14.9 C
Aşkabat
21.11.2024
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ Iň Täze Habarlar YLYM

Türkmenistanda Ählumumy Gün Tertibi Boýunça Halkara Okuw Maslahaty Geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilmegini maliýeleşdirmek boýunça Halkara okuw maslahaty geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça geçirilen bu iri forum wideomaslahat görnüşinde guralyp, oňa BMG-niň Merkezi Aziýa ykdysadyýeti üçin Ýörite maksatnamasyna gatnaşyjy ýurtlaryň – Azerbaýjanyň, Owganystanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Türkmenistanyň maliýe düzümleriniň ýolbaşçylary, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň, onuň Ýewropa Ykdysady Komissiýasy, UNFPA, BMGÖM, ÝUNISEF ýaly düzümleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Şeýle hem Durnukly ösüş maksatlaryny maliýeleşdirmegiň milli gurallaryny utgaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga Halkara pul gaznasynyň, Bütindünýä bankynyň, Aziýanyň ösüş bankynyň, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň, Yslam ösüş bankynyň, Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň Merkezi Aziýada sebit ykdysady hyzmatdaşlyk edarasynyň Ýewropa toparynyň, ESKATO-nyň wekilleri gatnaşdylar.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça halkara okuw maslahatyny Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi ýurdumyzyň degişli ministrlikleri hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary, şeýle-de BMG-niň Ösuş maksatnamasy we beýleki agentlikler bilen bilelikde gurady. Bu çäräni geçirmekde Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisinde eýeleýän ornundan we Durnukly ösüşiň 17 maksatlarynyň ýerine ýetirilmegine gönükdirilen taslamalaryň hem-de maksatnamalaryň maliýe serişdeleri bilen üpjünçiliginiň ähmiýetinden gelip çykýan wezipelerden ugur alyndy.

Okuw maslahaty 2022-2023-nji ýyllar üçin bellenen ösüşi maliýeleşdirmek boýunça Ählumumy maslahata taýýarlygyň aralyk tapgyry we BMG-niň Baş sekretarynyň 2020-nji ýylda öňe süren başlangyjy esasynda Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça Hereketleriň on ýyllygynyň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan çäreleri durmuşa geçirmegiň möhüm bölegi bolup durýar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan dünýäde 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş boýunça Gün tertibini goldamaga doly gyzyklanma bildirýän ýurtlaryň ilkinjileriniň biridir. Şol bir wagtyň özünde ýurdumyzda Durnukly ösüş maksatlaryny millileşdirmek ýagdaýyna badalga berildi. Ol döwletimiziň uzak ýyllaryň dowamynda sazlaşykly we durnukly ösüşini üpjün etmegi nazarlaýar.

Bu gün Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň möhüm ugurlary hökmünde kesgitlenildi. Durnukly ösüş maksatlary döwlet syýasatyna doly uýgunlaşdyryldy hem-de wezipeleriň 85 göterimi ýurdumyzyň milli we pudaklaýyn maksatnamalarynda öz beýanyny tapdy.

Okuw maslahatynyň dowamynda düzümleýin mowzuk boýunça dört mejlis geçirildi. Şolaryň birinjisinde COVID-19 ýokanjynyň durmuş-ykdysady ösüşe ýaramaz täsirini peseltmekde halkara meselelerine goldaw bermegiň, ösüşi maliýeleşdirmek boýunça 2020-nji ýyl üçin EKOSOS-yň forumynyň jemlerine garaldy.

Onda makroykdysady syýasat üçin koronawirus ýokanjynyň makroykdysadyýete täsirine hem-de ýetiren zyýanyna baha berildi. 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynyň netijeleri hem-de 2018-nji ýylyň 20-21-nji iýunynda Aşgabatda geçirilen “Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde ösüşi maliýeleşdirmek üçin hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahatynyň jemleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Beýleki mejlisde pandemiýanyň ýaramaz täsirini peseltmek we maliýeleşdirmegiň utgaşdyrylan milli gurallaryny kemala getirmek boýunça sebitiň ýurtlarynyň tejribelerine garaldy hem-de seljerildi. Üçünji mejlisde pandemiýa zerarly ýüze çykan durmuş-ykdysady kynçylyklary ýeňip geçmekde sebit tagallalary we bu babatda halkara maliýe edaralarynyň orny hem-de olaryň strategiýasy we işi baradaky meseleler dowam etdirildi.
Dördünji mejlis Durnukly ösüş maksatlaryny maliýeleşdirmegiň sebit içi guralyna bagyşlanyldy.

