6.9 C
Aşkabat
21.11.2024
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SAGLYK

Türkmenistana Hytaýyň “CoronaVac” Sanjymy Getirildi

Şu gün COVID-19 ýiti ýokanç keseline garşy Hytaýyň “Sinovac” kompaniýasy tarapyndan işlenilip taýýarlanylan “CoronaVac” waksinasynyň uly tapgyry Türkmenistana getirildi. Dünýäniň ençeme ýurtlarynda geçirilen kiliniki barlaglaryň netijesinde, bu waksina özüniň ýokary netijeliligini we howpsuzdygyny subut etdi.

Mälim bolşy ýaly, 6-njy maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda telefon arkaly geçirilen söhbetdeşligiň dowamynda lukmançylyk ulgamynda, hususan-da, dünýäni gurşap alan koronawirus ýokanjyna garşy bilelikde göreşmekde hyzmatdaşlyk etmegiň möhüm ugurlaryna garaldy.

Häzirki wagtda bu möhüm ugurda iki ýurduň gatnaşyklarynyň geljegini ara alyp maslahatlaşmak şu gün DIM-de Aşgabada iş sapary bilen gelen HHR-iň daşary işler ministriniň orunbasary Le Ýuýçen bilen geçirilen duşuşygyň çäklerinde hem dowam etdirildi.

Taraplar pandemiýa garşy durmakda özara meýillerini hem-de ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmegi we toplanan tejribäni alyşmagy maksat edinýändiklerini tassyklap, diňe bilelikdäki tagallalar hem-de utgaşykly hereketler netijesinde, bu ählumumy howpa garşy oňyn netijeleri gazanmagyň mümkin boljakdygyny bellediler.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça giň gerimli işler geçirilýär. “Türkmenistan– parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýen şygar astynda geçýän hem-de şanly senelere—mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna we Aşgabadyň 140 ýyllygyna beslenen şu ýylda milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde, hususan-da, keselleriň öňüni almakda uly üstünlikler gazanyldy.

Ýurdumyzda dürli görnüşli, ilkinji nobatda, ýokanç keselleri öňünden duýdurmak boýunça arassaçylyk–düşündiriş işleri yzygiderli geçirilýär. Şunda howply ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almagyň iň ygtybarly usuly sanjym geçirmek bolupdy, bu şeýle bolmagynda-da galýar. Munuň özi epidemiologiýa abadançylygyny saklamaga mümkinçilik berýär.

Immunizasiýa milli Liderimiz tarapyndan başy başlanan “Saglyk” döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň strategik ugurlarynyň biridir. Şol maksatnamanyň möhüm ileri tutulýan ugurlary ilatyň saglygyny gowulandyrmakdan, raýatlaryň ömür dowamlylygyny uzaltmakdan hem-de halkara ölçeglerine kybap gelýän lukmançylyk hyzmatlaryny hödürlemekden ybaratdyr.

Hytaýda öndüririp, ýurdumyza getirilen waksinalar Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezinde, şeýle hem Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gulluklarynda saklanýar. Şol ýerlerde olary saklamak üçin hemme zerur şertler döredildi.

Koronawirus pandemiýasy bilen baglylykda, ilatyň immun derejesini durnuklaşdyrmak üçin ýurdumyz eýýäm Russiýanyň “Sputnik V” we “EpiWakKorona”, şeýle hem Hytaý Halk Respublikasyndan “BIOwak” waksinalaryny alypdy.

Ýurdumyza getirilýän hemme waksinalar Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň we ÝUNISEF-iň tekliplerine pugta laýyklykda, “sowuklyk zynjyrynyň” talaplary berjaý edilmek bilen ammarlarda saklanylýar.

COVID-19-yň aralaşmagynyň öňüni almaga niýetlenen waksinalaryň ýeterlik mukdarynyň gelip gowuşmagy bilen baglylykda, ilatyň töwekgel ýaş toparlaryna sanjym geçirmek başlanyldy.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda sanjymlaryň elýeterliligini we ýokary hilini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan köptaraply işler ýurdumyzyň ilatynyň saglygyny ygtybarly gorap, durnukly immun derejäni üpjün etmäge mümkinçilik berer.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Halkara Žurnalistika Fakulteti

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti Jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

syrach

Türkmenistan Sebitiň Maglumat-Aragatnaşyk Ulgamynyň Möhüm Merkezine Öwrülýär

syrach