8.9 C
Aşkabat
22.11.2024
TEHNOLOGİÝA

Türkmenistanda Döwletara sergisi.

“GDA-nyň 20 ýyllygy: hyzmatdaşlygyň täze gözýetimlerine” atly ýubileý döwletara sergisi öz işini tamamlady. Ol ýerde Türkmenistan bu iri gözden geçirilişde üstünliklere beslenen milli ekspozisiýasyny görkezdi.

Bütinrussiýa sergi merkeziniň iri bölümleriniň birinde alty günläp dowam eden hem-de Türkmenistan üçin öz mümkinçiliklerini we gazananlaryny görkezmekde diňe bir nobatdaky meýdança öwrülmän, bu ýere gelýän köpsanly adamlara biziň ýurdumyzda öndürilýän we döredilýän önümleriň iň gowularyny görmäge şert döredýän sergi işewür gatnaşyklaryň, peýdaly özara baglanyşygyň, tejribe alşylmagynyň giňeldilmegine ýardam etdi.

Türkmen bölümi ägirt uly sergi zalynyň merkezinde ýerleşmek bilen köp öwüşginliligi, milli bezegleri, sazlary hem-de hemme görkezilenleriň arasyndan “milli häsiýetliligi” arkaly ählumumy ünse eýe boldy.

Milli äheňleriň utgaşmagy esasynda dörän gözellik türkmen halkynyň taryhy gözbaşlary bilen çuňňur baglanyşygyny ýüze çykaryp, ýurdumyzyň häzirki ösüşiniň çäkleriniň, onuň ýeten belentlikleriniň we gazananlarynyň aýdyň ýüze çykmasyna öwrüldi. Serginiň hormatly myhmanlarynyň – GDA-nyň Ýerine Ýetiriji komitetiniň Başlygy Sergeý Lebedewiň, Russiýa Federasiýasynyň ykdysady ösüş we söwda ministri Elwira Nabiullinanyň, beýleki resmi adamlaryň, gatnaşyjy ýurtlaryň hökümetleriniň wekilleriniň biragyzdan belleýşi ýaly, Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň depginleri diňe bir haýran galdyrmak bilen çäklenmän, eýsem biziň ýurdumyzyň oňyn tejribeleriniň öwrenilmegine, uzakmöhletleýinlik, strategiki hyzmatdaşlyk esasynda döwletara gatnaşyklarynyň ösüşine gyzyklanmany artdyrýar.

Türkmen bölümine gelenler däbe öwrülen myhmansöýerlik we açyklyk bilen garşylandylar. Hemmeler üçin maslahatlaşmalaryň, tanyşdyryşlaryň, duşuşyklaryň geçirilmegini özünde jemleýän iş maksatnamasy taýýarlanyldy; giň köpçülik üçin tanyşdyryş – maglumat beriş gözden geçirilişler, ýurdumyzy şöhlelendirýän neşir, surat we wideomaglumatlar görkezildi.

Bu ýere gelip görenler ilkinji nobatda türkmen önüm öndürijileriniň önümleriniň ýokary hillidigini, ekspozisiýalaryň hemmesiniň öwüşginlidigini hem-de many-mazmunlydygyny, onuň köptaraplydygyny bellediler. Tutuşlygyna alnanda türkmen bölüminiň diwarlyklary dürli pudaklarda eksport we maýa goýum mümkinçilikleri, nebitgaz pudagyndan we oba senagatyndan başlap, syýahatçylyk we maglumat beriş tehnologiýalary ulgamlaryna çenli türkmen önüm öndürijileriniň bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli önümlerini özünde jemlemek bilen ýurdumyzyň häzirki zaman ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny aýdyň görkezdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň nygtaýşy ýaly, şu bölümde eýýäm golaý wagtda türkmen ykdysadyýetiniň netijeli herekete getirijileriniň biri boljak hususy ulgamyň saldamly işi görkezilýär.

Hemişe bolşy ýaly, türkmen halylary we ketenisi, adaty nagyşly milli lybaslary aýratyn üns merkezinde boldy. Galyberse-de bu ýerde ýüpek matanyň dokalyşyny, şeýle-de özboluşly toplumyň görkezilişinde şol matadan tikilen lybaslary ýakyndan synlamak mümkin boldy. Şonuň ýaly-da myhmanlara türkmen gawunynyň hem-de garpyzynyň, biziň bereketli topragymyzda ösüp ýetişýän beýleki datly miweleriň özboluşly tagamyna baha bermäge mümkinçilik döredildi. Türkmen dermanlyk otlary esasynda taýýarlanan fitoçaýyny dadyp görmek isleýänleriň sany hem örän köp boldy. Türkmen dokmasy, neşirýat önümleri, amaly-haşam sungatynyň ussatlarynyň işleri, telekeçileriň harytlary hem meşhurlyga eýe boldy. Gelenleriň her biri Türkmenistan bilen duşuşykdan galan ýatlama hökmünde saýlap alan owadan sowgatlygy bilen yzyna dolandy. Elbetde, özboluşly türkmen bölümleriniň diwarlyklarynyň öňünde surata düşmek hem köpleri gyzyklandyrdy. Dolulygyna milli gazanylanlarymyz hem-de buýsanjymyz –ahalteke bedewine bagyşlanan uly bolmadyk surat galereýasy türkmen ekspoziýiasynyň ýene-de bir özboluşly aýratynlygyna öwrüldi.