Şeýle hem wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen maslahat sorag-jogap görnüşinde dowam etdi. Munuň özi maslahatyň mazmunyny has-da baýlaşdyrdy. Ara alyp maslahatlaşmalardan hem-de pikir alyşmalardan soňra COVID-19 ýokanjy zerarly emele gelen ykdysady, durmuş we maliýe häsiýetindäki kynçylyklary ýeňip geçmek boýunça milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlen nobatdaky bilelikdäki çäreler ylalaşyldy. Olar maslahata gatnaşyjylaryň jemleýji beýannamasynda berkidildi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary tarapyndan çagyrylan COVID-19 döwründe we ondan soňky döwürde ösüşi maliýeleşdirmek boýunça ýokary derejeli bu çäre hem pandemiýa şertlerinde durnukly ykdysady ösüşi goldamagyň ählumumy, sebit we milli ileri tutulýan ugurlarynyň sinergiýa meselelerine garamaga mümkinçilik berdi.

COVID-19 pandemiýasy zerarly emele gelen ykdysady çökgünligiň ählumumy derejede we hususan-da, SPEKA gatnaşýan ýurtlarda Durnukly ösüş maksatlaryny durnukly amala aşyrmak we maliýeleşdirmek üçin çynlakaý kynçylyklary döredip biljekdigi sebäpli, okuw maslahatyna gatnaşyjylar çökgünligiň durmuş-ykdysady täsirlerini aradan aýyrmak we ilatyň kömege mätäç toparlaryny goldamak üçin gaýragoýulmasyz çäreleriň zerurdygyny bellediler. Şunda gürrüň olary durmuş üpjünçiligi taýdan goldamak maksatnamalaryny giňeltmek, saglygy goraýyş, bilim we beýleki ulgamlara maýa goýumlaryny gönükdirmek barada barýar.

Söwda we ulag ulgamlarynda hukuk gurallaryny, kadalaryny, standartlaryny we BMG-niň maslahatlaryny peýdalanmak we şol bir wagtda SPEKA ýurtlarynda özara baglanyşygyny güýçlendirmek bilen päsgelçilikleri azaltmak boýunça Aşgabatda öňe sürlen başlangyja eýerip, şu gezekki foruma gatnaşyjylar harytlaryň iberilişiniň yzygiderliligini üpjün etmek üçin halkara ulag kommunikasiýlarynyň ösdürilmegine aýratyn üns berdiler, munuň özi milli ykdysadyýetleriň, aýratyn-da, deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň ykdysadyýetleriniň çalt dikeldilmegine ýardam berer.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan adatdan daşary ýagdaýlarda durnukly we ygtybarly halkara ulag gatnawlaryny üpjün etmegiň hukuk gurallaryny döretmek, şeýle hem deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag ministrleriniň Halkara maslahatyny geçirmek boýunça başlangyjy goldanyldy.

BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasy tarapyndan maliýeleşdirmegiň sebitara guraly hökmünde Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasynyň Maksatlaýyn gaznasyny döretmek meselesi boýunça geçirilen geňeşmeleriň netijelerini maglumat hökmünde kabul edip, maslahata gatnaşyjylar şeýle gaznany döretmegiň dürli usullaryna garamaga gyzyklanmalaryny beýan edip, halkara maliýe edaralaryny we hususy bölegi şeýle geňeşmeleriň geljekki tapgyrlaryna goşulyşmaga çagyrdylar.

Duşuşyga gatnaşyjylar şu gezekki Halkara okuw maslahatyny geçirmek baradaky başlangyjy üçin Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edip, onuň netijeleriniň ýakyn ýyllarda Ösüşi maliýeleşdirmek boýunça ählumumy derejede maslahaty geçirmek üçin oňat binýat boljakdygyny bellediler.

* * *
Şu gün BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterreşiň howandarlygynda geçirilen ýokary derejeli maslahat hem bu meselä – aýratyn howply ýokanç keseliň pandemiýasy bilen baglanyşykly ählumumy ösüşi üpjün etmegi maliýeleşdirmek meselelerine bagyşlandy, oňa wideoaragatnaşyk arkaly ýurdumyzyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Duşuşykda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýäniň ýurtlarynyň parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmagyň, häzirki ählumumy çökgünligi ýeňip geçmegiň we ykdysady, ekologiýa, durmuş hem-de ynsanperwerlik ösüşi üpjün etmegiň bähbidine has ýakyn köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň zerurdygy barada aýdanlary ara alnyp maslahatlaşyldy. TDH

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Lýuksemburgdaky Ilçisi Ynanç Hatlaryny Gowşurdy

turkmenhabargullugy

Birža Täzelikleri

OPEC+ Ýurtlary Ýanwar Aýynda Nebitiň Çykarylyşyny 34 Göterim Azaltdylar

turkmenhabargullugy