Türkmenistanda birleşdirilen töleg ulgamy işe girizildi. Hereket edýän töleg ulgamynyň prosessing merkezleriniň integrirlenmegi netijesinde ol maliýe amallary ýerine ýetirilende ýokary oňaýlyklary we çalt geçirmekligi üpjün eder.
Bütewi töleg ulgamynyň ornaşdyrylmagy bilen, plastika kartlarynyň ähli görnüşleriniň eýeleri plastika kartlarynyň haýsy banka degişlidigine garamazdan, olary ýurduň islendik bankomatynda we töleg terminallarynda päsgelçiliksiz ulanyp bilerler.
Prosessing merkezleri birleşdirilmezinden ozal ýurtda Altyn asyr lokal töleg ulgamy, şeýle hem MILLIKART we VISA halkara kartlaryna hyzmat edýän Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň ulgamy hereket edýärdi.
Plastika kartlaryna diňe ygtyýary bolan banklar tarapyndan hyzmat edilerdi. Bu bolsa ulanyjylara nagt däl maliýe amallaryny geçirmekde kynçylyklary döredýädi. Indi bolsa bu zatlar yzda galdy.
Birleşdirilen töleg ulgamynyň ornaşdyrylmagy bilen, müşderilere tehniki we maglumat taýdan goldaw berýän gije-gündizleýin işleýän Call-merkezi döredildi. Onuň ilkinji wezipesi ony peýdalanyjylara amatlyklary döretmek we ýokary hilli hyzmatlary etmekden ybarat bolup durýar. Ýurtda bankomatlaryň sany 401-e ýetdi, töleg terminallarynyň sany bolsa 812-ä ýetdi. Bankomatlaryň we terminallaryň toruny çalt depginler bilen giňeltmek boýunça işler alnyp barylýar.
Bu alnyp barylýan işleriň esasy maksady ýurduň raýatlaryna we onuň myhmanlaryna söwda nokatlarynda we kärhanalarda edilýän hyzmatlary päsgelçiliksiz amala aşyrmakdan ybaratdyr. Bu esasan hem Aşgabatda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlarynyň öňisyrasynda uly ähmiýete eýedir.