6.9 C
Aşkabat
22.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanda energiýa howpsuzlygyna täze çemeleşmeler ara alnyp maslahatlaşylýar.

türkmen paýtagtynda Energetika Hartiýasynyň “Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi” atly maslahat geçirildi. Onuň açylyşyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. 

Şu günki ýokary derejedäki duşuşygyň guralmagy—bu türkmen döwletiniň Baştutanynyň halkara energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmäge we pugtalandyrmaga, dünýä energetikasyny ösdürmegiň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin hil taýdan täze meýdançany döretmäge, Türkmenistanyň başyny başlan we BMG-niň Bas Assambleýasy tarapyndan kabul edilen degişli Rezolýusiýany iş ýüzünde durmuşa geçirmek babatda ählumumy durnukly ösüşiň möhüm şerti hökmünde ählumumy energiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen başlangyjydyr. Dünýäniň onlarça ýurdy şol Rezolýusiýanyň awtordaşlary bolup çykyş etdi. 

Türkmenistan özüniň ägirt uly serişdeler kuwwatyny tutuş adamzadyň hyzmatyna goýmaga çalyşmak bilen, bu ugurda anyk ädimleri ädip, ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmak we energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň ugurlaryny diwersifikasýaşdyrmak ýörelgelerine esaslanýan syýasaty durmuşa geçirýär. Soňky ýyllarda ýurdumyzda ýangyç-energetika serişdeleriniň öndürilişiniň we çykarylyşynyň depgini ep-esli ýokarlandyryldy, energiýa serişdelerini ibermegiň ýollary hem diwersifikasiýalaşdyrylýar. Şunda dünýä bazarlaryna energiýa serişdelerini ibermekde Türkmenistanyň orny barha ýokarlanýar we köp babatda onuň geosyýasy täsiriniň derejesini kesgitleýär. 

Energetika meseleleriniň ählumumy häsiýete eýe bolmagy energetika ugruny türkmen diplomatiýasynyň möhüm ulgamlarynyň hataryna çykardy. Energiýa serişdelerini uly möçberde iberýän ýurt hökmünde Türkmenistanyň halkara energiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge gatnaşmagy onuň möhüm ugruna öwrüldi. 

Kuwwatly energetika döwleti hökmünde Türkmenistan ägirt uly çig mal serişdeleriniň jemlenmegi netijesinde däl-de, eýsem, ýokary tehnologiýalara eýe bolmak, netijeli halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmaga çalyşmagy netijesinde orta çykdy. Dünýäniň ýurtlaryny energiýa bilen adalatly üpjün etmäge, önüm öndüriji, üstaşyr geçiriji we sarp ediji ýurtlar hökmünde bähbitleriň deňagramlylygyna degişli türkmen başlangyjy bu hyzmatdaşlykda möhüm ädim boldy. Köp babatda hut şeýle çemeleşme Ýer ýüzünde biziň geljegimize aýdyň ýol açar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär. BMG-niň Bas Assambleýasynyň belent münberinden beýan edilen bu garaýyşlar dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna mynasyp boldy. 

BMG-niň Baş Assambleýasy ýurdumyzyň öňe süren we Milletler Bileleşigine agza döwletler tarapyndan goldanan “Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty” hakyndaky Rezolýusiýany kabul etdi. Türkmenistanyň baý uglewodorod serişdelerini dünýäniň energetika howpsuzlygynyň hyzmatyna goýmaga taýýardygy daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ünsüni we gyzyklanmasyny barha artdyrýar. Türkmenistan gyzyklanma bildirýän barha täze ýurtlary we kompaniýalary özara bähbitlilik esasynda hyzmatdaşlyga çagyrýar, täze bazarlara çykmaga çalyşýar, energiýa serişdelerini sarp edijilere üstaşyr geçirmekde töwekgelçilikleriň derejesini peseltmek ugrunda çykyş edýär. 



Ýurdumyz gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen netijeli gatnaşyklary giňeldip, bu strategiki ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge saldamly goşant goşýar, şol sanda iri forumlary geçirmek teklipleri bilen çykyş edýär. Şeýle forumlaryň birnäçesi eýýäm Aşgabatda geçirildi. Ýurdumyz bu hyzmatdaşlyga gatnaşýanlaryň – daşary ýurtlaryň hökümet toparlarynyň wekilleriniň, döwlet we hususy kompaniýalaryň ýolbaşçylarynyň, hereket edýän we geljekki maýadarlaryň, abraýly bilermenleriň, geňeşçileriň we maliýe hünärmenleriniň arasynda gepleşikleri guraýar. 

2009-njy ýylda Aşgabatda ýokary derejedäki halkara maslahaty geçirildi. Onuň gün tertibine turbageçirijileriň howpsuzlygyny gazanmak we energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ygtybarly ibermek bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Foruma hökümet guramalarynyň wekilleri, esasy kompaniýalaryň we şereketleriň, banklaryň ýolbaşçylary, maýadarlar we halkara bilermenleri gatnaşdylar. Olar diňe bir energetika ulgamyndaky häzirki meseleleri çözmäge düýpli çemeleşmeleri ara alyp maslahatlaşmak bilen çäklenmän, eýsem, geljek üçin öz garaýyşlaryny ylalaşdylar. 

Türkmen paýtagty gepleşikler üçin halkara meýdançasyna öwrülýär. Bu ýerde energiýa serişdeleriniň ählumumy bazaryny ösdürmegiň, täze tehnologiýalary işläp taýýarlamagyň we ornaşdyrmagyň, ählumumy möçberde nebitgaz toplumyny ösdürmegiň ýollarynyň möhüm meselelerine garalýar. 2010-njy ýylyň aprelinde Aşgabatda Türkmenistanyň ilkinji Halkara gaz kongresi geçirildi. Onda “mawy ýangyjy” öndürijiler we sarp edijiler dünýäde energetika howpsuzlygynyň iň wajyp meselelerini çözmegiň ýollaryny gözlediler. Şol döwürden bäri bu kongres her ýyl geçirilip, özüniň gün tertibini has-da giňeltdi, ýurdumyzyň we dünýä energetikasynyň ösüş ulgamyndaky täze ugurlary hödürleýär. 

Her ýyl geçirilýän “Türkmenistanyň nebiti we gazy” atly Halkara sergisinde we onuň çäklerinde guralýan pudaklaýyn maslahatda hem energiýa serişdeleriniň ählumumy bazaryny ösdürmegiň ugurlary, bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygynyň hukuk esaslary ara alnyp maslahatlaşylýar. 

Häzirki wagtda köp ýurtlaryň dünýä energetikasyny kadalaşdyrmagyň institusional – hukuk ulgamynyň ählumumy strategiýasyny döretmäge ylalaşykly çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga gönükdirilen gepleşikleri täze ösüşe eýe bolýar. 

