27-nji martda ýurdumyzda möhüm oba hojalyk möwsümigowaça ekişe başlandy. Mälim bolşy ýaly, Ministrler Kabinetiniň 20-nji martda bolan mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu ekişiň başlanmagyna ak pata berdi. Döwlet Baştutanymyzyň Buýrugyna laýyklykda, gowaça ekişine Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň pagtaçylary girişdiler. Biraz soň, 3-nji aprelde olara Daşoguz welaýatynyň ekerançylary hem goşular.
Halkymyzyň asylly däbine görä, ekişiň başlanmagyna hormatly ýaşulular ak pata berdiler. Olar ata Watanymyzyň, ähli türkmen halkynyň abadançylygyny, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ähli işleriniň rowaçlygyny gudraty güýçli Allatagaladan dileg edip, topraga gowaçanyň ilkinji tohumlaryny atdylar, soňra mehanizatorlar işe girişdiler.
Mälim bolşy ýaly, bu gymmatly ekini ösdürip ýetişdirmek Türkmenistanyň obasenagat toplumynyň işiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Geçen ýylda ak altyn ussatlary Watan harmanyna 1 million 100 müň tonna golaý pagta tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Ýurdumyzyň pagtaçylarynyň bu gazanan üstünligi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzyň obasenagat toplumynda giňden ýaýbaňlanan uly möçberli özgertmeleriň, hususan-da, oba hojalyk ylmynyň öňdebaryjy işläp taýýarlamalaryny önümçilige ornaşdyrmagyň, ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikasyny hem-de ýokary hilli tohumlary peýdalanmagyň, agrotehnikanyň kadalarynyň berjaý edilmeginiň we başgalaryň äşgär netijesidir.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň ileri tutulýan ugurlaryny nazar almak bilen işlenip taýýarlanylan Türkmenistanyň oba hojalyk pudagyny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin Maksatnamasy obasenagat toplumyny hil taýdan täze sepgitlere çykarar we şeýlelikde, ykdysady taýdan rowaçlanýan döwlet hökmünde ýurdumyzyň abraýyny has-da berkider.
Bu maksatnamalary durmuşa geçirmegiň çäklerinde düzümleri döwrebaplaşdyrmaga, pagtaçylyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, täze häzirki zaman pagta arassalaýjy zawodlary gurmaga aýratyn üns berilýär. Mysal üçin, geçen ýyl Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda tohumlyk pagtany gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilýän, kuwwaty ýylda 40 müň tonna barabar bolan kärhana işe girizildi. Görogly etrabynda ýerleşýän pagta arassalaýjy zawodda ýene-de bir seh açyldy.
Ýakyn wagtda Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynda we Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynda her biriniň ýyllyk kuwwaty 40 müň tonna barabar bolan tohumlyk pagtany işleýän iki sany pagta arassalaýjy kärhana pudagyň düzüminiň üstüni ýetirer.
Iň täze enjamlar bilen üpjün edilen bu zawodlar gowaça ösdürip ýetişdirmegi täze derejä çykarar. Olar tohumlyk pagtany gaýtadan işlemäge, göwnejaý taýýarlanylan ýokary hilli tohumlar almaga niýetlenendir, şol tohumlar soňra bereketli türkmen topragyna ekiler we has ýokary hasyl almak üçin esas bolar.
Şu ýyl Türkmenistanda gowaça ekmek üçin 545 müň gektar ýer berildi. Umuman, ak altynyň 1 million 50 müň tonnasyny, şol sanda Ahal welaýatynda 207 müň tonnasyny, Daşoguz welaýatynda 230 müň tonnasyny, Lebap welaýatynda 300 müň tonnasyny, Mary welaýatynda 313 müň tonnasyny öndürmek bellenildi.
Gowaçanyň saýlama tohumlarynyň 65 müň tonnadan gowragy ekişe taýýarlanyldy, olaryň möçberleri orta süýümli we inçe süýümli sortlaryň 15-sine golaýdyr. Pagtanyň orta süýümli sortlary däp boýunça Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda ösdürip ýetişdirilýär. Olaryň hatarynda 149F, 133, Ýolöten-7, Daşoguz-120, Serdar, S-4727, Ýolöten-39 sortlary has giňden ekilýär. Pagtanyň inçe süýümli Ýolöten-14, Ýolöten-32 we beýleki sortlary ýurdumyzyň iki welaýatyndaMary we Ahal welaýatlarynda ekiler.
Türkmenobahyzmat döwlet birleşiginde TDH-nyň habarçysyna habar berişleri ýaly, şu ekiş möwsüminde dürli kysymdaky traktorlaryň 7 müňe golaýy, ekijileriň 2 müňden gowragy, gowaça kultiwatorlarynyň 5 müňe golaýy we ekişi bökdençsiz geçirmegi üpjün etmek, beýleki agrotehniki çäreleri ýerine ýetirmek üçin zerur bolan oba hojalyk gurallary işlediler.
Ekişiň öňüsyrasynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Bugdaýly, Lebap welaýatynyň Galkynyş etrabynyň Watan we Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Ýeňiş daýhan birleşiklerinde obany mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň möhüm meselelerine bagyşlanylan, obasenagat toplumynyň depginli ösüşini, ýokary düşewüntliligini, oba hojalyk önümlerini öndürmegiň möçberlerini durnukly ösdürmegi üpjün etmek boýunça okuw maslahatlary geçirildi.
Ak altynyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek bilen baglanyşykly möhüm meseleler şol okuw maslahatlaryna gatnaşyjylaryň üns merkezinde boldy. Okuw maslahatlaryna gatnaşanlaryň hatarynda welaýat we etrap häkimlikleriniň, Türkmenpagta döwlet konserniniň, Türkmenobahyzmat döwlet birleşiginiň, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň beýleki düzüm birlikleriniň, şeýle hem Türkmenstandartlarynyň, Daýhanbankyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, ýaşulular, agronomlar, mehanizatorlar, kärendeçi pagtaçylar bar. Hususan-da, gowaça ekişini guramaçylykly we öz wagtynda geçirmek, gowaçany ösdürip ýetişdirmegiň ähli tapgyrlarynda agrotehniki kadalary berk berjaý etmek, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, oba hojalyk ýerleriniň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, suw serişdelerini hem-de mineral dökünleri rejeli peýdalanmak, ösümlikleri zyýan beriji mör-möjeklerden we haşal otlardan goramak barada gürrüň edildi.
Bu ýere ýygnananlar öz çykyşlarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen obasyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge berýän ägirt uly ünsi, ýurdumyzyň ekerançylarynyň iş we durmuş şertlerini gowulandyrmak barada işjeň alada edýändigi üçin çuňňur hoşallyk bildirip, milli Liderimiz tarapyndan obasenagat toplumynda geçirilýän özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy üçin ähli tagallalaryny, bilimlerini we tejribesini gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
Ekiş möwsüminiň başlanmagy mynasybetli dabaralaryň çäklerinde oba hojalyk tehnikasynyň we Türkmenistanyň obasenagat toplumynyň önümleri gaýtadan işleýän kärhanalarynyň önümleriniň sergileri guraldy. Welaýatlaryň aýdym-saz we tans-halk döredijiligi toparlary pagtaçylar üçin aýdym-saz sowgatlaryny taýýarladylar.