Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli goşunymyzyň harby bölümlerini söweşjeň taýýarlyk derejesine getirip, görkezme söweşjeň-taktiki tälim beriş hereketlerini geçirmek barada beren Buýrugyna laýyklykda, söweşjeň taktiki tälim beriş çäreleri dowam edýär. Şu gün döwlet Baştutanymyz görkezme söweşjeň taktiki tälim beriş hereketlerine gatnaşyp, onuň geçirilişini synlady.
Ir bilen döwlet Baştutanymyz dikuçary özi dolandyryp, görkezme söweş-taktiki tälim beriş pursatlarynyň geçýän ýerine geldi.
Görkezme harby-taktiki çäreleriniň başlamazynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy bu ýerde häzirki zaman harby we ýöriteleşdirilen tehnikalaryň sergisini synlady. Olar soňky döwürde milli goşunymyzyň ygtyýaryna gelip gowşan häzirki zaman harby tehnikalarydyr. Bu ýerde görkezilýän tehnikalaryň köpüsiniň şu günki geçirilýän harby okuw-türgenleşiklerine gatnaşýandygyny bellemeli.
Bu ýerde görkezilen harby tehnikalar we olaryň söweşjeň aýratynlyklary bilen tanşyp, döywlet Baştutanymyz milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň mundan beýläk-de berkidilmegi, harby gullukçylaryň hünär derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy ugrunda döwletimiziň mundan beýläk-de alada etjekdigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň kysymy boýunça has täze bolan bronly harby tehnikanyň häsiýetli aýratynlyklaryny barlap görmek maksady bilen, ony özi dolandyryp gördi.
Milli goşunyň söweşjeň taýýarlygyny gözden geçirmek maksady bilen guralan harby çäräniň dowamynda döwrebap tehnikalaryň aýratynlyklary, olaryň söweşjeň ukyplary doly äşgär edilýär. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň şahsy düzümleri Ýaragly Güýçleriň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň göreldesine eýerip, döwrebap harby tehnikalara ussatlyk bilen erk edip, öz öňlerinde goýlan wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmek ugrunda zerur tagallalary edýärler.
Döwlet Baştutanymyz milli goşunymyzyň şahsy düzümleriniň häzirki zaman harby—söweşjeň tehnikalaryny netijeli peýdalanmaklary, olaryň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagy hem-de bu ugurda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi babatda ähli zerur tagallalaryň görülmegi hakynda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra milli Liderimiz görkezme taktiki-t-lim beriş türgenleşigine gatnaşyp, bu ýerde ýaýbaňlandyrylan çäreleri synlady.
Bu ýerde we ýurdumyzyň beýleki goşungalalarynyň çäklerindäki okuw merkezlerinde geçirilen harby türgenleşiklere syn etmek göni aragatnaşyk arkaly ýola goýuldy.
Watan goragçylarynyň öňünde durýan wezipeler, hemişe ýokary derejedäki söweşjeň taýýarlygy gazanmak ugrunda geçirilýän yzygiderli türgenleşiklerden, dürli ot açyş ýaraglarydyr harby tehnikalara, söweşjeň uçarlara ussatlyk bilen erk etmek endiklerini kämilleşdirmekden, dürli şertlerdäki tabşyryklary ýerine ýetirmek üçin berk beden taýýarlygyny gazanmakdan ybarat bolup durýandygyny bellemeli. Watan goragçylary islendik pursatda öňde goýlan wezipelere üstünlikli amal etmek maksady bilen, söweşjeň taýýarlyk derejelerini yzygiderli ýokarlandyrýarlar, dürli söweşjeň enjamlara, harby tehnikalara kämil derejede ussatlyk bilen erk etmegi başarýarlar. Şeýle hem olar dürli şertlerde islendik wezipeleri ýerine ýetirmek üçin zerur bolan beden taýýarlyklaryny üpjün edýärler.
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň şahsy düzümi şu günki geçirilýän görkezme söweş-taktiki hereketlerine gatnaşýarlar. Olar kämil derejedäki sowutly söweş tehnikalarynda söweş tertibini ýaýbaňlandyrýarlar. Häzirki wagtda Serhet goşunlarynyň düzümine häzirki zamanyň iň kämil harby tehnikalary gelip gowuşýar. Bu harby tehnikalar pulemýotlardan nyşanalara dürs ot açýarlar. Bu harby tehnikalary dürli tebigy şertlerde döwlet serhedimiziň ygtybarly goragyny üpjün etmekde örän ähmiýetlidir.