Soňky ýyllarda dünýäniň energetika ulgamynda giň möçberli özgerişlikler bolup geçýär. Bu özgerişlikler olaryň energetika strategiýalaryna düýpli üýtgetmeleri girizmegiň zerurlygy babatda hökümetleriň we iri işewürlik toparlarynyň öňünde täze talaplary goýýar. Çözgütleri kabul edýän Liderler dogry we anyk maglumatlaryň hem-de bilermenler maslahatlarynyň möhümdigine barha ýakyndan göz ýetirýärler. Energetika Hartiýasynyň howandarlygynda Aşgabatda şeýle wekilçilikli duşuşygyň geçirilmegi Türkmenistanyň halkara giňişliginde abraýynyň barha artýandygynyň we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän oňyn daşary syýasatynyň hemmeler tarapyndan goldanylýandygynyň nobatdaky aýdyň subutnamasydyr. Halkara energetika hyzmatldaşlygy bolsa şol syýasatyň möhüm ugry bolup durýar. Munuň özi hemişe işjeň orun eýeleýän hem-de bu ulgamda täze we netijeli çözgütleri gözlemäge gyzyklanma bildirýän Türkmenistanyň energetika diplomatiýasynyň dünýä işewürliginiň we bilermenler toparlarynyň arasynda uly seslenme döredýändiginiň ýene-de bir aýdyň görkezijisidir. 

“Oguzkent” myhmanhanasynyň uly zalynda geçirilen foruma abraýly halkara guramalarynyň, hususan-da, Energetika Hartiýasynyň Sekretariatynyň, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň, BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň, Bütindünýä söwda guramasynyň, Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň wekilleri, pudaklaýyn ministrlikleriň ýolbaşçylary, energetika kompaniýalarynyň, döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary, hünärmenleri we beýlekiler gatnaşdylar. 

Ýurtlaryň, şol sanda Russiýanyň, ABŞ-nyň, Türkiýäniň, Beýik Britaniýanyň, Hytaýyň, Horwatiýanyň, Belarusuň, Awstriýanyň, Şwesiýanyň, Norwegiýanyň, Wengriýanyň, Bolgariýanyň, Italiýanyň, Ýaponiýanyň, Latwiýanyň, Argentinanyň, Ermenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Owganystanyň, Eýranyň, Pakistanyň, Hindistanyň, Iordaniýanyň, Müsüriň, Sudanyň, Şri-Lankanyň, Butanyň, Nepalyň, Laosyň, Nigeriň, Kot-d’Iwuaryň we beýlekileriň giňden wekilçilik etmegi forumyň halkara derejesini doly tassyklady. 

Türkmen tarapyndan forumyň işine hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we beýlekiler gatnaşdylar. Maslahatyň açylyş dabarasyna ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary hem çagyryldy. 

Irden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Oguzkent” myhmanhanasyna geldi. Bu ýerde milli Liderimizi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary garşyladylar. 

Soňra döwlet Baştutanymyz bu ýerde Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary Urban Rusnagy kabul etdi. 

Halkara forumynyň banneriniň öňünde maslahata gatnaşýan wekiliýetleriň ýolbaşçylary bilen resmi taýdan surata düşmek dabarasy tamamlanandan soň, Uly zalda umumy mejlis geçirildi. Onda türkmen döwletiniň Baştutany çykyş etdi. 

Milli Liderimiz foruma gatnaşyjylara ýüzlenip, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkara gatnaşyklary ulgamynyň işjeň agzasy hökmünde, energetika boýunça hyzmatdaşlygy dünýä derejesinde ösdürmäge öz mynasyp goşandyny goşýandygyny, bu ugurda döwrüň derwaýys meselelerine degişli möhüm halkara başlangyçlaryny yzygiderli öňe sürýändigini belledi. 

Şu günki ýokary wekilçilikli maslahat hem bu aýdylanlaryň aýdyň subutnamasydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we daşary ýurtly myhmanlara — Energetika Hartiýasynyň maslahatyna gatnaşyjylara onuň işine, dünýä ähmiýetli möhüm wezipeleriň çözgüdini gözlemäge we ara alyp maslahatlaşmaga gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Şeýle giň wekilçilikli maslahatyň geçirilmegine biz Bitarap Watanymyza goýulýan örän uly hormat hökmünde garaýarys diýip, milli Liderimiz nygtady. 

Energetika pudagynda giňden we gyzyklanma bildirip hyzmatdaşlyk etmek XXI asyrda dünýädäki işleri durnukly we depginli alyp barmagyň esasy şerti bolup durýar. Bu işleriň geljekde nähili boljakdygy, energetika giňişliginiň haýsy ýörelgeler esasynda dörediljekdigi, onuň howpsuzlygy we durnukly ýagdaýy köp babatda uzak geljege niýetlenen ählumumy ösüşiň umumy ugurlaryny kesgitleýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Şunda döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde dünýä energetika bazaryna bäsleşik giňişligi we täsir ediş ulgamy hökmünde garamagyň aradan aýrylmalydygyny belledi. Şeýle çemeleşme indi häzirki zamanyň geosyýasy, ykdysady we durmuş hakykatyna, tehnologik taýdan ösen senagat döwrüniň ölçeglerine laýyk gelmeýär. 

Häzirki döwürde biziň öňümizde düýbünden täze usullary işläp taýýarlamak wezipesi durýar. Bu usullar ählumumy energiýa hyzmatdaşlygyna gatnaşyjylaryň ählisiniň bähbitlerini nazara almak esasynda dünýä ösüşiniň hereketlendiriji güýjüne öwürmelidir. Energiýa hyzmatdaşlygyna gatnaşyjylar tebigy serişdelere we ekologiýa jogapkärli hem-de aýawly garamalydyr. Energiýanyň çeşmeleri bolan serişdeleriň adalatly paýlanylmagyna we sarp edilmegine gönükdirilen giň jemgyýetçilik talaplaryny hasaba almalydyr. 

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ählumumy we bölünmez energetika howpsuzlygynyň häzirki döwrüň ileri tutulýan wezipesi bolup durýandygyny nygtady. Energetika howpsuzlygy energiýa serişdelerini öndürýän, iberýän hem-de sarp edýän ulgamy öz içine almalydyr. Şeýle toplumlaýyn çemeleşme biziň döwletimiziň energetika syýasatynyň esasyny düzýär. Bu bolsa, energetika pudagynda öňe süren tekliplerimiziň we iş ýüzündäki hereketlerimiziň mazmunyny hem-de ugruny kesgitleýär diýip, milli Liderimiz aýtdy. 

Biziň ýurdumyz dünýäde uglewodorod serişdelerini örän köp öndürýän döwletleriň biri bolup durýar. Şoňa görä-de, energetika howpsuzlygynyň meseleleri boýunça giň halkara gatnaşyklaryny ýola goýmak ugrunda yzygiderli çykyş edýär diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Energiýa serişdelerini dünýä bazaryna ibermegiň ygtybarly we goragly bolmagyny kepillendirmek barada Türkmenistanyň öňe süren başlangyçlaryna dünýäde barha oňat düşünilýär. 2008-nji we 2013-nji ýyllarda kabul edilen rezolýusiýalaryň Türkmenistan tarapyndan hödürlenen taslamalaryny Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň biragyzdan goldamagy bu aýdylanlara doly şaýatlyk edýär. Dünýäniň 70-den hem köp döwleti bu rezolýusiýalaryň awtordaşy bolup çykyş etdi diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. 

