2015-nji ýylyň 28-nji maýynda Aşgabat şäherinde öz işini tamamlan din we wyždan azatlyklarynyň halkara ölçegleri boýunça ÝHHG-niň seminaryna Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleri we ylmy-barlag institutlarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Üç günläp dowam eden bu çäre gatnaşyjylaryň din we wyždan azatlyklarynyň halkara ölçeglerini ýerine ýetirmek babatdaky bilimlerini kämilleşdirmek maksady bilen gurnaldy.
Nazary çykyşlar we interaktiw sapaklar görnüşinde geçirilen bu seminarda ÝHHG-niň beýleki agza döwletleriniň din we wyždan azatlyklaryny ösdürmegiň oňyn tejribelerine garaldy. Beýik Britaniýadan gelen iki bilermen häzirki zaman dinleri barada, diniň sosial ýagdaýy we dini bilim almak hem-de din we wyždan azatlyga bolan ynsan hukulary barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Aşgabatdaky ÝHHG-niň Merkeziniň Ynsan ölçegleri bölüminiň başlygy Wardon Deňiz Hoja “ÝHHG-niň hemme agza döwletleri adamlaryň öz halan dinine uýmaklygy üpjün edýän kanunçylyk namalarany kabul etmegi, köp milletli jemgyýetde möhüm orun tutýan dinleri kabul etmeklige we dinleriň arasyndaky gepleşikleri öňe sürmäge niýetlenen syýasaty durmuşa geçirmegi borçlandylar” diýp belledi.
Jenap Hoja bu çäräniň Türkmenistanyň hökümetine ynanç, din we wyždan azatlyklaryna degişli öz üstüne alan borçlaryny üstünlikli ýerine ýetirmäge ýardam berjekdigine ynamyny aýan etdi.