14.9 C
Aşkabat
21.11.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Türkmenistanda Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet Hepdeligi Açyldy

Türkmenistanda Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet Hepdeligi Açyldy

Paýtagtymyzda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet hepdeligi açyldy. EYR-niň Aşgabatdaky ilçihanasynyň medeniýet merkezi hem-de ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi çäräniň guramaçylary bolup çykyş etdiler.

Medeni ulgama degişli çäreler döwletimiziň daşary ýurtlar bilen dostluk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine gönükdirilen daşary syýasat ýörelgesiniň durmuşa geçirilmegi babatda aýratyn ähmiýete eýedir. Ynsanperwer ulgamda däbe öwrülen türkmen-eýran gatnaşyklary munuň aýdyň mysalydyr. Şu gatnaşyklar gadymdan bäri taryhy we medeni umumylygy bilen baglanyşykly bolan iki halkyň hoşniýetli goňşuçylygy, dostluk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga we köptaraply özara gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanmaşyny görkezýär.

Bu çäre goňşy ýurtlaryň yzygiderli we işjeň ösdürilýän köpugurly gatnaşyklarynda nobatdaky ädimdir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky uzakmöhletli geljege niýetlenen ysnyşykly hyzmatdaşlyk möhüm ugurlary özünde jemleýär hem-de iki döwletiň milli bähbitlerine kybap gelýär. Şol gatnaşyklar parahatçylyga, hoşniýetli goňşuçylyga, durnukly ösüşe hem-de halklaryň abadançylygyna hyzmat edýär.

Türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň köp asyrlyk tejribesi medeni özara gatnaşyklary giňeltmäge we bilelikdäki ylmy gatnaşyklary amala aşyrmaga, giň gerimli çäreleri geçimäge berk binýat döretdi. Şolaryň çäklerinde ylmy maslahatlar, döredijilik saparlary, sergiler we kino günleriwe beýleki çäreler guralýar.

Türkmenistanyň medeniýet işgärleri hem goňşy döwletde yzygiderli bolup, ynsanperwer ulgamda ýurdumyzyň üstünliklerini görkezýärler, dürli halkara çärelerine gatnaşýarlar. Her ýyl maý aýynda umumyhalk baýramy bolan Konstitusiýa we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň öň ýanynda belli türkmen şahyrlary, žurnalistler we sungat ussatlary Eýranyň Gülüstan welaýatynyň Aktokaý obasyndaky Magtymguly Pyragynyň we onuň kakasy Döwletmämmet Azadynyň guburlaryna zyýarata gidýärler. Eýranyň ýurdumyzda geçirilýän Medeniýet günleri we amaly-haşam sungatynyň sergisi däp bolan çärä öwrüldi.

Häzirki forumy geçirmek üçin Türkmenistana gelen Eýran Yslam Respublikasynyň wekiliýetiniň düzüminde medeniýet ulgamynyň edaralarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, döredijilik toparlary, halk senetçiliginiň ussatlary bar. EYR-niň resmi wekiliýetiniň ýurdumyzyň Medeniýet ministrliginde kabul edilmeginiň barşynda bu ugurda özara gatnaşyklaryň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Eýranyň Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirildi. Şu mynasybetli bu ýere Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de onuň garamagyndaky edaralaryň, giň jemgyýetçiligiň, Aşgabatda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, medeniýet we sungat ussatlary, döredijilik ugurly ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary hem-de talyplary ýygnandylar.

Dabarada dostlukly ýurduň döredijilik wekiliýetine ýolbaşçylyk edýän Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet we yslam gatnaşyklary guramasynyň başlygy, EYR-niň medeniýet boýunça ýokary geňeşiniň agzasy Abuzar Ebrahimi Torkaman hem-de EYR-niň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Seýed Mohammad Ahmadi çykyş edip, hoşniýetli gatnaşyklaryň gadymy taryhyna eýe bolan iki halkyň baý medeni mirasyna bolan egsilmejek özara gyzyklanma bildirilýändigini bellediler. Eýran tarapynyň wekilleri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine üns berilýändigi üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, döwletara gatnaşyklarynyň, aýratyn-da, ynsanperwer ulgamynda ösüş depgini bilen häsiýetlenýändigini kanagatlanma bilen bellediler.

Aşgabatda Eýranyň Medeniýet hepdeliginiň geçirilmeginiň türkmen we eýran halklarynyň medeniýetleriniň mundan beýläk-de özara baýlaşmagyna ýardam berjekdigi nygtaldy.

