Şu günden başlap Türkmenistanda ekologik howpsuzlyk hakyndaky kanun güýje girdi. Ol adamyň we jemgyýetiň möhüm gyzyklanmalaryny üpjün etmäge, daşky gurşawy adam we tebigat täsiri netijesinde ýüze çykýan howplardan goramaga gönükdirilendir.
Milli ekologiýa howpsuzlygyny döretmek we saklamak kanunda durnukly durmuş-ykdysady ösüş strategiýasyny durmuşa geçirmegiň zerur şerti hökmünde kesgitlenildi.
Döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüni dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň degişli territoriýalarda ekologiki howpsuzlyga jogapkärçiligi kesgitlenildi.
Täze hukuk resminamasynda ýokary ekologik howpuň çeşmesi bolup durýan kärhanalaryň we önümçilikleriň hökmany raýatlyk ätiýaçlandyryş jogapkärçiligi berkidildi.
Kanunda hojalyk we beýleki işiň ekologik auditiniň garaşsyzlygy, şeýle hem daşky gurşawa, ilatyň saglygyna ýetirilen zyýanyň netijesinde ýüze çykan zyýanyň öwezini dolmagyň hökmanylygy bellenildi.
Kanun ekologik howpsuzlygy şahsyýetiň, jemgyýetiň we döwletiň howpsuzlygynyň esasy düzüjisi hökmünde, raýatlaryň abadan durmuşa we daşky gurşawyň abatlygyna hem-de öz ýaşaýan ýerleriniň ekologik howpsuzlygynyň ýagdaýy baradaky maglumaty bilmäge bolan hukugyny beýan edýär.
Ekologik howpsuzlyk ulgamynda telekeçilik işine salgyt salmak we beýleki ýeňillikleri girizmek arkaly döwlet tarapyndan goldamak kepillendirilýär.
Kanunyň birnäçe maddalary ekologik howpsuzlygyň döwlet ekspertizasyna, himiýa we nebithimiýa önümçilikleriniň, maşyngurluşyk we elektroenergetika senagatynyň, prosesleriň, işleriň we hyzmatlaryň önümlerini sertifikatlaşdyrmaklyga bagyşlanandyr.
Üstesine, bu topara degişli öndüriji-döwletiň ekologik howpsuzlyk şahadatnamasy we harytlyk belgisi bolan Türkmenistana import edilýän önümler hökmany suratda barabarlyk şahadatnamalaşdyrma prosesini geçmeli.