14.9 C
Aşkabat
21.11.2024
YLYM

Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça halkara ylmy maslahaty geçirilýär.

Türkmenistanyň Ylymalar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň mejlisler zalynda “Energiýanyň dikeldilýän çeşmelerini ulanmakda innowasion tehnologiýalar” atly halkara ylmy maslahaty öz işine başlady. Ony Türkmenistanyň Ylymalar akademiýasy gurady. 

Maslahatyň açylyş dabarasyna ugurdaş ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ylmy-barlag institutlarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyp ýaşlar, daşary ýurtly myhmanlar gatnaşdylar. 

Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Onda milli Liderimiz dünýäniň dürli ýurtlaryndan alymlaryň, inženerleriň, tehnologlaryň we hünärmenleriň gatnaşmagynda geçirilýän bu halkara ylmy maslahatyň ekologiýa taýdan arassa, howpsuz, bäsleşige ukyply we ykdysady babatda netijeli energiýa serişdelerini öndürmek we halkara innowasion taslamalary işläp taýýarlamak, şeýle hem bu ugurdaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, giňeltmek we özara tejribe alyşmak boýunça örän uly ähmiýete eýe boljakdygyna ynam bildirdi. 

Iki günlik maslahata türkmen tarapyndan hünärmenler, bilermenler, görnükli alymlar, professorlar gatnaşdylar, olar Türkmenistanyň Ylymalar akademiýasynyň pudaklaýyn ylmy-barlag institutlaryna, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine, ugurdaş döwlet düzümlerine wekilçilik edýärler. Gatnaşyjylaryň hatarynda “Türkmengaz”, “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleri, Gün energiýasy instituty, Seýsmologiýa instituty, Türkmenistanyň Biologiýa we derman ösümlikleri instituty, Himiýa instituty we beýlekiler bar. 



Dünýäniň 14 ýurdundan Aşgabada gelen köpsanly daşary ýurt wekiliýetleriniň düzüminde alymlar, ylymlaryň kandidatlary, professorlar, inženerler, daşary ýurt ylmy we ylmy-barlag institutlarynyň, edaralarynyň, ugurdaş guramalarynyň tehnologlary, bilermenleri we pudaklaýyn kärhanalaryň, kompaniýalaryň hünärmenleri bar. Maslahata Russiýanyň, Belarusyň, Bolgariýanyň, Ýaponiýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Latwiýanyň, Eýranyň, Fransiýanyň we beýleki ýurtlaryň ylmy toparlarynyň wekilleri gatnaşýarlar. 

Maslahatda bellenilişi ýaly, energiýanyň dikeldilýän çeşmeleriniň önümçilige ornaşdyrylmagy tutuş dünýäde ählumumy wezipe bolup durýar. Bu ulgamdaky innowasion işläp taýýarlamalar we olaryň tehnologiýa taýdan netijeliligini kesgitlemek geljegi has uly bolan ylmy çözgütleri tapmaga mümkinçilik berer, bular adamzat durmuşynyň esasy meseleleri bolan Ýer ýüzünde howanyň üýtgemegi, ählumumy ekologiýa we energetika howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bagly wezipelerdir. 

Daşary ýurt hünärmenleriniň şu gezekki geçirilýän ylmy maslahata ýokary gyzyklanma bildirmekleri Türkmenistanyň bu meseleleri çözmäge netijeli çemeleşýändigi, şeýle hem özüniň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynda bolşy ýaly, Türkmenistanyň bu ugry ösdürmäge içgin üns berýändigi bilen şertlendirilendir. Häzirki wagtda biziň ýurdumyz dünýäniň öňdebaryjy energetika döwletleriniň biri hökmünde öz tebigy baýlyklaryny, energetika serişdelerini we ykdysady kuwwatyny milli, sebit we dünýä ösüşini üpjün etmäge, tutuş ýer ýüzünde parahatçylygy we howpsuzlygy goldamaga we pugtalandyrmaga gönükdirýär. 

