Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa Katar Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Ali Hamad Al-Sulaýtiden ynanç hatyny kabul etdi.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Baştutanynyň adyndan myhmany jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda we hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde üstünlikler arzuw etdi.
Ilçi öz gezeginde hoşniýetli arzuwlar üçin hoşallyk bidirip, türkmen döwletiniň Baştutanyna, tutuş türkmen halkyna öz ýurdunyň ýolbaşçylygynyň adyndan mähirli salamy we iň oňat arzuwlary aýtdy.
Duşuşygyň barşynda diplomat hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça we ýolbaşçylygynda halkymyzyň maddy-hal ýagdaýynyň has-da gowulandyrylmagyna, türkmenistanlylaryň abadançylygynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen iri möçberli durmuş-ykdysady taslamalaryň amala aşyrylyşy bilen tanyşdyryldy. Şunda türkmen döwletiniň okgunly innowasion ösüşine, ýaşlar baradaky syýasatyň amala aşyrylmagyna, ilatyň sagdyn durmuş ýörelgesine, enelige we çagalyga goldaw berilmegine gönükdirilen wezipeleriň ýerine ýetirilişine aýratyn üns berildi.
Şeýle hem doly ygtyýarly ilçi türkmen parlamentiniň gurluşy we köptaraplaýyn işi, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Mejlisiň täze çagyrylyşynyň deputatlarynyň öňünde durýan wezipeler bilen tanyşdyryldy.
Diplomat häzirki döwürde Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmelere uly gyzyklanma bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän syýasaty netijesinde garaşsyz türkmen döwletiniň halkara derejesinde uly abraýa eýe bolandygyny belledi. Şeýle hem ilçi ýurdumyzda bolup geçýän oňyn özgertmeleriň giň gerimlidigini belläp, ak mermere beslenen türkmen paýtagtynyň munuň ajaýyp subutnamasydygyny aýtdy.
Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi babatda bar bolan mümkinçilikler, döwletara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň möhümdigi, hususan-da, iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna we özara düşünişilmegine ýardam berýän medeni gatnaşyklar barada pikir alşyldy.
* * *
Şu gün Katar Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Türkmenstanyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi.
Jenap Ali Hamad Al Sulaýtiniň ýurdumyzyň birnäçe ministrliklerinde we pudak edaralarynda geçirjek duşuşyklarynyň barşynda söwda-ykdysady we beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşylar.
Medeni çäreleriň maksatnamasynyň çäklerinde Katar Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi türkmen paýtagtyndaky iri muzeýleriň gymmatlyklary we Aşgabadyň gözel künjekleri bilen tanşar.