Serhet goşunlarynyň bölümleri wezipäni üstünlikli ýerine ýetirip, ot atyş sepgidinden çykýarlar. Dünýäniň iň kämil harby tehnikalary we sowutly awtoulaglary bolan bu tehnikalar, kuwwatlylygy, hereket tizlikleri we ýokary geçirijiligi bilen tapawutlanýar hem-de eziz Watanymyzyň dürli geografik şertlerinden geçýän Döwlet serhedimiziň ygtybarly goragyny üpjün etmekde netijeli ulanylýar.
Söweşjeň hereketleri ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň howa hüjüminden goranmak goşunlary dowam edýärler. Bu ýerde ýörite uçar nyşanlary asmana uçurylýar. Howadaky 1-nji uçar nyşany häzirki döwürde dünýä ýüzünde iň kämil hasaplanylýan döwrebap asmana atyjy raketa toplumy bilen ýok edilýär.
Ýeri gelende aýtsak, asmana atyjy raketa toplumy Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän harby-taktiki söweşjeň dolandyryş meýdanynda ýaýbaňlandyrylan söweşjeň hereketlerde hem netijeli ulanylýandygyny, onuň hem “Türkmen Älem-52oE” aragatnaşyk hemrasy arkaly göni aragatnaşykda görkezilýändigini bellemeli.
Deňiz tälim meýdanynda gämi urgy toparlary Hazar deňzimiziň araçäklerini şertli garşydaşdan goramak üçin, söweş atyşyklaryny geçirýärler. Deňiz tälim meýdanynda geçirilýän türgenleşigiň barşynda Harby-deňiz güýçleriniň we Serhet goşunlarynyň gämi urgy toparlary, deňiz-pyýada bölünmeleri, howa hüjüminden goranyş bölümleri hem-de raketa goşunlary we artilleriýa bölümleri deňiz araçäklerine aralaşan şertli toparlary ýok etmek üçin bellenen çäklerde ýaýbaňlanyp zarba urgularyny geçirdiler. Bellenen wagtda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Harby-howa güýçleriniň we howa hüjüminden goranmak goşunlarynyň MIG-29 kysymly söweşjeň uçarlary howa söweşini alyp bardylar. Häzirki wagtda tehniki taýdan üpjünçiligine aýratyn üns berilýän ýurdumyzyň Harby-howa güýçleri Türkmenistanyň deňiz çäkleriniň we guryýer serhediniň howa giňişligini ygtybarly goraýar.
Howa giňişliginde «Su-25» kysymly söweşjeň uçarlary dürli çylşyrymly hereketleri amala aşyryp, asman giňişliginde howa söweşini ýerine ýetirdiler. Şertli howa söweşiniň barşynda MIG-29 söweşjeň uçarlary hüjüm edip, ýokary derejedäki taktiki emelleri görkezdiler.
Söweş hereketleri alnyp barlanda, artilleriýa ýaraglary söweşe ilki başlap, garşydaşa uly zyýan ýetirmek bilen, pyýada we tank goşunlarynyň şowly hüjüm etmeklerine amatly şertleri döredýär. Şonuň üçin hem artilleriýa ýaraglarynyň nyşana dürs urup, ony hatardan çykarmagy örän möhümdir. Özi ýöreýän artilleriýa desgalary bu wezipä abraý bilen hötde gelýärler. Bu kuwwatly artilleriýa desgalary nyşanalary hatardan çykarmakda ussatlyk görkezýär.
Guryýer goşunlary garşydaşyň guryýer toparlanyşynyň urgularyny serpikdirmek, eýeleýän etraplaryny we serhetlerini saklamak, güýç bilen giren goşunlary derbi-dagyn etmek üçin şertleri döretmek we olary ýeňlişe sezewar etmek üçin niýetlenendir. Guryýer goşunlarynyň iň kuwwatly harby tehnikalary bolan T-72 kysymly kuwwatly tanklar ot açyş sepgidini eýelemek üçin okgunly hereket edýärler. T-72 kysymly kuwwatly tanklar hereketiniň dowamynda öňdäki nyşanalara garşy ot açýarlar.
Häzirki zaman söweşi tanklary, artilleriýany hem-de beýleki kuwwatly söweş tehnikalary ulanmak bilen, oňa gatnaşýan ähli goşunlaryň birleşdirlen güýçleri bilen alnyp barylýar.
Kuwwatly tanklar ot açyş sepgidine gelenlerinden soňra, öňdäki nyşanalara pulemýodyndan ot açýar. Tanklar birlikde zalp bilen ot açýarlar hem-de nyşanalary bellenen araçäkde hatardan çykarýarlar.