Häzirki döwürde BMG-niň bu ugurdaky täze halkara-hukuk resminamasyny işläp taýýarlamak boýunça halkara bilermenler toparyny döretmekde ilkinji ädimler ädilýär. Bu resminama ählumumy energetika giňişliginde işleri alyp barmagyň umumy ýörelgelerine eýerilmegini üpjün etmelidir. Täze resminamany işläp taýýarlajak bilermenler toparynyň birinji mejlisi ýakyn günlerde Aşgabatda geçiriler. 

Türkmen energiýa serişdeleriniň iberilmegini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça iş ýüzünde ädilýän anyk ädimler barada aýdyp, milli Liderimiz soňky ýyllarda Türkmenistandan Hytaýa gaz geçirijileriň üçüsiniň gurlandygyny belledi. Bu ugur boýunça gaz geçirijiniň dördünji şahasyny gurmaga hem taýýarlyk görülýär. 

Eýrana ikinji gaz geçirijiniň taslamasy üstünlikli durmuşa geçirildi. «Türkmenistan–Owganystan–Päkistan–Hindistan» gaz geçirijisiniň gurluşygyna taýýarlyk işleri tamamlandy we esasy görkezijileri ylalaşyldy. Ýakynda Aşgabatda bu gaz geçirijiniň gurluşygy boýunça Ýolbaşçy komitetiň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisde «TAPI Ltd.» konsorsiumynyň liderini kesgitlemek ugrunda halkara bäsleşigini yglan etmek barada karar kabul edildi. Indi bu taslamanyň ýakyn geljekde durmuşa geçiriljekdigine ynanýarys diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady. 

Türkmen energiýa serişdelerini günbatar ugry boýunça ibermegiň mümkinçiliklerine hem jikme-jik we gyzyklanma bilen seredilýär. Biziň energetika strategiýamyz energiýa geçirijileriň köp görnüşli we giň gerimli bolmagyna esaslanýar. Şeýle hem, halkara energetika işlerine gyzyklanmasy artýan ýurtlary barha köp çekmäge gönükdirilendir. Bu bolsa, döwletleriň we çäkleriň gurluşynyň haýsydyr bir emeli usulyny aňlatmaýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Bu ýerde gürrüň geoykdysadyýetiň anyk ýörelgeleri barada barýar. Energiýa serişdeleriniň diwersifikasiýa ýoly bilen iberilmegi, bu serişdeleriň goşmaça iberilýän ugurlarynyň gurulmagy ählumumy energiýa howpsuzlygynyň, dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň ähli ulgamynyň durnukly bolmagynyň aýgytly şertine öwrülýär. Bu gatnaşyklaryň bir taraply we gurluş taýdan utgaşyksyz bolmazlygyny kepillendirýär. Biziň pikirimizçe, energetikanyň durnukly bolmagy şu meselede jemlenendir diýip, milli Liderimimz aýtdy. 

Biziň ýurdumyz energiýa serişdeleriniň netijeli bolmagyna we energiýany tygşytlamaga, onuň dikeldilýän çeşmelerini peýdalanmaga aýratyn ähmiýet berýär. Bu meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy häzir halkara energetika gatnaşyklarynyň örän möhüm we sazlaşykly bölegi bolmalydyr diýip hasap edýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Ekologiýa meselelerine aýawly we uzak geljegi göz öňünde tutup çemeleşmek, tebigy gurşawy gorap saklamak häzirki döwrüň energetika pudagynyň öňünde duran ýene-de bir esasy wezipedir. Energetiki önümçilik we üstaşyr üpjünçilik ulgamlary döredilende innowasion tehnologiýalary we usullary ulanmak häzirki döwrüň talaby bolup durýar. Dünýäde uglewodorod serişdelerini ýokary ekologiýa talaplaryna laýyklykda çykarmak häzirki wagtda onuň netijeliligine baglydyr. 

Biziň umumy wezipämiz ekologiýa taýdan deňeçerligi gorap saklamak bilen, ykdysady bähbitleri we halkara hyzmatdaşlygyny utgaşdyrmakdan ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan energiýa serişdeleri çykarylanda ekologiýa howplaryny azaltmak üçin, halkara guramalary bilen mundan beýläk-de giň gerimli we işjeň hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyr. Biz önümçilik ulgamlaryna netijeli gorag tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga, häzirki zaman dolandyryş çözgütlerini ulanmaga çalyşýarys. Milli Liderimiz şeýle hem ýurdumyzda uglewodorod serişdelerini çykarmagyň usullarynyň häzirki wagtda iň ýokary ekologiýa ölçeglerine laýyk gelýändigini, degişli kadalaşdyryjy hukuk binýadynyň döredilendigini nygtady. 

Kabul edilen «Howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň Milli strategiýasy» ýurdumyzda önümçilik işiniň ähli esasy ugurlarynyň tapgyrlaýyn ekologiýa howpsuzlygynyň ölçeglerine laýyk getirilendigini aňladýar. Bu strategiýa ýokary tehnologiýaly pudaklary ileri tutup ösdürmegi maksat edinýär. Ýurdumyzyň ähli durmuş ulgamlarynyň kadaly işlemeginiň binýatlyk bölegi hökmünde «ýaşyl ykdysadyýeti» ösdürmek üçin şertleri döretmegi göz öňünde tutýar. Bu bolsa, ýangyç-energetika toplumynyň işine doly derejede degişlidir. Şu meselelere netijeli çemeleşýändigi we bu ugurda ýardam berýändigi üçin, biz halkara guramalaryna, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasyna, onuň ýöriteleşdirilen edaralaryna minnetdardyrys. Biz Energetika Hartiýasynyň çäklerinde örän ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyrys diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. 

Döwlet Baştutanymyz şu maslahatyň esasy meselesine — halkara energiýa geçirijileriniň ygtybarly we howpsuz bolmagy, energiýa serişdelerini ibermegiň ugurlarynyň hukuk taýdan goragly bolmagy meselesine ünsi çekip, bu mesele boýunça umumylykda kabul ederlikli hemmetaraplaýyn çemeleşmeleri işläp taýýarlamagyň möhümdiginiň barha aýdyň ýüze çykýandygyny belledi. Energiýa serişdelerini iberijileriň, üstaşyr geçirijileriň we sarp edijileriň arasynda aýdyň we üýtgewsiz gatnaşyklaryň zerurdygy belli bolýar. Şu mesele boýunça öz garaýyşlaryny beýan etmek bilen, Türkmenistan energiýa serişdeleriniň halkara derejesinde üstaşyr geçirilmegi deňhukukly we adalatly esasda amala aşyrylmalydyr, ykdysady we täjirçilik taýdan esaslandyrylan bolmalydyr diýen ýörelgeden ugur alýar. 

Biz energiýa serişdelerini ibermek meselesine syýasy äheň bermek ýol berilmesizdir diýip hasap edýäris. Şeýle usulyň ulanylmagyna döwletleriň arasyndaky gatnaşyklarda «üstaşyr geçirmekde hilegärlige ýol bermek» diýip düşünýäris. Energiýa serişdeleriniň üstaşyr iberilmegi üçin oýlanyşykly, ykdysady taýdan esaslandyrylan nyrhlary bellemegi hem zerur hasaplaýarys diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Bu ugurda biz Energetika Hartiýasy boýunça hyzmatdaşlarymyz bilen aýdyň kesgitlenen ýörelgeler esasynda gatnaşyk etmäge taýýardyrys. Biz ilki bilen üstaşyr geçirmegiň erkinlik ýörelgesini öňe sürýäris. Bu bolsa, Türkmenistanyň agzalan mesele boýunça garaýyşlaryna doly laýyk gelýär. 

