6.9 C
Aşkabat
22.11.2024
DURMUŞ

Türkmenistana Sebitiň Ýurtlarynyň Döwletara Toparynyň Ýolbaşçylygynyň Ygtyýarlyklary Berildi

Ýyldyz myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Durnukly ösüş boýunça döwletara komissiýasynyň (DÖDK) mejlisi geçirildi. Bu komissiýa daşky gurşawy goramak ulgamynda we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň durnukly ösüşi boýunça sebitleýin hyzmatdaşlygy utgaşdyrmagy we dolandyrmagy amala aşyrýar. Mejlisiň gün tertibiniň esasy meselesi sebitde iri halkara guramalary bilen ekologiýa meselesi babatda döwletara gatnaşyklaryny ösdürmegiň işjeň tarapdary bolup çykyş edýän Türkmenistana 2015-2016-njy ýyllarda DÖDK-niň ýolbaşçylyk ygtyýarlyklaryny bermekden ybaratdyr.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Pan Gi Munuň 13-nji iýunda Aşgabatda geçirilen ikitaraplaýyn gepleşiklerde bu meselä aýratyn üns bermegi şeýle hyzmatdaşlygyň örän möhümdigine güwä geçýär, şol gepleşikleriň barşynda ekologiýa meselesi ählumumy durnukly ösüşiň üýtgewsiz şerti hökmünde hyzmatdaşlygyň möhüm ugry hökmünde kesgitlenildi.

Mejlisiň işine gatnaşan köpsanly daşary ýurtly wekilleriň hatarynda Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň daşky gurşawy goramak we tebigatdan peýdalanmak baradaky döwlet düzümleriniň ýolbaşçylarynyň hem-de esasy hünärmenleriniň wekiliýetleri, halkara guramalarynyň – BMG-niň Ýewropa Ykdysady komissiýasynyň, BMG-niň daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Sebit ekologiýa merkeziniň, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça german jemgyýetiniň, Ýabany tebigatyň bütindünýä gaznasynyň we beýlekileriň wekilleri bar. 

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň DÖDK-niň Aşgabatda ýerleşýän Sekretariatynyň we ylmy – maglumatlar merkeziniň ýardam bermeginde geçirilýän bu mejlise  taýýarlyk görmegiň çäklerinde iki günüň dowamynda türkmen paýtagtynda DÖDK-niň  mejlisine gatnaşýan hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň çäklerinde hereket edýän ähli wekiliýetleriň bilermenleriniň we wekilleriniň gatnaşmagynda deslapky iş maslahaty geçirildi. 

Mejlisde Türkmenistanyň DÖDK-ä başlyklyk etmeginiň meýilnamasy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşky gurşawy goramak meseleleriniň tutuş toplumy boýunça hyzmatdaşlygy sebitde bar bolan we ýüze çykýan ekologiýa meselelerini çözmekde toplanylan oňyn tejribäniň esasynda mundan beýläk-de ösdürmegi hem-de pugtalandyrmagy, sebitiň ýurtlarynyň iri halkara guramalary, ozaly bilen BMG-niň, onuň daşky gurşawy goramak we durnukly ösüş ulgamynda ýöriteleşdirilen agentlikleri hem-de edaralary bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi göz öňünde tutýar.

Şunuň bilen baglylykda, mejlise gatnaşyjylar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn syýasaty netijesinde bu ulgamda uly sepgitlere ýetilendigini kanagatlanmak bilen belläp, Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden hem-de Rio-de-Žaneýro (Braziliýa) şäherinde geçirilen “Rio-20” Bütindünýä maslahaty, tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini peseltmek boýunça Sendaý (Ýaponiýa) şäherinde geçirilen Bütindünýä III maslahaty we Tegu şäherinde (Koreýa Respublikasy) geçirilen VII Bütindünýä suw maslahaty  ýaly iri halkara maslahatlarynda yglan edilen anyk başlangyçlaryny bellediler. Häzirki döwrüň emele gelen ýagdaýlary bilen baglylykda, Türkmenistanyň BMG-niň howandarlygynda ýöriteleşdirilen düzümi – Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek baradaky başlangyjy möhüm ähmiýete eýedir, merkeziň işi üçin türkmen tarapy Aşgabatda degişli düzümi bermäge taýýardyr. 

Şeýlelikde, DÖDK-niň çözgütleri bilen Türkmenistanyň üstüne ýurtlaryň howanyň üýtgemegi ulgamyndaky mümkinçiliklerine baha bermek boýunça sebit hyzmatdaşlygyny jebisleşdirmek wezipesiniň ýüklenilmegi kanunalaýyk ýagdaýdyr. Ýurdumyzda howanyň üýtgemegi bilen bagly Türkmenistanyň Milli strategiýasynyň kabul edilmeginiň çäklerinde Milli tokaý maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak hem-de onuň öňüni almak boýunça Milli meýilnama işlenip taýýarlanylýar, ol howanyň üýtgemeginiň öňüni almagyň we halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň oňa uýgunlaşmagy boýunça çäreleriň ähli ugurlaryny öz içine alar.

Türkmenistanyň DÖDK-de başlyklyk etmeginiň barşynda alyp barýan ähli işleri Merkezi Aziýanyň gaýtalanmajak daşky gurşawyny gorap saklamaga we tebigy serişdelerini rejeli peýdalanmaga, sebitiň halklarynyň ykdysady we durmuş taýdan ösüşine ýardam bermäge gönükdiriler.

Mejlisiň jemleri boýunça DÖDK-niň ygtyýarlyklarynyň çäklerinde daşky gurşawy goramak ulgamynda hyzmatdaşlygyň düzümleýin binýadyny  we hukuk   esaslaryny pugtalandyrmak boýunça tekliplerini durmuşa geçirmek boýunça Maksatnama tassyklanyldy, şeýle hem suw serişdelerini dolandyrmak hem-de suwuň hiline gözegçilik etmek ulgamynda, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri we “ýaşyl, ykdysadyýet” boýunça innowasiýa tehnologiýalary ornaşdyrmak howanyň üýtgemegi hem-de topragyň zaýalanmagy  bilen baglanyşykly meseleler boýunça başlangyçlar babatynda degişli çözgütler kabul edildi.

Mejlisiň ahyrynda DÖDK-niň döwletara toparynyň mejlisine gatnaşan daşary ýurtly wekiller hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen topragynda mähirli garşylanandygy, maslahatyň ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmäge berlen ýardam, sebit we ählumumy durnukly ösüşe hem-de özara hyzmatdaşlyga gönükdirilen oňyn daşary syýasat strategiýasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler. 

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Permana Gol Çekdi

Hazar-Dostluk we Hyzmatdaşlyk Deňzi

syrach

Türkmenistanda Saýlawlary we Sala Salşyklary

syrach