7.9 C
Aşkabat
24.11.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistanda Mejlisiň Deputatlarynyň, Halk Maslahatlarynyň Hem-de Geňeşleriň Çykyp Giden Agzalarynyň Ýerine Saýlawlar Geçirildi

Türkmenistanda Mejlisiň Deputatlarynyň, Halk Maslahatlarynyň Hem-de Geňeşleriň Çykyp Giden Agzalarynyň Ýerine Saýlawlar Geçirildi

Ýurdumyzda Mejlisiň çykyp giden deputatlarynyň ýerine aýry-aýry saýlaw okruglary boýunça, şeýle hem halk maslahatlarynyň agzalarynyň, welaýatlaryň dolandyryş-çäk gurluşynyň üýtgemegi bilen baglylykda Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary geçirildi.

Şu gün ir sagat 7-de açylan bu örän möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärä doly taýýar edilen Türkmenistanyň ähli saýlaw uçastoklarynda Döwlet senasynyň owazy astynda dabaraly ruhubelentlik ýagdaýy emele geldi. Şu gün ilkinji gezek ses bermäge gatnaşýan ýaş saýlawçylara hormatly ýaşulular saýlaw toparlarynyň agzalary bilen bilelikde ýadygärlik sowgatlary gowşurdylar.

Bu çäräniň geçirilişine gözegçiligi amala aşyrýan synçylaryň belleýşi ýaly, saýlawlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan oňyn syýasatyny durmuşa geçirmegiň hem-de türkmen jemgyýetiniň demokratik binýatlaryny pugtalandyrmagyň ýolundaky möhüm ädim boldy. Bu jemgyýetçilik-syýasy çäre türkmenistanlylaryň ýurdumyzyň we halkymyzyň röwşen geljeginiň bähbidine döwlet işlerine işjeň gatnaşýandyklaryny aýdyň görkezdi.

Öz saýlawçylaryna milli parlamentde hem-de ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynda wekilçilik etmek hukugyna ildeşlerimiziň uly hormatyndan hem-de ynamyndan peýdalanýan iň mynasyp raýatlar dalaş edýärler. Dalaşgärleriň hatarynda oba zähmetkeşleri, döwlet edaralarynyň wekilleri, dürli pudaklaryň esasy hünärmenleri, ykdysadyýet, bilim, ylym, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynyň işgärleri, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň we birleşikleriniň wekilleri bar. Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de Geňeş agzalarynyň her bir ornuna syýasy partiýalardan we raýatlar toparlaryndan birnäçe dalaşgär bellige alyndy — şeýlelikde, şu günki saýlawlar, öňki geçirilen saýlawlar ýaly, giň bäsdeşlik, demokratiýa we aýanlyk ýagdaýynda geçdi.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň maglumatlaryna görä, ses bermek üçin bellenilen wagtda saýlaw okruglarynyň çäklerinde ähli saýlaw uçastoklary bir wagtda açyldy. Aşgabat şäherinde saýlaw uçastoklarynyň 21-si, Ahal welaýatynda 40-sy, Balkan welaýatynda 11-si, Daşoguz welaýatynda 59-sy, Lebap welaýatynda 31-si, Mary welaýatynda 93-si açyldy.

Türkmenistanyň Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlary boýunça Aşgabat şäheriniň 7-nji “Güneş” saýlaw okrugy boýunça hem-de Mary welaýatynyň 106-njy “Wekil” saýlaw okrugy boýunça saýlawçylaryň 58 müň 393-si bellige alyndy.

Welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň hem-de Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça uçastok saýlaw toparlary tarapyndan 175 müň 521 saýlawçy bellige alyndy.

Saýlawlaryň geçirilişine milli synçylar gözegçiligi amala aşyrdylar, olar ähli saýlaw uçastoklarynda boldular. Synçylaryň baha bermegine görä, saýlawlar bäsdeşlik we demokratik esasda, ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyga hem-de halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna berk laýyklykda geçirildi.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň maglumatlaryna görä, saýlaw uçastoklarynyň ýapylýan wagtyna — sagat 19-a çenli Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlaryna saýlawçylaryň 91,02 göterimi, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň hem-de Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna saýlawçylaryň 90,91 göterimi gatnaşdy.

Merkezi saýlaw topary tarapyndan yglan edilen maglumatlara görä, saýlawlar geçirildi diýlip hasap edildi.

Saýlaw uçastoklary ýapylandan soňra, sesler sanalyp başlanyldy. Saýlaw kodeksiniň düzgünlerine laýyklykda, ses bermegiň jemleri ýakyn wagtda yglan ediler.

Degişli makalalar

Prezidentimiziň we BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Munuň Duşuşygy

syrach

Türkmenistan Koronawirus Pandemiýasy Sebäpli Öz Raýatlaryny Daşary Ýurtlardan Getirmegini Dowam Edýär

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Halk Artisti Myrat Baýramgeldiýew Diňe Bir Zehinli Aýdymçy Däl, Eýsem Ussat Bagbanam