9.9 C
Aşkabat
23.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistan-ÝHHG

24-26-njy fewral aralygynda türkmen wekiliýeti Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewanyň ýolbaşçylygynda Awstriýa Respublikasynyň paýtagty Wena şäherinde geçirilen Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHHG) Parlament Assambleýasynyň 15-nji duşuşygyna gatnaşdy. Bu duşuşyga şu ýyl ÝHHG-niň agzasy we hyzmatdaşy bolan ýurtlaryň 57-sinden parlamentarileriň 300-e golaýy gatnaşdy.

Saparyň çäklerinde milli parlamentiň ýolbaşçysy Awstriýanyň Milli Geňeşiniň ikinji Prezidenti Karlhaýns Kopf hem-de ÝHHG-niň PA-nyň Prezidenti Ilkka Kanerwa bilen duşuşdy, şeýle hem Ykdysady meseleler, ylym, tehnologiýalar we daşky gurşaw boýunça umumy komitetiň mejlisinde çykyş edip, şu Assambleýanyň gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça Türkmenistanyň garaýşyny beýan etdi hem-de ýurdumyzyň halkara durmuşynyň meseleleri boýunça düýpli çemeleşmeleriniň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Bas Assambleýasynyň mejlislerinde, ÝHHG-niň we beýleki halkara guramalarynyň ýokary derejeli maslahatlarynda eden çykyşlarynda takyk beýan edilendigini nygtady.

Şu gün, jemleýji gün türkmen wekiliýeti parlamentara guramanyň gyşky mejlisine gatnaşdy. Onuň barşynda umumy komitetleriň üçüsiniň Syýasy meseleler we howpsuzlyk boýunça komitetiň, Ykdysady meseleler, ylym, tehnologiýalar we daşky gurşaw boýunça komitetiň hem-de Demokratiýa, adam hukuklary  we ynsanperwer meseleleri boýunça komitetiň bilelikdäki mejlisi geçirildi. Şeýle hem maslahata gatnaşyjylar  Awstriýanyň Milli Geňeşi tarapyndan guralan kabul edişlige çagyryldy. 

Türkmen tarapynyň garaýşyna görä, parlamentara gatnaşyklary ÝHHG-niň çäginde ynanyşmagy ýola goýmaga, howpsuzlyk, durnukly ösüş we adam ölçegleri babatda halkara meselelerini çözmäge goşant goşýan döwletara gatnaşyklarynyň möhüm bölegi bolmagynda galýar. 

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ÝHHG bilen giň we netijeli hyzmatdaşlyga ygrarly bolan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan soňky ýyllarda birnäçe başlangyçlar hem-de anyk teklipler bilen çykyş etdi. Olar guramanyň işini has-da kämilleşdirmäge, esasy maksatlaryny we wezipelerini ilerletmek boýunça tagallalary birleşdirmäge, bilelikdäki işleriň hukuk hem-de düzümleýin  esaslaryny berkitmäge gönükdirilendir. Şol başlangyçlaryň hatarynda ÝHHG-niň howpsuzlyk babatda bir bitewi strategiýasyny, ÝHHG-niň  Ykdysady konsepsiýasyny işläp taýýarlamak, ÝHHG-niň Toplumlaýyn Ekologiýa Maksatnamasyny taýýarlamak, Durnukly energetika boýunça geňeşi, Ulag syýasaty boýunça toparyny döretmek, ÝHHG-niň ynsanperwer ulgamda hereketleriniň  uzakmöhletleýin  binýadyny işläp taýýarlamak we beýleki möhüm başlangyçlar bar. 

Bu wezipeleriň çözülmegi ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň işine hem bagly bolup durýar. Onuň ygtyýarlygyna ÝHHG-niň maksatlaryny gazanmaga baha bermek, ÝHHG-niň daşary işler ministrleriniň  geňeşiniň duşuşyklarynda we mejlislerinde gozgalýan meseleleri ara alyp maslahatlaşmak, dawalaryň öňüni almagyň usullaryny işläp düzmek, durnukly ösüş üçin şertleri döretmek, gurama gatnaşyjy döwletlerde demokratik edaralary goldamak, ösdürmek wezipeleri girýär.

ÝHHG-niň giňişliginde aýry-aýry sebitlerde öňüni alyş diplomatiýasy boýunça merkezleri döretmek barada Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyçlary dünýä bileleşiginiň üns  merkezinde bolup, olaryň möhümdigi döwrüň talaby bilen şertlendirilendir. Biziň ýurdumyz bar bolan meseleler çözülende, şeýle hem dawaly ýagdaýlary hem-de ahyrky netijede howpsuzlyk wehimini döredýän sebäpleri aradan aýyrmakda öňüni alyş diplomatiýasynyň görnüşlerini we usullaryny giňden ulanmagyň zerurdygyna göz ýetirdi. 

Bu örän möhüm wezipäni çözmekde öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezleriniň birnäçesine eýe bolan Birleşen Milletler Guramasynyň toplan tejribesi bellärliklidir. Şol merkezleriň ilkinjisi Merkezi Aziýa sebiti üçin Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Aşgabatda açyldy. Wagtyň görkezişi ýaly, öňüni alyş gurallarynyň ulanylmagy halkara goldawyny çekmek bilen açyk gepleşikler arkaly ýüze çykýan jedelleri asuda çözmegiň we dawalaryň öňüni almagyň mümkinçiliklerini artdyrmak üçin täsirli usul bolup hyzmat edýär.  

