Şenbe güni Türkmenistanda 1948-njy ýylyň ýer yranmasynyň ýyl dönümine gabatlanylyp, hatyra güni bellenilip geçilýär.
Dogry 64 ýyl mundan ozal, 1948-nji ýylyň 5-nji oktýabryndan 6-njy oktýabryna geçilen gije Aşgabat şäheriniň territoriýasynda güýji 9 bal bilen 10 balyň aralygynda ýüz beren ýer yranmada adatdan daşary uly gerimde ýykan-ýumrançylyklar ýüze çykypdy.
Şonda Aşgabat şäherinde we onuň töwereklerinde bu tebigy betbagtçylykdan ölenleriň sany, dürli çeşmelere laýyklykda, 40 müň bilen 110 müňüň aralygynda diýlip hasaplanylýar.
Munuň özi tutuş dünýäniň taryhynda iň güýçli ýer yrmanmalaryň biri bolupdy. Statistiki maglumatlarda bu ýer yranmada şol wagtky Aşgabadyň jaýlarynyň 98 prosente golaýynyň weýran bolandygy aýdylýar.
Garaşsyzlyk ýyllarynda her ýylyň 6-njy oktýabryny ýörite hatyra güni hökmünde belläp geçmeklik ýola goýuldy.