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşyklar bar. 

tdh

Degişli makalalar

Türkmenistanda birinji Hazar ykdysady forumynyň çäreleri badalga aldy

turkmenhabargullugy

Aşgabat-2017 Meýletinçiler Maksatnamasy Badalga Aldy

Hepdäniň Wakalary

turkmenhabargullugy