Dünýäniň durnukly ösüşini üpjün etmekde hyzmatdaşlygyň ykdysady we ekologiýa ugurlary uly orun eýeleýär. Şol ösüşiň strategik maksatlary  2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüşiň gün tertibiniň çäklerinde 
BMG-ä agza döwletler tarapyndan ylalaşyldy we kabul edildi.

Häzirki wagtda, dünýäniň maliýe-ykdysady ulgamynyň çylşyrymly  döwri başdan geçirýän wagtynda ÝHHG-niň öňünde ykdysady ulgamda döreýän wehimleriň öňüni almak we kadalaşdyrmak boýunça uly wezipeler durýar. Dünýäniň ykdysady ýagdaýynyň seljermesi häzirki ykdysady ösüşe täsir edýän ýagdaýlary ýüze çykarmaga mümkinçilik berýär. Olaryň arasynda, ilkinji nobatda, ygtybarly we howpsuz energiýa üpjünçiligini, harytlaryň öndürilişiniň ösüşini, halkara söwda we ýükleri ibermegiň sazlaşykly ulgamynyň döredilmegini bellemek gerek. 

Bu seljermäni nazara almak bilen Türkmenistan energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, dünýä ykdysadyýetini durnukly ösüşiň ugruna çykarjak ulag we üstaşyr geçelgeleriniň  netijeli milli, sebit we yklymara düzümi döretmek babatda wajyp başlangyçlary öňe sürdi. 

ÝHHG-niň maksatnamasy boýunça bilelikde işlemegiň çäklerinde Türkmenistan umumy durnukly ösüşi üpjün etmek maksadynda Ykdysadyýet we Ekologiýa Forumynyň çäklerinde  köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň we kämilleşdirmegiň mümkinçiliklerini jikme-jik seljermegi teklip edýär. Hususan-da, energetika, senagat önümçiligi, ulag we söwda ýaly  ykdysadyýetiň möhüm ugurlarynda işleri utgaşdyrmaga jogapkär düzümleri döretmegiň mümkinçiliklerine garamak teklip edilýär.

Ykdysady meseleleri çözmäge täze çemeleşmeleri kesgitlemek ekologiýa ölçeginde bilelikdäki işleri kämilleşdirmek bilen gös-göni bagly bolup durýar. Şunda uzakmöhletleýin geljek üçin niýetlenen döwrebap çözgütleri gözläp tapmagyň we ornaşdyrmagyň ýoly bilen öňe gitmek dogry bolup durýar. ÝHHG-niň Toplumlaýyn Ekologiýa Maksatnamasy şeýle çemeleşmeleriň biri bolup bilerdi, ol tebigaty goramak babatda guramanyň ileri tutulýan ugurlaryny takyklamaga ýardam eder. 

Ýeri gelende ýatlasak, Türkmenistan ozal ÝHHG-niň döwrebap ekologiýa tehnologiýalar merkezini döretmek hakynda pikiri öňe sürdi. Onuň işi ekologiýa ulgamynda innowasion çözgütleri iş ýüzünde ulanmaga hem-de bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmaga gönükdirilip bilnerdi. Şeýle hem bu çemeleşme Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini Aşgabatda  açmak, BMG-niň Araly halas etmek boýunça ýörite maksatnamasyny we BMG-niň Suw strategiýasyny işläp taýýarlamak, Hazar deňzinde ekologiýa we tehnogen howpsuzlygy üpjün etmek üçin hyzmatdaşlygyň täsirli köptaraplaýyn usullaryny döretmek babatda möhüm başlangyçlarynda beýan edildi. 

Şeýlelikde, ÝHHG-niň Parlament Assambleýasyna gatnaşýan döwletleriň arasyndaky köp ugurly hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek we berkitmek üçin mäkäm syýasy hem-de hukuk şertlerini döretmek we ynanyşmagy berkitmek boýunça wezipeler aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Şol döwletleriň gatnaşyklary özara düşünişmäge we uly ynama esaslanýar.

Türkmen wekiliýetiniň ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň häzirki, hasap boýunça 15-nji gyşky mejlisine gatnaşmagy nobatdaky gezek ýurdumyzyň halkara işleriniň ähli ugurlary boýunça  giň hyzmatdaşlyk üçin açykdygyna, onuň ählumumy howpsuzlygyň durnukly ösüşiň maksatlarynda ýola goýlan netijeli gatnaşyklary dowam etmäge we hemmetaraplaýyn giňeltmäge taýýardygyna nobatdaky gezek şaýatlyk edýär. 

Degişli makalalar

Mejlis Batyr Atdaýewi Baş Prokuroryň Wezipesine Bellemäge Razylyk Berdi

turkmenhabargullugy

Täze Dostluk Howa Ýollary

turkmenhabargullugy

TÜRKMENISTANYŇ KONSTITUSIÝASY DOWAMY

syrach