Energetika «üçlüginiň» – energiýa serişdelerini öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň we sarp edijileriň strategik bähbitleriniň häzirki döwürde bäsleşige, gysga wagtlyk artykmaçlyga däl-de, uzak möhletli hyzmatdaşlyga baglydygyna ynanýarysdiýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. 

Ählumumy energetika bazarynda dereje bölünişigi, «uly» we «kiçi» gatnaşyjylar bolmaly däldir. Biziň ählimiz birek-birege deň derejede bagly we öz kanuny bähbitlerimiz esasynda, umumy maksatlar boýunça birleşen deňhukukly hyzmatdaşlar bolup durýarys. Hyzmatdaşlyga şeýle düşünmek bilen, biz dünýä energetika giňişliginde arkalaşykly hereket etmegiň bütewi kadalaryny we düzgünlerini döretmek ugrunda netijeli işleri alyp barmalydyrys. 

Häzirki döwürde dünýä ykdysadyýeti düýpli geostrategiki we gurluş taýdan ilerlemeleri başdan geçirýär. Örän köp adam mümkinçilikleri we senagat serişdeleri, tehnologik mümkinçilikleri, maýa goýum taýdan özüne çekiji bolan ösüşiň täze merkezleri emele gelýär, goşulyşýan giňişlikler döreýär. Bu üýtgeşmeler energiýa serişdelerini ibermegiň halkara ugurlaryna, olaryň geografiýa taýdan ýaýraýşyna barha artýan täsirini ýetirýär. Bu ýagdaýlar ählumumy energetika giňişliginiň hereketsiz gurluş däl-de, eýsem janly, üýtgäp duran hakykatdygyny görkezýär. 

Häzirki döwürde energiýa serişdelerini iberijiler bu serişdeleri ýerlemegiň täze bazarlaryny gözleýär. Şonuň bilen birlikde, sarp edijiler hem öz artýan talaplaryny kanagatlandyrmak üçin täze energiýa çeşmelerini gözleýär. Bu, aýratyn-da, ösüp barýän bazarlarda ýüze çykýar. Şeýlelikde, energiýa serişdelerini ibermegiň goşmaça ugurlarynyň döredilmegi deň derejede goşmaça çeşmeleriň elýeterli bolup durmalydygyny hem aňladýar. 

Energiýa serişdelerini iberijiler bilen sarp edijileriň şeýle arkalaşykly hereketi dogry diýip pikir edýärin. Dünýä bazaryna energiýa serişdelerini ibermegiň täze usuly döredilende bu meseläni göz öňünde tutmak zerurdyr. Bu meselede sarp edijä energiýa çeşmelerini päsgelçiliksiz we erkin saýlap almak hukugyny üpjün etmek esasy wezipe bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. 



Şunuň bilen baglylykda, iberilýän energiýa serişdeleri üçin nyrhlary kesgitlemek meselesi hem aýratyn uly ähmiýete eýe bolýar. Biz häzirki döwürde uglewodorod serişdeleriniň nyrhlarynyň hiç bir sebäpsiz, häli-şindi üýtgäp durýandygyny görýäris. Şeýle ýagdaý bu serişdeleri iberijileriň we sarp edijileriň gatnaşyklarynda oňaýsyz ýagdaýy döredýär, adalatsyz bäsleşigiň ýüze çykmagyna getirýär. Kähalatlarda bolsa, energiýa serişdeleriniň bikanun ýerlenmegine alyp barýar. Bu ýagdaýlaryň ählisi dünýä ykdysadyýetiniň umumy ýagdaýyna ýaramaz täsir edýär. 

Şeýle şertlerde uglewodorod serişdeleriniň durnukly nyrhlaryny saklamak boýunça halkara tagallalaryny birleşdirmek zerur bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi we döwletleriň, halkara maliýe edaralarynyň we energetika kompaniýalarynyň derejesinde ylalaşylan, jogapkärli çözgütleri kabul etmegiň möhüm ähmiýete eýe bolýandygyny nygtady. 

Türkmenistanyň garaýşy bu meselede berkdir we üýtgewsizdir. Biz energiýa serişdeleriniň hyrhlary adalatly, ykdysady taýdan esaslandyrylan, aýdyň we açyk ýörelgelere esaslanan bolmalydyr diýip hasap edýäris. Nyrhlaryň emeli ýagdaýda ýokarlandyrylmagyna ýa-da peseldilmegine, bu meselä syýasy äheň berilmegine, nyrhlar bilen bagly gizlin ylalaşyklara we ynsapsyzlyk edilmegine ýol bermek bolmaz. 

Dünýäniň energetika gorlary bütin adamzadyň baýlygydyr diýip, milli Liderimiz belledi. Häzirki döwürde bu serişdeler diňe bir ýangyç bolmak bilen çäklenmän, eýsem hojalyk gatnaşyklaryny ynamly ösdürmäge hem mümkinçilik berýär. Durnukly ösüşiň, adamlaryň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagyň, olaryň medeni ösüşe goşulmagynyň kepili bolup durýar. 

Häzirki döwürde dünýä ykdysadyýetiniň yzygiderli ösüşi energetika pudagynyň durnukly bolmagyna baglydyr. Bu bolsa, şol pudakda döwletleriň alyp barýan işlerinde täsirli, halkara hukugynyň ýörelgeleri esasynda berkidilen usullaryň möhümdigini aňladýar. Energetika babatda ählumumy özara gatnaşyklary düzgünleşdirýän berk, üýtgewsiz, ähli ugurlary öz içine alýan ýörelgeleriň emele getirilmeginiň zerurdygyny görkezýär. 

Energiýa serişdelerini ibermegiň üpjünçilik ulgamlarynyň howpsuzlygyny halkara derejesinde kepillendirmek örän möhüm ähmiýete eýedir. Türkmenistan bu maksada ýetmäge yzygiderli we anyk wezipelerden ugur alyp goşant goşup gelýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow energiýa serişdelerini ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirmek, energetika howpsuzlygynyň täze halkara-hukuk esaslaryny emele getirmek boýunça Türkmenistanyň başlangyçlarynyň tarapdarlarynyň we olara eýerýänleriň sanynyň dünýäde barha artýandygyny belläp, biziň hyzmatdaşlarymyzyň we pikirdeşlerimiziň arasynda Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropa Komissiýasy, birnäçe sebit guramalary ýaly iri we abraýly halkara guramalarynyň bardygyny nygtady. 

Biz öňe sürýän başlangyçlarymyzy we tekliplerimizi goldaýandyklary, amala aşyrylýan işlere oňyn we uly gyzyklanma bilen çemeleşýändikleri üçin, bu halkara guramalaryna minnetdarlyk bildirýäris. Biziň ýurdumyz bu guramalar bilen mundan beýläk-de ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. 

