Oba hojalyk pudagynda ekin dolanşygynyň dürli usullary ulanylýar, munuň üçin ot-iýmlik ekinler, esasan hem ýorunja, şeýle hem gowaçadan we galladan öň kösükli ösümlikler ekilýär. Kösükliler mikroelementleri, şol sanda ösümlikleriň ösüşi üçin peýdaly azot emele getirip, topragyň ýokarky gatlagyny baýlaşdyrýar.
Olary şeýle hem güýzlik ekinlerden öň mallara ot-iým hökmünde hem ekýärler. Bir gektar ýere 30 kg arpa tohumy sepilýän bolsa, nohudyň tohumy üç esse köp ekilýär. Olaryň palajy we samany ot-iýmlik garyndylaryň möhüm bölegidir, çünki olarda beloklar galla ekinlerimdäkiden has kändir, şeýle hem olarda şeker, karotin, B, PP, C witaminler toplumy bardyr. Şeýle kösükli ösümlikleriň galla ekinlerinden öň ekilmegi mallar üçin gymmatly iýmleri kör möçberde taýýarlamaga mümkinçilik berýär.
Zerurlyk çykanda kösüklileri toprak üçin biologik dökün hökmünde-de ulanýarlar. Meselem, olaryň ösüş döwri tamamlanandan soň olary ýygmaýarlar-da, sürüp goýberýärler. Ol sürülýän meýdanlaryň fiziki-himiki ýagdaýyny gowulandyrýar, toprakda bolup geçýän mikrobiologik işjeňligi güýçlendirýär. Bu dökün oba hojalyk tehnikalary giňişleýin ulanylanda az çykdajy bilen ýokary netije gazanmaga mümkinçilik berýär.
Biziň toprak-howa şertlerimiz üçin üýtgeşik ekin bolan nohut ekmek hem netijeli usuldyr. Biziň howa şertlerimizde çyglylygy halaýan bu ekinden peýda az ýalydyr. Ösümlik yssy düşmänkä hasyla durup ýetişmese-de, onuň gök bölegi köp bolýar, bu bolsa ony ot-iýmlik ekin hökmünde ýetişdirmegiň peýdalydygyny görkezýär. Häzirki wagtda käbir oba hojalyk önümlerini öndürýän hususyýetçileriň, ekerançylyk we maldarçylyk hojalyklarynyň atyzlarynda nohudyň Ramonsk-77, Özbek-71 görnüşleri ýetişdirilýär. Ösümlik hasyla duranda ýere ýazylýar, mehaniki zepere duýgur tohumlary orulanda ýere dökülýär.
Nohut ýetişdirmegiň barşyna gözegçilik edýän alymlar bu ekiniň diňe bir mehaniki usulda işlenilmegine we dökünlere däl, eýsem toprakda we howada çyglylyga-da duýgurdygyny ýüze çykardylar. Şonuň üçinem ol şaly ekilýän sebitlerde–Daşoguz welaýatynda ekilýär. Şaly ekin dolanşygynda möhüm aralyk ekin bolup, ondan köp hasyl almaga mümkinçilik berýär. Güýzlik-gyşlyk ekin bolan nohut gowaçanyň täze görnüşleri özleşdirilende gowaça ekilýän sebitlerde-de ekilýär.