Dabara gatnaşyjylar iki ýurduň Baştutanlaryna–Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhanä köptaraply hyzmatdaşlyk syýasaty, goňşy döwletleriň arasyndaky ynsanperwer ulgamda özara bähbitli gatnaşyklaryň geriminiň giňeldilýändigi üçin hoşallyk bildirdiler. Medeni diplomatiýanyň hyzmatdaşlygyň ygtybarly gurallarynyň biri hökmünde halklaryň özara düşünişmegine gönükdirilen bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegi üçin giň mümkinçilikleri döredýändigi bellenildi.

Hepdeligiň çäklerindäki ilkinji çäre Mukamlar köşgüniň sahnasynda dostlukly ýurduň artistleriniň konserti boldy. Konsertiň maksatnamasyny gadymy taryhy hem-de medeniýeti bolan Töwriz şäheriniň “Araz” folklor toparynyň hem-de yşkyň aýdymçysy Hapyzyň we akyldar şahyr Saadynyň ýaşan we döreden şäheri hökmünde meşhur bolan Eýranyň taryhy paýtagty Şirazyň “Nawaýe Ilýa” aýdym-saz toparynyň çykyşlary düzdi.

Eýran artistleri halk aýdym-sazlaryny, nusgawy dessanlardan çykyşlary, Gündogar şahyrlaryň goşgularyna gadymy söýgi aýdymlary ýerine ýetirdiler. Olaryň milli egin-eşikleri hem-de gadymy saz gurallaryna ussatlyk bilen erk edişleri çykyşlara aýratyn öwüşgin çaýdy.

Konsertde häzirki zaman aýdym-saz eserleri hem ýaňlandy. Tomaşaçylar “Araz” folklor ansamblynyň çagalar toparynyň çykyşyny uly mähir bilen garşyladylar.

Bu ýere ýygnananlaryň şowhunly elçarpyşmalary öz halkynyň folklor däplerini nesilden-nesle geçirýän artistleriň ýokary ussatlygyna berlen baha boldy. Bu ajaýyp döredijilik baýramçylygyň türkmenistanlylara eýran halkynyň özboluşly medeni mirasy we häzirki durmuşy, şeýle hem onuň däp-dessurlary bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berendigi gürrüňsizdir.

EYR-niň Türkmenistandaky Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler zalynda dostlukly ýurduň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi bolar. Aşgabatlylara we paýtagtymyzyň myhmanlaryna pars nusgawy şygryýetiniň eserlerini, agaçdan, keramikadan haşamlanyp taýýarlanan önümleri görkezýän gymmatlyklar, kalligrafiýa sungatynyň nusgalary, ýazgylaryň çeperçilik taýdan bezelişi, milli lybaslar, demir ussaçylygy hem-de reňkler boýunça ýazmak, gobelenler, dürli görnüşli sowgatlyklar hem-de eýranly ussatlaryň işleriniň beýleki görnüşleri görkeziler.

Medeni çäräniň maksatnamasyna dürli döredijilik çäreleri girizildi. Döwlet çeperçilik akademiýasynyň maslahatlar zalynda iki ýurduň amaly-haşam sungatynyň wekilleriniň duşuşygy bolar. Tomaşaçylara “Aşgabat” kino merkezinde eýran kinematografiýasy bilen duşuşyk garaşýar, şol ýerde soňky ýyllarda dürli žanrlarda düşürilen çeper filmler görkeziler.

“Watan” kinokonsert merkezinde Eýranyň folklor we aýdym-saz toparynyň çykyşy, Türkmen döwlet gurjak teatrynda bolsa iki ýurduň çagalar döredijilik toparlarynyň konserti bolar.

Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet hepdeligi “Watan” kinokonsert merkezinde tamamlanyp, şol ýerde çäräniň ýapylyş dabarasy hem-de bilelikdäei dostluk konserti geçiriler.

Bu döredijilik çärä gatnaşýan myhmanlar üçin ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärlikleri, milli muzeýleriň gymmatlyklary hem-de paýtagtymyzyň gözel ýerleri bilen tanyşdyrmagy özünde jemleýän uly medeni maksatnama taýýarlanyldy.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Permana Gol Çekdi

Pyýada Ýöremegiň Peýdasy

Türkmenistanyň Parlament Wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasyna Iş Sapary