Paýtagtymyzdaky Olimpiýa stadionynda her ýylda geçirilýän Bütindünýä ýeňil atletika gününiň çäklerinde köpçülikleýin ýaryşlar guraldy, oňa ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň wekilleri gatnaşdylar. Bu çäräni ýurdumyzyň Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komiteti we Türkmenistanyň Milli ýeňil atletika merkezi degişli höweşjeňler federasiýasynyň Halkara assosiasiýasynyň ýardam bermeginde ýurdumyzyň ýygyndy toparyna ussat türgenleri seçip almak maksady bilen guradylar.
Mälim bolşy ýaly, Bütindünýä ýeňil atletika gününi her ýylda geçirmek baradaky çözgüt höweşjeňler federasiýasynyň Halkara assosiasiýasy tarapyndan 1990-njy ýylyň ortalarynda kabul edildi. Assosiasiýanyň hemişelik agzasy bolup durýan Türkmenistanda bu sport baýramçylygy yzygiderli bellenilýär.
Bütindünýä ýeňil atletika gününiň çäklerinde şu ýylky guralýan ýaryşlar ýetginjekleriň we gyzlaryň arasynda iki günläp geçirilýär.
Şu gün bäsleşigiň iň körpe gatnaşyjylary päsgelçilikli 50 hem-de 100 metr aralyk düz ylgaw ýodasynda bolsa 60 metr aralyk boýunça güýç synanyşdyar. Ýetginjekler bolsa päsgelçilikli 100 hem-de 110 metr aralayk boýunça ýaryşa goşuldylar. Olar düz ylgaw ýodasynda 100, 400 we 1500 metr aralyga güýç synanyşdylar. Şeýle hem agyrlyk iteklemek we disk zyňmak hem-de bökmek boýunça ýaryşlar guraldy.
Ertir bäsleşikler beýleki ylgaw ýodalarynda hem-de uzynlygyna bökmek boýunça geçiriler. Ýaryşlarda ýeňiş gazananlara höwesjeňler federasiýasynyň Halkara assosiasiýasynyň ýadygärlik baýraklary we diplomlar gowşurylar. Bäsleşikleriň jemi boýunça ýokary netije gazananlar öňde boljak dürli halkara ýaryşlaryna gatnaşmak üçin ýurdumyzyň ýygyndy toparyna seçilip alnar.
referans: www.turkmenistan.gov.tm