Häzirki döwürde Energetika Hartiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň alyp barýan hyzmatdaşlygy täze derejä çykýar. Biziň ýurdumyzyň 2017-nji ýyl üçin bu Guramanyň Başlyklygyna saýlanmagy aýdylanlara aýdyň şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Türkmenistanyň bu Gurama Başlyklyga hödürlenmegini goldandyklary üçin, Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary jenap Urban Rusnaga, Gurama agza döwletleriň ählisine minnetdarlyk bildirdi. Biz şeýle ýokary derejede we guramaçylykly iş alyp barmaga örän jogapkärli taýýarlyk görýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. 

Hormatly Prezidentimiz Energetika Hartiýasynyň dünýäniň energetika giňişliginde aragatnaşyklaryň netijeli, adalatly we sazlaşykly nusgasyny döretmek boýunça tagallalary birleşdirmekde örän möhüm ähmiýete eýe bolup biljekdigine we bolmalydygyna ynam bildirip, ýurdumyzyň bu işe ýardam bermäge taýýardygyny nygtady. 

Döwlet Baştutanymyz ýygnananlaryň ählisini Energetika Hartiýasynyň Aşgabat forumynyň işiniň başlanmagy bilen gutlap, duşuşyga gatnaşyjylara umumy pikirleri durmuşa geçirmegiň bähbidine netijeli işlemegi arzuw etdi. 

Türkmen Lideriniň çykyşy uly üns bilen diňlenildi we şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy. 

Soňra Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary jenap Urban Rusnaga söz berildi. 

Ilki bilen, belent mertebeli myhman hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Energetika Hartiýasynyň işiniň ýokary derejede guralandygy we oňa gatnaşýandygy, şeýle hem myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. 

Şu ýyl meniň daşary ýurtlara ilkinji saparym Türkmenistana boldy. Onuň barşynda çuňňur hormatlanylýan jenap Prezident bilen örän peýdaly hem-de netijeli duşuşyk geçirildi diýip, Urban Rusnak aýtdy. Şonda umumy maksatlaryň bähbidine has ysnyşykly gatnaşyk etmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol maksatlara ýetmekde türkmen döwleti Ýewraziýa giňişliginde iri önüm öndüriji we energiýa serişdelerini iberiji hökmünde saldamly goşant goşýar. 

Türkmenistan Energetika Hartiýasyny esaslandyran taraplaryň biridir. Biziň guramamyzyň döredilen döwründen bäri köp zatlar gazanyldy we ýokarda ýatlanylyp geçilen, şu ýylyň fewralynda geçirilen duşuşykda bilelikdäki işi dowam etdirmegiň täze ugurlary kesgitlenildi. Biz şeýle hem Türkmenistanyň Hartiýada netijeli başlyklyk etmegine umyt edýäris diýip, belent mertebeli myhman belledi. 

Hartiýa gatnaşýan döwletleriň energetika ulgamyny ösdürmekde gazanan üstünlikleri barada aýdyp, onuň ýolbaşçysy Türkmenistanda pudaga gönükdirilen ägirt uly maýa goýum serişdelerini oňat mysal hökmünde görkezdi. Köp işler edildi, ýene-de öňde uly işler garaşýar diýip, jenap Rusnak aýtdy we tagallalary güýçlendirmek üçin bar bolan kuwwatdan netijeli peýdalanmagyň zerurdygyny nygtady. 

Ol şeýle hem Bitarap Türkmenistanyň şu ugurda ählumumy meseleleri çözmekde öňbaşçynyň ornuny eýelemäge hyjuwlydygyna haýran galýandygyny belledi. Şoňa görä-de, ýylyň ahyrynda energetika hyzmatdaşlygynyň, şol sanda energiýa serişdeleriniň söwdasy, olaryň ugurlaryny we bazarlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak ulgamynda hyzmatdaşlygyň ösmegi bilen öňe sürülýän wezipeleri ara alyp maslahatlaşmagy dowam etmek üçin biziň bu ýere, Aşgabada gaýdyp gelmegimiz tötänden däldir. 

Energetika Hartiýasy üçin bu ýyl örän netijeli ýyl boldy. Munuň özi bu guramada başlyklyk etmegiň täze ulgamy bilen şertlendirilendir. Bu bolsa agza ýurtlaryň Hartiýanyň işine has işjeň çekilmegine ýardam etmelidir. Baş sekretar iki hepde mundan ozal Astanada Hartiýanyň ministrler mejlisiniň geçirilendigini belledi. Şeýle hem şol ýerde 2017-nji ýylda Türkmenistanyň Energetika Hartiýasyna başlyklyk etmegi barada çözgüt kabul edildi. 

Halkara Energetika Hartiýasynyň täze syýasy Jarnamasy hakyndaky ylalaşyk şu ýylyň uly üstünlikleriniň biri boldy. Biz ony 100 ýurduň wekilleri bilen ara alyp maslahatlaşdyk diýip, myhman sözüni dowam etdi. Indiki ýazda – 2015-nji ýylyň 20-21-nji maýynda bu Jarnama ministrler Konferensiýasy tarapyndan Gaagada (Niderlandlar) resmi taýdan kabul ediler. Biz şeýle hem Energetika Hartiýasynyň geografiki taýdan çägini giňeltmegi we ony dowerbaplaşdyrmagy göz öňünde tutýarys. Urban Rusnagyň belleýşi ýaly, ýurtlaryň giňden gatnaşmagy babatda Energetika Hartiýasynyň binýady täsindir. Bu gurama gatnaşýanlaryň hatarynda ösen ýurtlar hem, geçiş ykdysadyýetli ýurtlar hem, ösýän ýurtlar hem, energiýa serişdelerini öndürýän, sarp edýän we üstaşyr geçirýän ýurtlar hem bar. Olar energetika meselelerinde täze garaýyşlary getirdiler. Bu ara alyp maslahatlaşmalar 90-njy ýyllaryň başlaryndan energetika bazarynyň we syýasatynyň özgerendigini aýdyň görkezdi. 

Täze Jarnamada energetikanyň häzirki zaman meseleleri, maksatlary we hyzmatdaşlygyň ugurlary, şol sanda energetika bazarlarynyň ösüşi, amatly maýa goýum ýagdaýyna, ýokary tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, hususy-döwlet hyzmatdaşlygyna ýardam berlişi we elbetde, ekologiýa meseleleriniň çözülişi öz beýanyny tapdy. Energetika Hartiýasynyň ählumumy energiýa arhitekturasynda möhüm orun eýelejekdigine ynanýarys diýip, jenap Urban Rusnak aýtdy. 

Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary şu günki forumyň meselelerine geçip, onuň ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolan ýurtda geçirilýändigini belledi. Türkmenistan uglewodorod serişdeleriniň gorlary boýunça dünýäde 4-nji orny eýeleýär. Nebit we gaz serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmak, elektrik energiýasyny eksport etmek üçin zerur bolan düzüm – turbageçirijiler, esasy geçirijiler we ulgamlar zerurdyr. Energetika Hartiýasynyň ylalaşygy halkara maýa goýum ýagdaýyny döretmäge ählumumy çemeleşme bilen baglanyşyklydyr. Ol energetika gatnaşyklarynyň ähli taraplary üçin ýuridiki tarapdan borçly edýän kadalary hödürleýär. Elbetde, bu ylalaşyk turbageçirijileriň taslamalaryna ýardam etmekde möhüm orun eýeledi. Munuň özi hökümetara ylalaşyklarynyň köpüsinde resmileşdirildi. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň tutuş Ýewropa, Türkiýe, Günorta Kawkaz, Mongoliýa, Ýaponiýa bilen bilelikde Energetika Hartiýasynyň doly hukukly taraplary bolup durýandygy sebitiň energetika düzümine uly serişdeleri goýmak baradaky çözgüt kabul edilende maýadarlarda uly ynam döredýär. 