Türkmenistan şeýle hem ýerüsti we ýerasty baýlyklaryň, uglewodorod we dag-mineral serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna, baý gün energiýasyna we öz düzüminde kremniý bolan çöl çägesine baý ýurt hökmünde daşary ýurt hyzmatdaşlarynyň hemişe üns merkezindedir. Biziň ýurdumyzyň esasy wezipesi şol baýlyklary rejeli peýdalanmakdyr, olary geljekki nesiller üçin gorap saklamakdyr, Garagumyň çägesinden alynýan kremnini dünýä bazarlaryna eksport etmekdir. Kremniý ekologiýa taýdan arassa elektrik energiýasyny almaga mümkinçilik berýän enjamy döretmek üçin binýatlaýyn himiýa düzümidir. 

Biziň ýurdumyzda energiýanyň dikeldilýän çeşmelerini giňden peýdalanmak üçin ägirt uly mümkinçilikler bar. Bu bolsa senagatyň daşky gurşawa we adam saglygyna zyýanly täsirini, daşky gurşawa zyňyndylaryň möçberini peseltmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzyň milli ylmynyň dünýä ylmy giňişligine goşulyşmagy bu ugurda ylym we tehnologiýalar ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmekde we pugtalandyrmakda uly ähmiýete eýedir. 

Tehnologiýalar merkezinde geçirilen maslahatyň umumy mejlisiniň barşynda daşary ýurtly mayhmanlar öz çykyşlaryny şu we beýleki meselelere bagyşladylar. Hususan-da, mejlisde agzalyp geçilen aýratyn ýokary hil-sypatlaryna eýe bolan kremnini almagyň innowasion tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak boýunça barlaglary geçirmekde ýapon-türkmen hyzmatdaşlygy maslahata gatnaşyjylarda uly gyzklanma döretdi. Şeýle ýokary hilli kremni ählumumy energetikanyň geljegi, energiýanyň dikeldilýän çeşmelerini we beýlekiler peýdalanmakda uly ähmiýete eýedir. 

Soňra halkara maslahatynyň işi bölümleriň ikisinde geçirildi. Tehnologiýalar merkeziniň mejlisler zalynda “Energiýanyň dikeldilýän çeşmelerini ulanmakda innowasion tehnologiýalar” atly bölüm mejlisi guraldy. Beýleki bir bölümde guralan “Energiýanyň dikeldilýän çeşmelerini ösdürmekde halkara tejribesi” atly mejlis ylmy çykyşlaryň köpsanlysyny birleşdirdi, ol Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mejlisler zalynda guraldy. 

Şeýlelikde, ylmy maslahatyň barşynda geljekki energetika üpjünçiligi üçin geotermal energiýanyň ähmiýeti, merkezleşdirilen ulgamdan uzakda ýerleşýän önümçiligiň gün we suw energiýasynyň hasabyna energiýa üpjünçiligi, plastik we agaç galyndylaryndan energiýanyň dikeldilýän çeşmelerini öndürmek, “gün” hilli kremnini öndürmek: mikrotolkunly gyzdyrmak ýaly meseleler we beýlekiler ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Ýaponiýadan we Koreýa Respublikasyndan gelen myhmanlaryň çykyşlary ýygnananlarda aýratyn uly gyzyklanma döretdi, ol çykyşlar hyzmatdaşlygyň dürli ugurlarynda halkara tejribe alyşmalaryna, pezoelektrik we fotoelektrik energiýasyndan energiýanyň dikeldilýän çeşmelerini öndürmek, 2D we 3D sanly kartlary düzmek, tebigy baýlyklaryň ýerleşýän ýerlerini anyklamak we oba hojalygynda ulanmak üçin innowasion uçarmansyz uçýan enjamlary döretmek boýunça ýapon-türkmen hyzmatdaşlygyna bagyşlanyldy. 

Türkmen alymlary dürli ugurlar boýunça çykyşlary taýýarladylar. Olarda awtoulaglarda gün energiýasyny peýdalanmagyň görnüşleri, energiýanyň dikeldilýän çeşmelerini peýdalanmagyň ykdysady netijeliligi, energiýanyň beýleki çeşmeleri üçin awtomatik ulgamlary işläp taýýarlamak, peýdalanylan çuň guýulardan ýylylyk energiýasyny almak mümkinçiligi we beýlekiler barada aýdylýar. 