Serginiň işewür maksatnamasynyň çäklerinde netijeli duşuşyklar we gepleşikler, şol sanda türkmen – rus we rus-türkmen işewürler geňeşleriniň bilelikdäki mejlisi, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, şol sanda häzirki zaman tehnologiýalaryndan peýdalanmak bilen ýol-ulag infrastrukturasynyň desgalarynyň gurluşygyna gatnaşmak, “Skolkowo” gaznasy bilen bilelikde Russiýada we Türkmenistanda dikeldilýän–gün energiýasyny almak tehnologiýalaryna degişlilikde innowasion önümçiligi döretmek boýunça özara peýdaly işewür pikir alyşmalary geçirildi.

Türkmen wekiliýetiniň agzalary azyk howpsuzlygynyň meselelerine bagyşlanan maslahata hem-de Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň işjeň ugurlaryny we netijelerini açyp görkezýän täsirli hem-de baý many-mazmuna eýe bolan nutuklaryň hödürlenen innowasion maslahatynyň işine gatnaşdylar. Ýokary hilli we howpsuz azyk önümleriniň bolçulygyny üpjün etmek, kämil işewür bileleşigi ösdürmek, onuň hukuk goraglylygy hem-de döwletler bilen netijeli özara gatnaşygy ýaly meseleler bu gün Arkalaşygyň hemme ýurtlary üçin adatdan daşary wajypdyr. Şonuň üçin hem Türkmenistanyň bu ulgamdaky tejribesi we oňyn işläp taýýarlamalary maslahata gatnaşyjylar üçin amaly nukdaýnazardan gyzykly we peýdaly boldy.

Türkmenistanyň baýramçylyk meýilnamasy sergide, tanyşdyryşda hem-de çäräniň aýdym-saz meýdançalarynda milli röwüşdäki moda lybaslarynyň görkezilişini hem-de türkmen artistleriniň: milli we halkara bäsleşikleriniň ýeňijileriniň, sungat ussatlarynyň we ýaş ýerine ýetirijileriniň, opera we estrada aýdymçylarynyň, bagşylaryň çykyşlaryny özünde jemledi. Serginiň çäklerinde geçirilen milli medeniýet festiwalynda türkmen döredijilik wekiliýeti öz düzümi taýdan köpsanlysy boldy. Onuň düzümine “Merdana” aýdym– saz topary hem-de tans toparlary girizildi. Milli saz gurallaryndaky özboluşly ýerine ýetiriliş, ajaýyp owazlar, özboluşly saz, türkmen halkynyň milli ruhuny şöhlelendirýän gadymy aýdymlaryň we sazlaryň şirin utgaşmasy, tansçy gyzlaryň owadanlygy we hereket gözelligi, öwüşginli lybaslar–bularyň hemmesi tomaşaçylaryň köpüsi üçin gadymy däp-dessurlary köp halklara mahsus bolmadyk ýagdaýda saklap galmagy başaran türkmen medeniýetiniň dünýäsini açmakda örän pursata öwrüldi.

Milli ekspozisiýanyň işiniň iň gyzgalaňly pursatynyň 29-njy iýunda geçirilen Türkmenistanyň gününiň bolandygyna garamazdan, şu günüň ikinji ýarymynda serginiň resmi ýapylyşyna çenli bu ýeri köp adamly boldy. “GDA-nyň 20 ýyllygy: hyzmatdaşlygyň täze gözýetimlerine” atly döwletara sergisiniň guramaçylarynyň adyndan oňa gatnaşyjylara diplomlar we sertifikatlar gowşuryldy.

Döwletara sergide ýurdumyza wekilçilik edýän türkmen wekiliýetiniň agzalary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda dostlukly ykdysady hem-de gumanitar halkara gatnaşyklarynyň, şol sanda GDA-nyň ýurtlary bilen ösdürilmegine berilýän üns we hemmetaraplaýyn goldaw üçin hoşallyk bildirilýär.

Serginiň işiniň ahyrynda açyk sahnada çärä gatnaşyjy ýurtlaryň hemmesiniň döredijilik toparlarynyň we çagyrylan ýyldyzlaryň gatnaşmaklarynda gala konsert boldy. Şu aýdym-sazly çykyşda türkmen artistleri öz zehinleri we ussatlyklary, ylham-joşguny hem-de döredijilik başarjaňlyklary bilen tomaşaçylary haýran galdyrdylar. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Birleşen Hereketlendiriji Gurluşyk Korporasiýasy Energetika Boýunça Iň Täze Güýç Desgalaryny Türkmenistana Getirer

turkmenhabargullugy

Gurluşykçy hünäri buýsançly kär!

syrach

Informasiýanyň mukdary we ölçeg birlikleri.

syrach