Soňra Bereket goşungalasynyň türgenleşik merkezinde kuwwatly T-72 tanklaryň söweş hereketleri geçirilýär. Bu ýerde alnyp barylýan söweşjeň harby hereketler “Türkmen Älem 52oE” milli aragtanaşyk hemrasynyň üsti bilen wideo aragatnaşyga çykarylýar.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Bereket goşungalasynda ýerleşýän okuw-türgenleşik merkezinde Guryýer goşunlarynyň esasy urgy güýji bolan tankçylar bölünmeleri özleriniň söweş ussatlygyny görkezýärler. Tankçylyk bölünmeleri batalýonlaýyn, rotalaýyn we wzowdlaýyn ýaýbaňlanyş sepgitlerinde özara sazlaşykly hereketleri ýerine ýetirdiler.
Guryýer goşunlarynyň howa hüjüminden goranmak goşunlarynyň düzümindäki harby tehnikalary ot atyş gönükmesini ýerine ýetirmek üçin bellenen sepgide tarap hereket edýärler.
Garşydaşyň pes belentlikden uçýan uçarlaryny we garşydaşyň howa nyşanalaryny ýok etmek üçin niýetlenen Guryýer goşunlarynyň asmana atyjy raketa toplumlary ot atyş orunlaryny eýeläp, bellenen aralykdaky nyşanalara garşy ot açýar. Nyşanalar mergenlik bilen hatardan çykarylýar.
Dolandyryş nokadynyň öňünde BMP-2 söweş tehnikalary ýörite goýlan nyşanalara garşy ot açmagyny dowam edýär. BMP-2 kysymly pyýada goşunyň söweş tehnikasyna erk edýän harby gullukçylar ot açyş urgusy bilen nyşanany hatardan çykaryp, öz ussatlyklaryny görkezdiler.
Milli goşunyň söweşjeň taýýarlygynyň duýdansyz gözden geçirişiň barşynda şertli duşmany ýok etmek boýunça ýaýbaňlandyrylan söweş hereketleri Serhetabat goşungalasynda hem ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerde motoatyjy bölümeler tarapyndan geçirilýän söweşjeň hereketler wideoaragatnaşyk arkaly alnyp görkezildi.
Raketa goşunlary we artilleriýa bölünmeleri şertli garşydaşy ýitgä sezewar etmek hem-de amatsyz ugra ýaýbaňlanmaga mejbur etmek maksady bilen,olaryň hereket edýän hatarlaryna netijeli urgy geçirýärler. Bu ýerde hem häzirki döwürde goşun bölümlerinde iň kämil hasaplanylýan asmana atyjy raketa toplumy arkaly nyşanalara ot açyş geçirildi.
Zynjyrly mina germewleýji söweş meýdanlarynda topragyň içinde nikaplama bilen ýa-da topragyň üstünde nikaplamazdan mehanizmleşdirilen tanka garşy minalary gurnamak üçin niýetlenendir. Onuň söweş toplumynda 208 sany mina bar. Söweş hasabaty 3 adamdan ybarat bolan bu mina goýujy maşynyň, 1 metr çuňluga çenli mina goýmaga ukyby bar.
MT-12 kysymly 3 topdan ybarat tanka garşy wzwody amatly ot açyş meýdançasyny eýelemek üçin edýän hereketi gury ýerde agdyklygy gazanmakda ähmiýetlidir. Şol nukdaýzanardan şertli garşydaşyň tanklaryna garşy göreşmek hem-de ony hatardan çykarmak üçin, esasy güýçleriň jemlenen ugurlarynda tanka garşy ätiýaç döredilýär.
Tanka garşy wzwody öňdäki nyşanalar boýunça jemlenen ot açyşyny urgusyny amala aşyrdylar. MT-12 tanka garşy wzwodynyň täsirli ot atyş urgulary netijesinde, türgenleşik meýdanyndaky bellenen nyşanalar hatardan çykarylýar.
Görkezme söweşjeň-taktiki tälim beriş türgenleşigiň barşynda guryýer goşunlarynyň granat atyjylary hem söweş ussatlyklaryny görkezmek üçin geldiler. Häzir goranyşyň öňdäki hatarynda ýerleşen granat atyjylar ot atyşy başlarlar. Ilki bilen tanka garşy granat atyjydan ot açylýar. Ot atyşyň netijesinde nyşana ýok edilýär.
Goranyş söweşi alnyp barlanda, goranyşyň öňdäki çägini böwsüp geçen şertli garşydaşyň tanklaryny we sowutly tehnikalaryny serpikdirmek üçin niýetlenen tanka garşy ätiýajyň düzüminde RPG-7 we AGS-17 kysymly granat atjylaryň hereketi zerur bolup durýar .Olaryň bellenen nyşana dürs urmaklary netijesinde nyşanalar hatardan çykarylýar.
