14.9 C
Aşkabat
21.11.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Türkmenistanda Merkezi Aziýa Halkara Ekologiýa Forumy Geçirilýär

Türkmenistanda Merkezi Aziýa Halkara Ekologiýa Forumy Geçirilýär

Paýtagtymyzda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe bagyşlanan “Merkezi Aziýada daşky gurşaw we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlyk etmek üçin başlangyç”atly Merkezi Aziýa boýunça Halkara ekologiýa forumy öz işine başlady.

Ilkinji gezek geçirilýän bu forum Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti hem-de Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan, BMG-niň Ösüş maksatnamasy hem-de Ýewropa Komissiýasy tarapyndan esaslandyrylan hökümete dahylly bolmadyk Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkezi tarapyndan guraldy. Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkeziniň işi esasan Merkezi Aziýada durnukly ösüş boýunça başlangyjy amala aşyrmaga gönükdirilendir. Ol sebitiň ýurtlary tarapyndan öňe sürlüp, BMG-niň durnukly ösüş boýunça 2002-nji ýylda Ýohannesburgda (GAR) geçirilen Bütindünýä Sammitine gatnaşyjylar tarapyndan goldanyldy.

Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkezini döreden ýurtlaryň hersinde nobatlaýyn esasda geçirmek meýilleşdirilýän Merkezi Aziýa boýunça halkara ekologik forumy sebitiň durnukly ösüşiniň ähli meseleleri boýunça köptaraplaýyn pikir alyşmalar üçin binýady emele getirmäge we şol bir wagtyň özünde ählumumy abadançylygyň we rowaçlygyň bähbidine oňyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge gönükdirilendir.

Aşgabatda geçirilýän bu gezekki duşuşyga Belgiýadan, Wengriýadan, Germaniýadan, Italiýadan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Türkmenistandan, Özbegistandan, ABŞ-dan, Çehiýadan, Şweýsariýadan — jemi dünýäniň 13 ýurdundan ugurdaş ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, ylym-bilim merkezleriniň ýolbaşçylary, öňdebaryjy hünärmenleri, işjeň ekologlar gatnaşýarlar. Paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda forumyň resmi açylyş dabarasy boldy. Oňa daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň işgärleri we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem gatnaşdylar.

Foruma gatnaşýanlaryň hatarynda BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, BMG-niň öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Merkezi Aziýadaky Sebitleýin merkeziniň, BMG-niň daşky gurşawy goramak boýunça Maksatnamasynyň, BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň, BMG-niň senagat taýdan ösüş baradaky Guramasynyň, BMG-niň howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasynyň we BMG-niň çölleşmä garşy göreş baradaky Konwensiýasynyň Sekretariatlarynyň, Ýewropa Bileleşiginiň, BMG-niň Ýewropa Ykdysady toparynyň, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň, Bütindünýä bankynyň Araly halas etmek boýunça Halkara gaznasynyň, Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň (GIZ), Tebigaty we tebigy serişdeleri goramak boýunça Halkara bileleşiginiň, Beýik Britaniýanyň guşlary goramak boýunça Patyşalyk jemgyýetiniň, tebigaty goramak boýunça Mihael Zukkowyň Gaznasynyň, Stokgolm halkara suw institutynyň we beýlekileriň wekilleri bar.

Soňra çykyş eden Merkezi Aziýa döwletleriniň wekiliýetleriniň baştutanlary sebitiň ýurtlarynyň şertlerine we milli tebigaty goramak strategiýasynyň möhüm ugurlaryna laýyklykda, Durnukly ösüş maksatnamalaryna utgaşmak boýunça Hereketleriň meýilnamasynyň ýerine ýetirilişine aýratyn üns berdiler.

Bu ugurlaryň her biri boýunça Türkmenistan oňyn tejribe toplady. Ol sebitiň umumy meseleleriniň çözülmegine oňyn goşant bolar. Ýurdumyzyň ykdysady we durmuş taýdan durnukly ösüşiniň möhüm ugry hökmünde ekologiýa meselesine hormatly Prezidentimiziň aýratyn ähmiýet bermegi bu ugurdaky özara gatnaşyklaryň möhümdigini alamatlandyrýar diýlip, çykyşlarda bellenildi.

“Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi we suw serişdeleri boýunça ekologiýa hyzmatdaşlygy üçin çagyryşlar we mümkinçilikler” mowzugy boýunça geçirilen maslahat forumyň esasy bölegine öwrüldi. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, howanyň üýtgemegi adamzat üçin çynlakaý wehimleriň biri bolup durýar. Munuň özi sebitiň gurak zolaklarynda ýerleşen we Aral meselesi hem-de onuň täsiri bilen bagly ýurtlarda öňüni alyş çäreleriniň geçirilmeginiň zerurlygyny ýüze çykarýar.

Howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly esasy ekologiýa we durmuş-ykdysady meseleleriň hatarynda bar bolan suw serişdeleriniň ýetmezçiligi, daglardaky doňaklyklaryň tiz eremegi, ýerleriň sandan çykmagy we çölleşmegi, ekoulgamyň bozulmagy, biologik dürlüligiň ýitmegi ýaly meseleler bar. Şunuň bilen birlikde doly ýagmagy, suw joşmagy, guraklyk, yzygiderli ýagyn gelmegi, sil akymlary ýaly howply we ekstremal gidrometeorologik ýagdaýlaryň töwekgelçiligi ýokarlanýar. Bu bolsa umuman oba hojalygynyň ösüşine, ýerleriň hasyllylygyna, maldarçylyga, ykdysadyýetiň beýleki pudaklaryna ýaramaz täsir edýär we döwletiň azyk we energetika howpsuzlygyna, şeýle hem sebitiň ilatynyň durmuş üpjünçiligine ýaramaz täsir edýär hem-de syýahatçylygyň özüne çekijiligini peseldýär.

Bu ýerde guralan pikir alyşmalaryň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna gönükdirilen ulgamlaýyn çäreleriň kabul edilmeginiň zerurdygy hakynda aýdyldy. Şu wezipeler bilen baglanyşykly meseleler köp babatda suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagy bilen utgaşykly bolýar. Şonuň üçin hem Forumyň maksatnamasy suw we ekologiýa mowzugyny birleşdirýär. Şunuň bilen birlikde, nebitgaz pudagynda, elektroenergetikada, himiýa senagatynda, ulag ulgamynda we beýleki pudaklarda ekologiýa taýdan arassa, netijeli gurallaryň döredilmeginiň ähmiýetlidigi bellenilýär.

BMG-niň biologiýa dürlüligi, çölleşmä garşy göreş, howanyň üýtgemegi, ozon gatlagyny goramak, serhetüsti suw akymlaryny, halkara kölleri peýdalanmak baradaky tebigaty goramak konwensiýalaryny tassyklap, ýurdumyz öz üstüne alan brorçnamalaryna gyşarnyksyz eýerýär. BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň daşky gurşaw baradaky Maksatnamasy, Ählumumy Ekologiýa Gaznasy we beýleki abraýly halkara düzümleri bilen milli hem-de sebileýin derejede onlarça ekologiýa maksatnamalary we taslamalary durmuşa geçirilýär.

Suw, ýer we biologik serişdeleri netijeli peýdalanmak, biologik dürlüligi hem-de tebigy aýratynlyklary gorap saklamak, çölleşmä, tokaýlaryň ýitip gitmegine garşy göreşmek, ilatyň ekologiýa düşünjeliligini ýokarlandyrmak boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar. “Howanyň üýtgemegi boýunça milli strategiýa”, “Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasy” we “Ilaty arassa agyz suw bilen üpjün etmek baradaky baş maksatnama” tapgyrlaýyn amala aşyrylýar.

Giň möçberli suw hojalyk taslamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. “Altyn asyr” Türkmen kölüniň ilkinji nobatdakysynyň gurulmagy bilen meýdanlardan zeý suwlaryny sowýan kollektorlar bir bitewi ýokary netijeli gidroulgama birikdirildi. Onuň netijesinde ekerançylyk ýerleriniň suwaryş ýagdaýy gowulanýar. Drenaž suwlaryny suw akabalaryna akdyrmagyň öňi alynýar. Häzirki döwürde bu ägirt uly taslamanyň ikinji nobatdakysynyň gurluşygy dowam edýär. Munuň özi ýerasty suwlaryň oba hojalygy üçin gaýtadan ulanylmagynyň oňyn geljeginii açýar. Bu bolsa sebitiň ekologiýa ýagdaýyna oňyn täsirini ýetirýär.

Türkmenistanyň 2017-2019-njy ýyllarda Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna başlyklygynyň Konsepsiýasy toplanylan tejribäniň, sebitiň döwletleriniň iri halkara guramalary, ilkinji nobatda bolsa BMG we onuň daşky gurşawy goramak, durnukly ösüş boýunça ýöriteleşdirilen agentlikleri hem-de edaralary bilen ýygjam gatnaşyklary işjeňleşdirmek boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň özara hyzmatdaşlygyny ähli ugurlar boýunça giňeltmegi we pugtalandyrmagy nazarlaýar.

Forumyň ilkinji gününiň Maksatnamasyna “Suw hyzmatdaşlygy we ekologiýa babatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hukuk binýadynyň utgaşdyrylmagy” atly mejlisi girizildi.

Degişli makalalar

Resul Gylyjowyň Ýolbaşçylygyndaky Orkestr Dante Aligýeriniň «Ajaýyp Komediýasynyň» Bir Parçasyny «Gürrüň Berer»

turkmenhabargullugy

Wideoşekilli Iş Maslahatynda Durmuş-Ykdysady Taýdan Ösüşiň Kadalaşdrylyşy we V Aziýa Oýunlaryna Taýýarlyk Meseleleri Garaldy

Stambul Şäherinde Halkara Nowruz Baýramy Fotosuratlary

turkmenhabargullugy