Energetika Hartiýasy oňa täze agzalaryň girmegi üçin açykdyr diýip, Urban Rusnak nygtady we häzirki wagtda şeýle mümkinçilikleriň Hytaý, Pakistan, Hindistan we beýleki ýurtlar, şol sanda Günorta-Gündogar Aziýanyň we Demirgazyk Afrikanyň ýurtlary bilen ara alnyp maslahatlaşylýandygyny belledi. 

Şeýle hem goşmaça üstaşyr Teswirnamany Kabul etmek boýunça işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda ol işjeň ara alnyp maslahatlaşylýar. Täze resminama üstaşyr geçirijileriň borçnamalaryny üpjün etmegiň hukuk guralyny kämilleşdirmäge gönükdirilendir. Şu günki forum we bilermenleriň ertirki duşuşygy ýaly ara alyp maslahatlaşmalaryň netijeleri bu başlangyçlary goldamak üçin örän wajypdyr diýip, Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary aýtdy. 



Ol şeýle hem foruma gatnaşyjylary energiýa serişdeleriniň iberilmeginde serhetleri geçmekde howpsuzlygyň kepilliklerini üpjün etmek, serhetýaka düzümleriň berk bolmagyny gazanmak ýaly möhüm meselelere hem üns bermegi foruma gatnaşyjylary çagyrdy. Şunuň bilen baglylykda, Urban Rusnak Energetika Hartiýasynyň maslahatynyň energiýa howpsuzlygynyň möhüm bölegi hökmünde has öňünden duýduryş guralyny işläp taýýarlamagy goldaýandygyny habar berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çuň manyly çykyşy üçin belent mertebeli myhmana minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynyň alyp barýan işine gatnaşmagy biziň daşary syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir we şeýle bolmagynda hem galýar diýip belledi. Biz Energetika Hartiýasynyň çäklerinde amala aşyrylýan hyzmatdaşlygyň geljeginiň uludygyna aýdyň göz ýetirýäris. Soňky ýyllarda bu ugurdaky ösüşe ýokary baha berýäris. Hyzmatdaşlarymyz bilen alyp barýan yzygiderli we birek-birege hormat goýmaga esaslanýan gatnaşyklarymyzyň möhüm ähmiýete eýedigine düşünýäris. Bu hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de netijeli ösjekdigine ynanýarys. Bu ugurda öňde goýlan maksatlara ýetmek üçin, Türkmenistan hyzmatdaş döwletler we halkara guramalary bilen has-da ysnyşykly we arkalaşykly hereket etmäge taýýardyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. 

Soňra milli Liderimiz Horwatiýa Respublikasynyň ykdysadyýet ministri jenap Iwan Wrdolýaka söz berdi. 

Öz çykyşynda ministr hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň forumda eden çykyşyna ýüzlendi. Onda ählumumy energetika düzüminiň deňagramlylygy we onuň üç sütüni – eksport edijiler, üstaşyr geçirijiler we sarp edijiler barada aýdyldy. Hut şu taraplaryň ählisiniň bähbitlerini nazara almak bilen, durnukly energetika gatnaşyklarynyň ulgamy gurulýar. Diňe olaryň tagallalarynyň birleşdirilmegi bilen ählumumy howpsuzlyk üpjün edilip bilner. Şol sütünleriň biriniň ýitirilmegi bilen umumy howpsuzlyga howp salnyp bilner. Iwan Wrdolýak türkmen döwletiniň bu meselelere garaýyşlaryna raýdaşlyk bildirip, şu foruma gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny nygtady. Bu forum energiýa serişdelerini ibermek ulgamynda özara kabul ederlikli çözgütleri işläp taýýarlamak boýunça dünýä prosesleriniň bir bölegi bolup durýar. 

Häzirki wagtda energetika howpsuzlygy – bu bäsdeşlige ukyplylygy we biziň ykdysadyýetlerimiziň durnukly ösüşini kesgitleýän möhüm şertleriň biridir, şeýle hem ol ýurtda sebitde we bütin dünýäde syýasy durnuklylyga uly täsir edýär. Bu örän wajyp meseledir, ony ýurtlaryň her biri özbaşdak çözüp bilmez. Ol bizi bilelikde işlemäge, hyzmatdaşlygy we gatnaşyklary ösdürmäge borçly edýär. Şoňa görä-de, energiýa serişdeleriniň üstaşyr geçirilmegine bagyşlanyp, Aşgabatda forumyň geçirilmegi örän derwaýysdyr we möhüm başlangyçdyr diýip, Horwatiýanyň ykdysadyýet ministri nygtady. 

Energiýa serişdelerini ibermegiň ýollarynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagy ählumumy energetika ulgamyna gatnaşýan ýurtlaryň, önüm öndürijileriň we sarp edijileriň, şeýle hem ulag turbageçirijileriniň operatorlarynyň ykdysady kuwwatyny açmagyň kesgitleýji şertine öwrülýär. Mysal üçin, energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek Ýewropanyň we Hazar sebitiniň ýurtlarynyň, hususan-da, Horwatiýanyň we Türkmenistanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary höweslendirip biler diýip, myhman belledi. 

Şunuň bilen baglylykda, Iwan Wrdolýak günorta-gündogar Ýewropada turbageçiriji taslamalara garaýşyny beýan etdi we energetika strategiýasynyň indi milli häsiýete eýe bolap bilmejekdigi baradaky pikiri aýtdy. Ol iň pesinden sebitleýin, ýöne netijeli ählumumy häsiýete eýe bolmalydyr. 

Ministriň pikirine görä, sebitleýin format häzirki günde iň wajyplaryň biridir, ol milli energetika syýasatynyň çäklerini giňeldip, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasynda olaryň üstünligi üçin ygtybarly binýady döredýär. 

Horwatiýa üçin energiýa serişdeleri bilen durnukly üpjün etmek wajypdyr we ol günorta-gündogar Ýewropada täze energiýa ugurlarynyň açylmagy bilen sebitiň energetika merkezine öwrülmelidir diýip, ministr aýtdy. 

Ministr Kennediniň aýdan meşhur sözlerini mysal getirdi: “Geografiýa bizi goňşy etdi, taryh – dostlara, ykdysadyýet – hyzmatdaşlara, zerurlyk bolsa pikirdeşlere öwürdi”. Energetika howpsuzlygy häzirki wagtda zerurlyk bolup durýar. Şoňa görä-de, biz bu ulgamda bilelikde hereket etmelidiris, ykdysady peýda bolsa biziň gatnaşyklarymyza hyzmatdaşlyk häsiýetini berer. 

Çykyşynyň ahyrynda Iwan Wrdolýak energetikany ykdysady we durmuş taýdan ösüşiň, wajyp ählumumy meseleleri çözmegiň, böwetleri aradan aýyrmagyň we sebitde ýurtlaryň hem-de dünýäde sebitleriň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmagyň guraly hökmünde ulanmagyň wajypdygyny nygtady. Biziň palentamyzyň energetika geljegi meseläniň hut şeýle çözülmegi bilen baglanyşyklydyr diýip, ministr çykyşyny jemledi. 