Raketa goşunlary we artilleriýanyň reaktiw söweş maşynlaryndan zalp bilen ot açylýar. Olar uly çuňlukdaky şertli nyşanalar boýunça ot açmaklygyny dowam etdirýär.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň artilleriýa bölümçeleri söweş tehnikalarynda şertli garşydaşyň ot açyş sepgitlerine yzygiderli ot açyş zarbasyny geçirýär. Olaryň hereket edýän ugry boýunça reaktiw artilleriýa tehnikalaryndan yzygiderlilikde urgy geçirilýär.
Şeýle hem şertli minaly meýdançada howpsuzlandyryş toplumy bilen pyýada geçelge ýasalýar. Munuň özi pyýada goşunlaryň bökdençsiz hereketini üpjün etmek üçin niýetlenendir.
Milli goşunymyzyň himiýa düzümleriniň häzirki döwürde iň kämil hasaplanylýan ot zyňyjy harby tehnikasy herekete girizilýär. Ol şertli garşydaşyň ýeňil sowutlanan tehnikalaryny hatardan çykarmak, kerpiç-beton bukalgalary ýok etmek üçin niýetlenendir.
Söweş hereketleri alnyp barlanda minaly meýdanlarda partladyş usuly bilen geçelgeleri açmak üçin niýetlenen minasyzlandyryjy gural, partlamak usuly bilen hereket edýän goşunlarymyzyň bölünmelerine geçelge döredýär. Bu gurala erk edýän harby gullkçylar öz usatlyklaryny görkezýärler.
Söweşjeň ýagdaýa ýakyn harby hereketleriň barşynda motoatyjy bölünmeleriň hereketini goldamak zerurlygy ýüze çykýar. Şu maksat bilen artilleriýa topy, howa partlamasyny amala aşyrmak bilen ot atyş wezipesini ýerine ýetirýär. Söweşjeň hereketleri alnyp barlanda artilleriýa ýaraglary şertli garşydaşa uly zyýan ýetirmek bilen, pyýada we tank goşunlarynyň amatly hüjüm etmekleri üçin zerur şertleri üpjün edýär. Şonuň üçin artilleriýa ýaraglarynyň nyşana dür urup, ony hatardan çykarmagy örän möhümdir.
Ýörite maksatly toparlaryň mergenleri öz goşunlarymyzyň söweş hereketleriniň howpsuzlygyny üpjün etmek we şertli garşydaşyň esasy güýçlerini ýok etmek üçin, şertli garşydaşy aňladýan nyşanalar boýunça mergenlik bilen ot açýarlar. Ýörite maksatly toparlar hereket edende, öňde goýlan wezipäni birkemsiz ýerine ýetirmek üçin mergenlere möhüm orun degişlidir.
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň, Milli howpsuzlyk ministrliginiň, Içeri işler ministrliginiň hem-de Döwlet Serhet gullugynyň ýörite maksatly bölümleri dessin hereket bilen zabt etmek, taktiki ot açyş emellerini ýerine ýetirmek, söweş hereketlerde özara penalamak we dolandyrmak boýunça hereketleri başarjaňlyk bilen alyp barýarlar. Ýörite maksatly topar, söweş hereketiniň sazlaşykly hem-de ussatly amala aşyrylmagyny gazanmak üçin aýgytly, çalasyn hereket edýärler.
Şunlukda harby tehnikalara we ýaraglara ussatlyk bilen erk etmekde has tapawutlanýan ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň harby gullukçylary özleriniň ussatlyk derejelerini yzygiderli ýokarlandyrýarlar. Munuň özi ýurdumyzyň jhli künjeklerinde ýaýbaňlandyrylan söweşjeň-harby hereketlerde has aýdyňlygy bilen ýüze çykdy. Bu bolsa Bitarap Türkmenistanyň goranmak häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň we ýurdumyzyň harby söweşjeň taýýarlygynyň ýokary derejede mynasypdygyny alamatlandyrýar. Munuň özi döylet Baştutanymyzyň tagallasy bilen, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň goranyş ukybyny artdyrmaga gönükdirilen köpugurly harby özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Watan goragçylarynyň mundan beýläk-de mukaddes harby borja we watançylyk kasamyna wepaly gulluk etjekdiklerine, olaryň ýurdumyzyň parahatçylygyny, asudalygyny, halkymyzyň abadan durmuşyny jan aýaman gorajakdyklaryna ynam bildirdi we tutuşlygyna goranyş häsiýetine eýe bolan Türkmenistanyň Harby doktrinasynyň yzygiderli berkidilmegi, ýurdumyzyň Harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy ugrunda döwletimiziň yzygiderli alada etjekdigini aýtdy.
Soňra Döwlet Baştutanymyz şu günki çärä gatnaşyjylara alyp barýan asylly işlerinde üstünlik arzuw edip, bu ýerden ugrady.
Dürli goşun bölümleriniň harby-taktiki hereketlerini gözden geçirmek dowam edýär.