19.9 C
Aşkabat
25.11.2024
SPORT

Türkmenistanda Güýzki At Çapyşyk Möwsümi Badalga Aldy

Paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň atçylyk sport toplumlarynda güýzki at çapyşyk möwsümi balaga aldy. Ol düýnä belli ahalteke bedewleriniň mekanynda—Türkmenistanda örän meşhur atçylyk sportunyň köpsanly muşdaklaryny ýygnady.

Yzygiderli geçirilýän at çapyşyklarynyň baş maksady atçylyk babatda türkmen halkynyň köpasyrlyk däplerini we baý tejribesini wagyz etmek, ajaýyp ahalteke bedewlerini gorap saklamak we  bütin dünýäde giňden ýaýmak, ýaşlary atçylyk sportuna çekmek bolup durýar. 

Emele gelen asylly däbe görä, at çapyşyklarynyň başlanmagy mynasybetli guralýan çäreler türkmen toýuna mahsus ýagdaýda geçdi. At çapyşyklary başlanmazdan öň tanymal tans we döredijilik toparlarynyň, bagşylaryň we estrada aýdymçylarynyň çykyşlary guraldy. Olar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda eziz Watanymyzyň gazanan ägirt uly üstünliklerini wasp etdiler.

Türkmen türgenleriniň görkezme çykyşlary, şeýle hem sportuň küşt we milli görnüşleri boýunça  bäsleşikler tomaşaçylarda uly gyzyklanma döretdi. Amaly-haşam sungatynyň ussatlary tarapyndan taýýarlanan sergiler ahalteke bedewlerine, türkmen tebigatynyň gözelligine bagyşlandy. Ýaýbaňlandyrylan çäreler  at çapyşyklarynyň güýzki möwsüminiň  biziň ýurdumyza uly baýramçylyk ýaly bolup gelendigini aýdyň görkezdi.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň atçylygyny ösdürmek, türkmen halky üçin bu gadymy pudagyň däplerini gaýtadan dikeltmek, behişdi bedewleriň janköýeri, ýurdumyzyň we daşary döwletleriň hünärmenleriniň göz ýetiren, ussat çapyksuwar milli Liderimiziň  üns merkezinde durýar.  Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde  atçylyk sungaty ylmy esasda öwrenilip başlandy. Milli Liderimiziň hut özi  “Ahalteke bedewleri-biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” atly ensiklopedik işiniň awtory bolup durýar.

Täze taryhy döwürde ýurdumyzyň atçylygy döwlet ähmiýetli iş diýlip ykrar edildi. Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegi, arassa ganly ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak boýunça  maksada gönükdirilen çäreleriň yzygiderli geçirilmegi, şeýle hem ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda halkara ülňülerine laýyk gelýän we döwrebap tehnikalar bilen üpjün edilen atçylyk sport toplumlarynyň ulanmaga berilmegi munuň aýdyň mysaly bolup durýar. Milli Liderimiziň başlanmagy bilen ýurdumyzda atçylyk sportuny we at çapmak ussatlygyny  giňden ýaýmaga, ilkinji nobatda ýaşlaryň arasynda wagyz etmäge uly üns berilýär. 

Şenbe güni–5-nji sentýabrda Aşgabat atçylyk sport toplumynda güýzki at çapyşyk möwsümini ýetginjek çapyksuwarlar iki ýaşar bedewleri bilen  açdylar. Olar dokuz çapyşykda 1000 metr aralykda ýaryşdylar, jemleýji 10-njy çapyşykda bolsa 1200 metr aralykda iň ýyndamy kesgitlediler. 

Netijede at çapyşyklarynda iň gowy görkezijileri Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyndan bolan Nurnazar atly çakan at (1 minut 10,7 sekunt), Mynasyp diýen gara gysrak (1 minut 10,2 sekunt), Gurlutaý atly gara at (1 minut 12,4 sekunt), Gara altyn  atly gara gysrak (1 minut 8,4 sekunt), Gumry diýen gara dor at (1 minut 9,4 sekunt), Ogul atly dor at (1 minut 10,4 sekunt), Jannesip atly gara at (1 minut 8,9 sekunt), Märkew diýen  dor gysrak (1 minut 11,8 sekunt), Garaçaý atly gara dor at  (1 minut 13,5 sekunt) we  Aýdere diýen gara gysrak (1 minut 22,4 sekunt) gazandylar. 

***

Aşgabadyň atçylyk sport toplumynda at çapyşyklarynyň ikinji güni—ýekşenbede, 6-njy sentýabrda üç we dört ýaşar ahalteke bedewleriniň gatnaşmagynda on çapyşyk geçirildi. Olar dürli aralyklarda bäsleşdiler.

Çekeleşikli ýaryşyň netijesinde pellehana ilkinji bolup Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumyndan bolan Gökýaýla diýen gara gyr at (1 minut 40,7 sekunt), Türkmenistanyň Adalat ministrligine degişli bolan Absent atly gara at (1 minut 42,4 sekunt), Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumyndan bolan Şaperi diýen dor gysrak (1 minut 57,5 sekunt), Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumyndan bolan Maýagözel diýen dor gysrak (1 minut 58,1 sekunt), Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugyna degişli bolan Jygalybeg diýen al at (1 minut 55,4 sekunt), Senem atly gara dor gysrak (2 minut 9,6 sekunt), Goňurbaş diýen dor at (2 minut 23,6 sekunt), Hansöýen  atly al at (2 minut 44,8 sekunt), Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginine degişli bolan Gerçek diýen al at (2 minut 46,0 sekunt) hem-de Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrligine degişli bolan Merdana atly gyzyl gyr at (2 minut 47,4 sekunt) geldiler. 

Ýeňijileriň hemmesine gymmatly baýraklar gowşuryldy.

Degişli makalalar

Mümkinçiligi Artdyrýan Ýoldaşlyk Duşuşyklary

Türkmenistanda Bütindünýä tennis güni bellenildi.

syrach

Türkmenistanyň Futbol Boýunça Ýygyndysy Öz Toparynda Ikinji Orny Eýeledi