Soňra döwlet Baştutanymyz Ermenistan Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri jenap Erwand Zaharýana söz berdi. Ministr öz çykyşyny forumyň myhmansöýer eýeleriniň – türkmen kärdeşleriniň adyna şu maslahaty Energetika Hartiýasy bilen bilelikde ýokary derejede gurandygy üçin hoşallyk sözlerinden başlap, bu forumyň wajypdygyny belledi. Biziň ýurtlarymyzyň we tutuş dünýäniň ykdysady taýdan okgunly ösmegi we uzakmöhletleýin geljegi energetika pudagynyň netijeli hereket etmegine baglydyr. 

Ermenistanyň gaz ibermek, şeýle hem elektrik energetikasy ýaly sebitleýin taslamalara gatnaşmagyna aýratyn üns berildi. Nygtalyşy ýaly, Ermenistan tebigy gazy demirgazyk we günbatar ugurlara ibermek üçin üstaşyr, alternatiw ýollary seçip almakda ykdysady taýdan özüneçekijilik babatda belli bir artykmaçlygy saklap galýar. Aýdylanlar Ermenistanda bar bolan erkin kuwwatlyklar, gaztransport ulgamynyň mümkinçilikleri hem-de Abowýan ýerasty gaz ammaryny ep-esli giňeltmek mümkinçilikleri bilen tassyklanylýar. Şunuň bilen birlikde, ministr tebigy gazy ibermegiň ugurlary seçilip alnanda, köphalatlarda iri möçberli sebitleýin taslamalary durmuşa geçirmek boýunça çözgütleri kabul etmegiň esasynda durýan geosyýasy pikirlerden däl-de, diňe ykdysady görkezijilerden ugur almak möhümdir diýip nygtady. 

Çünki döwletara turbageçirijiler ulgamy iň pesinden 30 ýylyň dowamynda ulanmak üçin niýetlenendir. Biziň pikirimizçe, munuň özi taslamalary işläp taýýarlamaga we durmuşa geçirmäge gatnaşýan ýurtlaryň sebitimizde ykdysady we syýasy ýagdaýy gowulandyrmaga gönükdirilen sazlaşykly we deňagramly çözgütleri kabul etmek üçin belli bir boçrlary ýükleýär diýip, ministr aýtdy. Ol şeýle hem häzirki wagtda Ermenistanyň tebigy gazyň, elektrik energýiasynyň iberilmeginiň netijeliligini artdyrmaga ygrarlydygyny belledi. 

Şu günki maslahatda garalýan meseleler biziň öňümizde duran wezipeler – köp ýyllar üçin durnukly energiýa üpjünçiligine bolan garaýşy işläp taýýarlamak wezipesi bilen berk baglanyşyklydyr. Umumy energetika bazaryny döretmekde tagallalarymyzy birleşdirsek, döwletiň we işewürligiň hyzmatdaşlygy esasynda bilelikde hereket etsek hem-de syýasy ylalaşyklaryň üstüni anyk maýa goýum taslamalary bilen ýetirsek, bu wezipäni üstünlikli çözüp bolar diýip, myhman aýtdy. Çykyşynyň ahyrynda Erwand Zaharýan forumda öňe sürüljek teklipleriň pudagyň netijeli ösdürilmegine, ýangyç-energetika ulgamynda işewürlik ýagdaýyny gowulandyrmaga we halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga hyzmat etjekdigine ynam bildirdi. 

Mejlis ÝHHG-niň ykdysady we ekologiýa meselesi boýunça utgaşdyryjysy jenap Ýurdakul Ýigitgudeniň çykyşy bilen dowam etdi. 

Myhman ýene-de Aşgabatda bolmagyň we ýokary derejedäki wekilleriň, şol sanda ÝHHG-niň agzasy bolan ýurtlaryň wekilleriniň duşuşygyna gatnaşmagyň özi üçin buýsançdygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we Türkmenistanyň Hökümetine foruma çakylygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Onuň gün tertibine energetika boýunça möhüm meseleler girizildi. 

Energiýa serişdelerini halkara bazarlaryna ibermek we üstaşyr geçirmek Merkezi Aziýa sebitini ösdürmegiň möhüm ugurlarydyr diýip, ÝHHG-niň utgaşdyryjysy nygtady. Şunda energiýa serişdelerini ibermegiň ugurlarynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagy goşulyşmak prosesleriniň möhüm bölegine öwrülýär. Türkmenistan energetika howpsuzlygy boýunça gepleşikleri ilerletmekde möhüm orun eýeledi, şol sanda BMG-niň Baş Assambleýasynyň energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi boýunça rezolýusiýalaryň ikisini kabul etmeginiň başyny başlady. Häzirki wagtda türkmen döwleti energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ygrarlydygyny görkezýär we beýleki ýurtlary bu hyzmatdaşlyga has işjeň gatnaşmaga çagyrýar. 

Mundan başga-da, Türkmenistan ÝHHG-niň düzümlerinde, şol sanda ýokary derejedäki halkara forumlary arkaly energetika çözgütlerini ilerledýär. Bu forumlar 2011-nji we 2013-nji ýyllarda Aşgabatda geçirildi. Şol maslahatlara gatnaşanlar energetika degişli möhüm meseleleriň birnäçesini, şol sanda energetika ulgamyny ösdürmek üçin zerur şertleri üpjün etmek, energiýa serişdelerini ibermegiň howpsuzlygy we ygtybarlylygy babatda sebitleýin gatnaşyklary pugtalandyrmak bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. 

Energetika köprüleri energiýa serişdelerini iberiji, sarp ediji we üstaşyr geçiriji ýurtlaryň arasynda netijeli hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikleri açýar diýip, ÝHHG-niň utgaşdyryjysy aýtdy we energetika howpsuzlygynyň uzakmöhletleýin maýa serişdeleriniň goýulmagyna ýardam etjekdigini nygtady. Diňe şonuň esasynda häzirki wagtda durnukly ösüşi üpjün etmek, energiýa serişdelerini çykarmak, gaýtadan işlemek, ibermek we peýdalanmak meselelerini, şeýle hem howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly wezipeleri netijeli çözmek bolar. 

Energetika we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek döwrüň talabydyr. Ol tagallalaryň birleşdirilmegini hem-de durnukly hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyny talap edýär diýip, jenap Ýigitguden belledi we ÝHHG-niň bu meselelere toplumlaýyn çemeleşmesini suratdyrdyrdy. 

Geçen ýyl bu ýerde, Aşgabatda ÝHHG-niň howandarlygynda guralan “Energetika howpsuzlygy we durnukly ösüş” atly ýokary derejedäki halkara maslahatyndan soň, şol meseleleri çözmegiň ýollaryna bolan çemeleşmeler giňeldildi. ÝHHG-niň bu ugurdaky bilelikdäki tagallalary güýçlendirmäge has giňden gatnaşmak üçin işlenip taýýarlanylan çäreleriň meýilnamasy bu işiň dowamy boldy diýip, myhman aýtdy we olaryň käbirini mysal getirdi. 

