Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlaryň harby bölümleri söweşjeň taýýarlyk ýagdaýyna getirilip, görkezme söweş-taktiki tälim beriş türgenleşigine badalga berildi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň degişli buýrugyna laýyklykda, bellenen tertipde goşunlary söweşjeň taýýarlyga getirmek barada nobatçy güýçlere habar berlip, dessine harby dolandyryş ulgamy ýaýbaňlandyryldy. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň goşun görnüşleriniň serkerdeleriniň hasabatlary diňlenip, görkezme söweş-taktiki tälim çärelerini üstünlikli geçirmek barada ýurdumyzyň Goranmak ministrliginiň ýolbaşçy düzümleriniň öňünde anyk wezipeler goýuldy.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy tarapyndan berlen buýrugy birkemsiz we bellenilen wagtda ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň düzümleriniň sazlaşykly hereketleri ýola goýuldy.
Guryýer goşunlarynyň, harby howa güýçleriniň we howa hüjüminden goranmak goşunlarynyň, harby-deňiz güýçleriniň harby bölümleri söweş niýetlenmesi boýunça öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmek üçin söweşjeň taýýarlyk derejesine getirildi. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň ygtyýarynda bar bolan harby uçarlar, dikuçarlar, uçarmansyz uçarlar, söweşjeň we üpjünçilik gämileri, raketa-artilleriýa ýaraglary, harby we ýörite tehnikalar saklawdan çykaryldy hem-de söweşjeň hasabat boýunça meýilleşdirilen çärelere guramaçylykly girişdiler. Yşarat boýunça şahsy düzüm aýaga galdyrylyp, olar şahsy söweşjeň enjamlaryny aldylar.
Bu çäre goşun bölümleriniň ýörişi mahalynda olaryň söweşjeň ukyplaryna baza bermäge gönükdirlendir. Goşunlaryň dolandyryş ulgamynda hereket edýän aragtanaşykçylara aýratyn orun degişlidir. Olar dürli şertlerde hereketleriň dolandyrylmagyny we utgaşdyrylmagyny üpjün ýdän meýdan aragtanaşyk bödümlerini ýaýbaňlandyrýarlar. Goranyş kuwwatyna eýe bolan harby düzümleriň bu baglanyşdyryjy düzümi has-da aýratyn gözden geçirildi.
Söweşjeň ýöriş şahsy düzümiň hünär derejesini, tehniki taýýarlygy we goşun birikmeleriniň bitewüligini äşgär edýär. Bellenilen synaga esgerlerden başlap, generallara çenli ähli serkerdeler gatnaşýar.
Onuň baş maksady Milli goşunyň ähli bölümleriniň bilelikdäki hereketlerini işläp taýýarlamakdan we söweşjeň ukyby ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň goranyş kuwwatyny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak, Ýaragly Güýçleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, Türkmenistanyň goranyş häsiýetie eýe bolan Harby doktrinasynyň milli Liderimiz tarapyndan işlenip taýýarlanylan esasy kadalaryna laýyk getirmek we ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat ugruna daýanmak boýunça zerur işler alnyp barylýar.
Milli Liderimiziň yzygiderli belleýşi ýaly, özygtyýarly Türkmenistanyň Harby doktrinasy ýurdumyzyň halkara bileleşigi tarapyndan berlen hemişelik bitaraplyk derejesine laýyk gelýän Watanymyzyň mukaddes çäkleriniň eldegrilmesizligini, mähriban ýurdumyzda parahatçylygyň we abadançylygyň üpjün edilmegini nazarlaýan syýasata daýanýar. Şunlukda, Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň depgininiň we halkymyzyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirilen giň möçberli özgertmeler özüniň oňyn netijesini berýär.
Bu gezekki duýdansyz guralan harby-taktiki türgenleşigi Milli goşunymyzyň goranyş ukybyny we harby gullukçylaryň söweş taýýarlygyny barlamak maksady bilen ýaýbaňlandyryldy.
Milli goşunymyzyň harby bölümleri söweş hereketlerini sazlaşykly ýerine ýetirmek üçin bellenen tertipde okuw-türgenleşik merkezlerine tarap düzgün-tertipli harby ýörişi amala aşyrmaga girişdiler.