6.9 C
Aşkabat
22.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanda Awstraliýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işläp başlady.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa Awstraliýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Pol Endrýu Maýlerden ynanyç hatyny kabul etdi.

Döwlet Baştutanynyň adyndan milli parlamentiň ýolbaşçysy myhmany jogapkärli diplomatik wezipä bellenmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmekde üstünlik arzuw etdi. Ýagşy arzuwlar üçin hoşallyk bildirip, ilçi öz gezeginde Awstraliýa Bileleşiginiň general – gubernatory hanym Kwentin Braýsyň Türkmenistanyň Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli sözlerini ýetirdi we Türkmenistanyň ähli halkyna we milli Liderine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Söhbetdeşligiň barşynda ilçi Türkmenistanyň syýasatynyň möhüm ugurlary, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän iri möçberli özgertmeleriň esasy maksady we wezipeleri bilen tanyşdyryldy. Giň gerimli özgertmeler maksatnamalary milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşine, durmuş ulgamynyň kämilleşdirilmegine we türkmenistanlylaryň durmuş derejesiniň mundan beýläk-de ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir diýlip bellenildi. Duşuşykda gozgalan meseleleriň ýene biri türkmen halkynyň taryhy we medeni däpleri barada boldy. Şeýle hem diplomat türkmen parlamentiniň köptaraplaýyn işi hem-de onuň gurluşy, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň kanunçykarjylyk hukuk binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak işleriniň alnyp barlyşy bilen tanyşdyryldy.

pikir alyşmagyň çäklerinde türkmen-awstraliýa hyzmatdaşlygynyň geljegi barada pikir alyşmagyň barşynda duşuşyga gatnaşyjylar söwda-ykdysady ulgamda, ýangyç-energetika toplumynda we beýleki pudaklarda özara gatnaşyk etmegiň bar bolan ägirt uly kuwwatyny bellediler. Şeýle hem ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk etmegiň möhümdigi bellenip geçildi. Iki ýurduň arasynda işjeň gatnaşyklary giňeltmek maksady bilen ýygjam parlamentara gatnaşyklary ýola goýmak barada teklip aýdyldy.

* * *

Şu gün Awstraliýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtýarly ilçisi jenap Pol Endrýu Maýleriň Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde duşuşygy boldy. Onuň barşynda türkmen-awstraliýa gatnaşyklaryny uzakmöhletleýin esasda ösdürmäge taraplaryň gyzyklanýandygy bellenip geçildi.

Ilçiniň Türkmenistanda bolmagynyň maksatnamasynyň çäklerinde Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginde hem-de Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministrliginde duşuşyklaryň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Olarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň geljeginiň mümkinçilikleri maslahatlaşylar.

Myhman şeýle hem türkmen paýtagtynyň gözellikleri bilen tanşar we Türkmenistanyň Baş milli muzeýine hem-de Türkmen halysynyň milli muzeýine baryp görer.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Metbugat Wekillerine Ýüzlenmesi

syrach

Ýurdumyzyň bagtly çagalary.

syrach

Syýahatçylyk Diplomatiýasy

syrach