Mysal üçin, mart aýynda ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi bilen bilelikde Marynyň döwlet energetika institutynyň talyplary we mugallymlary üçin dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça giriş okuw maslahaty guraldy. Şol institutda netijeli energiýa üpjünçiligi ulgamynda barlaglary alyp barýan Okuw-önümçilik merkezi hereket edýär. Biz şeýle çäreleri guramakda, şol sanda agzalyp geçilen merkez üçin beýleki taslamalary amala aşyrmakda hyzmatdaşlygy dowam etmäge umyt edýäris diýip, ÝHHG-niň utgaşdyryjysy aýtdy. 

Ýurdakul Ýigitguden energetika gatnaşyklaryny işjeň ösdürmegiň, ony nobatdaky derejä çykarmagyň wajypdygyny aýratyn nygtady. Bu iş bu ulgamda gatnaşyklary kadalaşdyrmagyň gurallaryny, çärelerini we ulgamlaryny işläp taýýarlamagy birleşdirýär. Biz energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmak we durnukly ösüş meselelerinde ysnyşykly hyzmatdaşlyga we anyk netijeleri gazanmaga çalyşýarys. Sözüniň ahyrynda myhman bilermenleriň şu Aşgabat duşuşygynda möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmagynyň netijeli boljakdygyna we energetika howpsuzlygynyň täze nusgasyny döretmek boýunça halkara gatnaşyklaryna täze itergi berjekdigine ynam bildirdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow myhmanlarymyza gyzykly we manyly çykyşlary, Türkmenistanyň adyna aýdan mähirli sözleri üçin, tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, şu maslahatyň gün tertibine girizilen möhüm we derwaýys meseleler boýunça çykyşlarda öňe sürlen çuň manyly we oňyn garaýyşlara ýokary baha berýändigini aýtdy. Olar häzirki döwürde energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň uly ähmiýetiniň bardygyna oňat düşünýän, bu gatnaşyklaryň ugurlaryna we mümkinçiliklerine ýokary derejede anyk baha berip bilýän pikirdeşleriň şu ýere ýygnandygyny görkezdi diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. 

Şu maslahatyň energiýa serişdelerini ibermek bilen bagly meselelerde mundan beýläk-de yzygiderli we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga itergi berjek möhüm waka boljakdygyna, bu ugurda özara gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmaga, anyk çözgütleri kabul etmäge ýardam etjekdigine berk ynanýaryn diýip, milli Liderimiz aýtdy. 

Maslahatyň dowamynda hyzmatdaşlyk etmek üçin häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän usullaryny emele getirimegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar, geljegi uly bolan wezipeler kesgitleniler. Biziň ýurdumyz şu maslahaty çagyrmak barada başlangyç bilen çykyş edende hut şu ýörelgelerden ugur aldy diýip, hormatly Prezidentimiz nygtay. 

Hyzmatdaşlyk etmek, birek-birege ynanyşmak we hormat goýmak ýörelgeleri Türkmenistanyň daşary syýasatda alyp barýan işiniň we halkara hyzmatdaşlygynyň tutuş toplumynyň esasyny düzýär. Biziň ýurdumyz islendik netijeli garaýyşlar we teklipler üçin açykdyr. Türkmenistan beýleki döwletler, halkara guramalary bilen düýpli we gyzyklanma bildirilýän gatnaşyklary ösdürmäge hemişe taýýardyr. 

Döwlet Baştutanymyz forumyň wekillerini ýurdumyzyň paýtagtynda ýene-de bir gezek tüýs ýürekden mübärekläp, maslahatyň gün tertibine laýyklykda olara netijeli we möhüm ähmiýetli işler garaşýandygyny belledi. Milli Liderimiz Türkmenistanyň energetika we ekologiýa howpsuzlygy meselelerine uly üns berýändigini nygtap, geljekde hem bu işiň hökümetiň üns merkezinde boljakdygyny aýtdy. 

Umumy mejlisi tamamlap, döwlet Baştutanymyz foruma gatnaşyjylara üstünlikli hem-de netijeli işlemegi arzuw etdi we ýygnananlar bilen hoşlaşdy. Bu ýerde Ermenistan Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Erwand Zaharýany kabul etdi. Soňra milli Liderimiz “Oguzkent” myhmanhanasyndan ugrady. 

Soňra forumyň işi myhmanhananyň maslahatlar zalynda dowam etdi. 

Bu ýerde “Gazy öndürijileriniň mümkinçilikleri”, “Energiýa serişdelerini üstaşyr geçirmek: meseleler we peýda”, “Çeşmeleriň diwersifikasiýasy we sarp edijileriň mümkinçilik ýollary” diýen mejlisler geçirildi. 

Birinji mejlisde tebigy gazy gaýtadan işlemegiň tehnologiýalarynda maýa goýumlaryna we innowasiýalara degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, dünýä bazarlaryna tebigy gazy uly möçberde iberýän ýurt hökmünde Türkmenistanyň oňyn tejribesi bellenildi. Şoňa görä-de, esasy daşary ýurt kompaniýalarynyň biziň ýurdumyz bilen gaz pudagynda ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmaga çalyşýandygy kanunalaýyk ýagdaýdyr. Häzirki wagtda Türkmenistanda gazhimiýa toplumlarynyň gurluşygyna hem uly üns berilýär. Bizde ýokary düzümli etany özüne jemleýän gaz ýataklary bar. Munuň özi gazhimiýa ulgamyny yzygiderli ösdürmek üçin amatly şertleri döredýär. Tebigy gazyň has çuňňur we toplumlaýyn gaýtadan işlenilmegi hem-de ony gaýtadan işlemekden alnan önümleriň eksportdaky paýynyň artdyrylmagy Türkmenistana diňe bir ilkinji energiýa serişdeleriniň bazarynda eýeleýän ornuny giňeltmäge däl, eýsem, himiýa önümleriniň geljegi uly bazarynda hem mynasyp orun eýelemäge mümkinçilik berer. 

Ikinji mejlisiň barşynda ählumumy ykdysadyýetde energetika howpsuzlygyna täze çemeleşmeler, önüm öndüriji, üstaşyr geçiriji we sarp ediji ýurtlaryň özara gatnaşyklarynyň ugurlary hem-de üstaşyr geçirmegiň kepillikleri ýaly möhüm meseleler gyzyklanma bildirilip, ara alnyp maslahatlaşyldy we olar boýunça pikir alşyldy. Ençeme gezek nygtalyşy ýaly, köpugurly turbageçiriji ulgamy döretmegiň hasabyna energiýa serişdeleriniň eltilmegini üpjün etmäge ukyply ulag düzümini diwersifikasiýalaşdyrmak Türkmenistan üçin energiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň strategiki ugur bolup durýar. Bu strategiki ugruň durmuşa geçirilmegi diňe bir önüm iberiji, üstaşyr geçiriji we satyn alyjy ýurtlaryň arasyn

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentligine Dalaşgär, Türkmenhimiýa Döwlet Konserniniň Garabogazsulfat Önümçilik Birleşiginiň Baş Direktory Süleýmannepes Oraznepesowiç Nurnepesowyň MAKSATNAMASY

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

syrach

Türkmenistanda Ýeri Uzak Aralykdan Barlamak Üçin Emeli Hemra Uçurmak Göz Öňünde Tutulýar