6.9 C
Aşkabat
22.11.2024
DURMUŞ

Türkmenistanda Gülçülik we Bagçylyk Boýunça Halkara Sergi Öz Işini Tamamlady

Paýtagtymyzda işini tamamlan Gülçülik we bagçylyk boýunça halkara sergi gözelligiň, döredijilik ylhamynyň we bahar joşgunynyň baýramçylygyna öwrüldi. Onuň guramaçylary – Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy hem-de Medeniýet ministrligi iri gülçülik sergisini Halkara zenanlar gününe – 8-nji marta bagyşladylar. 

Sergi ýurdumyzyň ösümlikçilik pudagyny ösdürmekde, bag ekmek babatda gazanylan üstünlikleri, bezeg güllerini we nahallaryny ösdürip ýetişdirmekde häzirki zaman tehnologiýalaryny, güller bilen bezemek, tebigat dizaýny babatda täze çemeleşmeleri görkezdi. 

Söwda-senagat edarasynyň sergi zaly iki günüň dowamynda gülleriň, ajaýyp aýmançalaryň we pannolaryň, gunçalap oturan bezeg hem-de miweli agaçlaryň ummanyna gark bolup oturan ertekilerdäki erem bagyna öwrüldi. Sergä gelenler şäheriň seýilgäh toplumynda bolşy ýaly, gök zolaklaryň arasy bilen gezelenç etmäge, oturgyçlarda oturyp dynç almaga, güller dükanyna girip, göwün söýen güllerini seçip almaga mümkinçilik aldylar. Sergä gelenler üçin foto studiýalar we gözellik salonlary öz hyzmatlaryny hödürlediler. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýaz günleri geçirilmegi asylly däbe öwrülen giň gerimli sergi oňa gatnaşyjylaryň köpsanlysyny özüne çekdi, olaryň hatarynda daşky gurşawy goramak, jemagat hojalygy, oba we suw hojalygy, söwda hem-de daşary ykdysady aragatnaşyklar boýunça döwlet düzümleri, Zenanlar birleşiginiň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri öz diwarlyklaryny hem-de tekjelerini gurnap, ýurdumyzyň ajaýyp ösümlikler dünýäsini goramak, bag ekmek, şäher we oba tebigatyny özgertmek, döwrebap dizaýnyň hem-de tebigat sungatynyň milli öwüşginini goramak wezipelerini çözmekde toplan ägirt uly tejribelerini we mümkinçiliklerini görkezdiler. 

Türkmen halky asyrlarboýy öz bereketli topragyny gülläp öwüsýän behişdi mekana öwürmäge çalşyp, ýaşyl öwüsýän ýaýlalary, bagy we üzüm meýdanlaryny döredip geldiler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda häzirki taryhy döwürde maksadalaýyk durmuşa geçirilýän ekologiýa syýasaty, üstünlikli amala aşyrylýan Milli tokaý maksatnamasy netijesinde türkmeniň köpasyrlyk arzuwy hasyl boldy. Bu maksatnamanyň çäklerinde ýurdumyzda her ýyl agaç nahallarynyň 3 million düýbi oturdylýar. Häzir Türkmenistanyň ähli künjeklerinde bu asylly işiň miwelerini görmek bolýar—ýurdumyzyň dürli ýerlerinde, giň zolaklarda el bilen döredilen tokalyklar gözüňi dokundyrýar. Ynha, ýakyn wagtda, asylly däbe görä, ajaýyp Nowruz baýramynyň hormatyna geçirilýän dabaralaryň başyny başlaýan ýaz ýowarynyň barşynda paýtagtymyzyň töwereginde hem-de welaýatlarda pürli, saýaly we miweli agaçlaryň, üzümiň onlarça müň nahallary oturdylar. 

Türkmenistanlylaryň hil taýdan täze, ýokary durmuş ölçeglerini üpjün etmäge, döredijilikli zähmet çekmegi we dynç almagy üçin ähli şertleri döretmäge gönükdirilen toplumlaýyn şähergurluşyk ösüş maksatnamasyny durmuşa geçirmek özüneçekiji durmuş gurşawyny döretmek üçin bag-seýilgäh dizaýnynyň, gül bezegçiliginiň hem-de tebigat arhitekturasynyň tärleriniň başarnykly peýdalanylmagyny öz içine alýar. Okgunly özgerýän ýurdumyzyň paýtagtynyň gözel keşbi munuň aýdyň mysaly bolup durýar. 

Ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek mümkinçiligine höwes bildirip, sergä gülçülik we bagçylyk ulgamynda, ýyladyşhana hojalygyny gurmak babatda öz teklipleri hem-de täze işläp düzmeleri bilen daşary ýurtlardan, şol sanda Fransiýadan, Hytaýdan, Türkiýeden, Eýrandan we beýleki ýurtlardan iri assosiasiýalaryň hem-de kompaniýalaryň 16-synyň wekilleri geldiler. Aşgabat serginiň barşynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin täze işewür gatnaşyklaryny berkitmek maksady bilen işewür duşuşyklar hem-de tanyşdyryş çäreleri geçirildi. Şekillendiriş hem-de bezeg-amaly sungatyň ussatlarynyň ajaýyp suratlary we haly önümleri serginiň öwüşgini artdyrdy. 

Iki günlük serginiň işiniň ahyrynda oňa gatnaşyjylara degişli diplomlary we şahadatnamalary gowşurmak dabarasy boldy. Sergä gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, onda döwlet Baştutanymyza degişli ugurda netijeli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge gönükdirilen gülçülik sergisini üstünlikli geçirmäge ýardam edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirilýär.

Degişli makalalar

Halkara Zenanlar Gününiň Hormatyna Baýramçylyk

syrach

Çöldäki guýular taryhyň şaýatlary.

syrach

Halkara Maslahatyna Gatnaşyjylar

syrach