Maslahatda energiýanyň dikeldilýän çeşmelerini peýdalanmak bilen ählumumy ykdysadyýeti ösdürmegiň, ylmy işläp taýýarlamalaryň netijeliligine degişli möhüm meselelere garaldy. Maslahata gatnaşyjylara toplan tejribelerini, pikirlerini we geljek üçin meýilnamalaryny paýlaşmaga, kärdeşleri bilen pikir alyşmaga, hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik döredildi. 

Ertir -3-nji dekabrda “Energiýanyň dikeldilýän çeşmelerini ulanmakda innowasion tehnologiýalar” atly halkara ylmy maslahaty ýokarda agzalan iki bölümde öz işini dowam eder, günüň ikinji ýarymynda bolsa, ylmy maslahatyň jemleýji mejlisi hem-de onuň ýapylyşy bolar. 

Iki günlük mejlisleriň barşynda şeýle hem, biogazy öndürmek boýunça tehnologiýalara energiýanyň dikeldilýän çeşmelerini peýdalanmaga we ony ornaşdyrmagyň maksada laýyklygyna, işläp taýýarlamalaryň netijeliligine, geljekki usullara, energiýanyň dikeldilýän çeşmeleriniň aýratynlyklaryna, olary peýdalanmagyň geljegine, olary Türkmenistanda we dünýäniň beýleki ýurtlarynda ösdürmek, bu iş boýunça daşary ýurt we milli hünärmenlerimiziň tejribelerine degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. 

Şu gezekki halkara maslahatynyň işi hem biziň ýurdumyzda yzygiderli ýagdaýda geçirilýän beýleki maslahatlarda bolşy ýaly, esasan dünýä ylmynyň esasy meýillerine we ösüşine – ählumumy meseleleri çözmekde hyzmatdaşlygy giňeltmäge, adamlaryň mynasyp durmuş derejesini we ykdysadyýetiň innowasion häsiýetli ösüşini üpjün etmäge bagyşlandy. 

Maslahatyň ikinji gününiň dowamynda boljak köpsanly çykyşlar hem şu meselelere bagyşlanylar. Mundan başga-da, energiýa serişdeleriniň sarp edilişine, ylmyň gazananlaryna, innowasion çözgütlere bagyşlanylar. Bu çözgütler bolsa bütinleý täze tehnologiýalara daýanýar, olar ХХI asyryň dünýä ykdysadyýetiniň ýokary ösüş depginleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. 

Hususan-da, biziň ýurdumyzyň durnukly ykdysady ösüşi nebitgaz, himiýa, energetika senagat we beýleki pudaklaryň energiýa we serişde tagşytlaýjy, ekologiýa taýdan arassa we howpsuz innowasion tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy bilen baglydyr. Gün, ýer, suw, biogaz ýaly energiýanyň dikeldilýän çeşmelerini netijeli peýdalanmaga gönükdirilen ylmy-tehniki we innowasion maksatnamalarynyň işlenip taýýarlanylmagy hem-de durmuşa ornaşdyrylmagy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biridir. 

Maslahata gatnaşan daşary ýurtly wekilleriň hoşallyk bilen belleýşleri ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan alnyp barylýan açyk gapylar syýasyty netijesinde ylmyň ösdürilmegine we bu ulgama innowasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmak meselelerine içgin üns we hemmetaraplaýyn goldaw berilýär, Türkmenistan halkara ylmy maslahatlaryň we sergileriň geçirilýän ykrar edilen merkezine öwrüldi. 

Halkara maslahatynyň çäklerinde daşary ýurtly myhmanlar üçin Aşgabadyň ajaýyp künjeklerine we muzeýlere baryp görmegi öz içine alýan medeni maksatnama guraldy.

Degişli makalalar

Soňky jaň.

syrach

Türkmenistanyň Halkara Gatnaşyklary Institutynda Durnukly Ösüş Maksatlary Boýunça Ylmy-Usulyýet Merkezi Açyldy

Okuw Esbaplaryny Türkmenistanyň Gümrük Serhedinden Geçirmegiň Tertibi

syrach