Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa Gana Respublikasynyň Türkmenistanda işe başlan Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Alhaji Bawa Gilbert Aembillahdan ynanç hatyny kabul etdi.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy ilçini jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen döwlet Baştutanymyzyň adyndan gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Ilçi mähirli sözler üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanda öz ýurduna wekilçilik etmegiň onuň üçin uly hormatdygyny belledi hem-de Gana Respublikasynyň ýolbaşçylarynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen mähirli salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Duşuşygyň barşynda ilçi häzirki döwürde Türkmenistanyň döwlet ösüşi strategiýasynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Bellenilişi ýaly, türkmen döwletini dürmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, türkmenistanlylaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmak milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň baş maksady bolup durýar. Gana Respublikasynyň doly ygtyýarly wekili Mejlisiň köptaraplaýyn işleri we düzümi bilen hem tanyşdyryldy.
Duşuşyga gatnaşyjylar döwletara gatnaşyklarynyň geljegi hakynda pikir alyşmagyň çäklerinde iki döwletiň biri-birinden alysda ýerleşýändigine garamazdan, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Söwda-ykdysady we medeni-gumanitar ulgamlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şeýle hem parlamentara gatnaşyklaryny ýola goýmak hakynda teklip beýan edildi.
Duşuşygyň ahyrynda jenap Alhaji Bawa Gilbert Aembillah Türkmenistanyň we Gana Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň täze mazmun bilen baýlaşdyrylyp we iki ýurduň halklarynyň erk-islegine esaslanyp üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
***
Şu gün Gana Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi, şonda döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryna garaldy.