14.9 C
Aşkabat
21.11.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar

Türkmenistanda Eýran Yslam Respublikasynyň Harytlarynyň Ýöriteleşdirilen Sergisi Açyldy

Türkmenistanda Eýran Yslam Respublikasynyň Harytlarynyň Ýöriteleşdirilen Sergisi Açyldy

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Eýran Yslam Respublikasynyň harytlarynyň we amaly-haşam sungatyna degişli önümleriniň nobatdaky XIII ýöriteleşdirilen sergisi öz işine başlady.

Serginiň işine gatnaşmak üçin ýeňil we agyr senagat, nebit-gaz we himiýa senagaty, energetika, gurluşyk we azyk önümleri ýaly ugurlar boýunça hereket edýän 40 golaý eýran kompaniýalaryndan ybarat bolan wekiliýet Aşgabada geldi. Serginiň bir bölegi Eýranyň medeniýetini açyp görkezýän senetkärçilige, amaly-haşam sungatyna, keramikadan ýasalan önümlerine, çeperçilikli ýasalan aýna önümlerine, zikgelemä, agaç gazma nagşyna bagyşlandy.

Serginiň açylyş dabarasyna Türkmenistandaky ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary hem wekilleri, ýurdumyzda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň baştutanlary, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Serginiň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlag haty okaldy. Öz hatynda döwlet baştutany türkmen-eýran söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ösdürilmeginiň iki ýurduň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň berkidilmegine ýardam berjekdigini belläp geçdi.

Mart aýynyň 1-ne serginiň çäginde ikitaraplaýyn işewürler maslahaty geçirilip, onda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyga hem-de ýakyn geljekde alnyp baryljak bilelikdäki taslamalara degişli meselelere garalyp geçiler.

Degişli makalalar

Ekin meýdanlary ekişe taýýarlanylýar.

syrach

Türkiýede Aziada-2017-ä we Sagdynlygyň we Ruhybelentligiň Ýylyna Bagyşlanan Çäre Geçirildi

Tutuş Ýurdumyz Türkmen Halysynyň Baýramyny Giňden we Dabaraly Belledi

turkmenhabargullugy