Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa Bangladeş Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Majibur Rahman Bhuýandan ynanç hatyny kabul etdi.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de iki döwletiň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Jenap Majibur Rahman Bhuýan hoşniýetli arzuwlar üçin hoşallyk bildirip, öz ýurdunyň ýokary ýolbaşçylaryndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salam ýetirdi hem-de Bangladeşiň doly ygtyýarly wekili hökmünde döwletara gatnaşyklaryny ösdürmek üçin ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.
Söhbetdeşligiň barşynda ilçä Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, ýurdumyzda döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça hem-de ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeler we iri möçberli taslamalar, şol sanda baş maksady türkmenistanlylaryň, tutuş sebitiň halklarynyň abadançylygyny gazanmakdan ybarat bolan transmilli taslamalar barada gürrüň berildi.
Diplomat gadymy türkmen topragynda bolup geçýän ägirt uly özgertmelere tüýs ýürekden guwanýandygyny aýdyp, Bitaraplygyň parahatçylyk dörediji kuwwatyny ählumumy bähbitlere gönükdirmäge ýardam edýän döwletimiziň belent halkara abraýa eýedigini aýratyn belledi. Muňa bu gün ykdysady ösüşiň depginleri boýunça dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň biri hökmünde tanalýan Türkmenistanyň üstünlikleri hem şaýatlyk edýär.
Şunuň bilen baglylykda, doly möçberli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanma bildirilýändigi bellenildi. Munuň üçin bolsa giň mümkinçilikler bar. Şeýle hem medeni-ynsanperwer ulgamda, syýahatçylyk we sport babatda has ysnyşykly gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna iki ýurduň gyzyklanma bildirýändigi nygtaldy.
Türkmen parlamentiniň kanunçykaryjylyk işiniň esasy ugurlary, bu ulgamda halkara aragatnaşyklaryny ýola goýmagyň oňyn tejribesi söhbetdeşligiň aýratyn meselesi boldy.
***
Şu gün Bangladeşiň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde hem kabul edildi. Bu ýerde häzirki ýagdaýlara we özara bähbitlere kybap gelýän ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek meseleleri boýunça netijeli pikir alyşmalar boldy.
Diplomat Aşgabatda bolmagynyň çäklerinde ministrlikleriň we pudak edaralarynyň birnäçesinde duşuşyklary geçirer, muzeýler hem-de paýtagtymyzyň gözel ýerleri bilen tanşar.