8.9 C
Aşkabat
22.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanda Awstriýa Respublikasynyň ilçisi işläp başlady.

Döwlet Baştutanymyzyň adyndan milli parlamentiň ýolbaşçysy myhmany ýokary diplomatik wezipesine bellenilmegi bilen gutlap, Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny we köpugurly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Öz nobatynda, myhman hoşniýetli arzuwlar üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidentine öz ýurdunyň ýolbaşçylarynyň mähirli salamyny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Ilçiniň nygtaýşy ýaly, Awstriýada iki ýurduň arasyndaky dostluk we oňyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ýokary baha berilýär. Şu gün Aşgabatda geçirilýän türkmen-awstriýa bilelikdäki toparyň nobatdaky mejlisi hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Duşuşygyň barşynda diplomat Garaşsyz Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, türkmen döwletiniň Baştutanynyň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan özgertmeleriň barşy, şeýle hem iri halkara taslamalarynyň durmuşa geçirilişi bilen jikme-jik tanyşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan amala aşyrylýan, türkmenistanlylaryň abadançylygyny we maddy hal-ýagdaýyny yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilen durmuş syýasatyna aýratyn üns berildi. Awstriýaly diplomat şeýle hem türkmen parlamentiniň düzümi we köpugurly işi bilen tanyşdyryldy.

Söwda-ykdysady we ýangyç-energetika ulgamynda, ylym we ýokary tehnologiýalar babatda, saglygy goraýyşda we syýahatçylykda hyzmatdaşlyk etmek iki ýurduň gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Döwletara derejesinde, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda Ýewropa Bileleşiginiň we beýleki abraýly halkara guramalarynyň hem-de düzümleriniň ugry boýunça Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigi, şeýle hem parlamentara gatnaşyklaryny giňeltmek we iki halkyň arasyndaky dostluk we özara düşünişmek ýagdaýyny pugtalandyrmaga ýardam edýän medeni gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda jenap Wolfgang Banýaý öz ýurdunyň Türkmenistandaky doly ygtyýarly wekili hökmünde iki halkyň we döwletiň uzakmöhletleýin bähbitlerine laýyk gelýän köpugurly we netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge işjeň ýardam etjekdigine ynandyrdy.

Degişli makalalar

Ýolagçylaryň Dykgatyna, Syýahat Düzgünlerinde Üýtgeşmeler!

Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Saýlanan Prezidentini Gutlady

Türkmenistan – Gazagystan; Dost-doganlyk gatnaşyklary pugtalanýar.

syrach