Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa Norwegiýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Ole Ýohan Bernoýdan ynanç hatyny kabul etdi. Türkmenistanyň Baştutanynyň adyndan milli parlamentiň ýolbaşçysy ýokary wezipeli myhmany jogapkärli diplomatik wezipesine bellenmegi bilen gutlap, Türkmenistan bilen Norwegiýanyň arasyndaky dostlugy hem-de hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak işinde üstünlikler arzuw etdi.
Öz nobatynda, diplomat hoşniýetli arzuwlar üçin hoşallyk bildirip, dünýäniň ähli döwletleri bilen dostluk gatnaşyklaryny ýola goýmaga, ählumumy bähbitlere oňyn gatnaşyklary ösdürmäge işjeň ýardam edýän parahatçylyk dörediji merkez hökmünde ykrar edilen döwletde öz ýurduna wekilçilik etmegi uly abraý we hormat hasaplaýandygyny nygtady.
Soňra bolan söhbetdeşligiň barşynda ilçi Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň içeri syýasatynyň esasy we ileri tutulýan ugurlary, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmeleriň barşy bilen tanyşdyryldy. Ylym we bilim ulgamlarynda durmuşa geçirilýän, ýurdumyzyň okgunly ösmegine, Türkmenistanyň dünýäniň ykdysady we maglumatlar giňişligine üstünlikli goşulyşmagyna ýardam edýän özgertmelere aýratyn üns berildi. Türkmenistanda welaýatlaryň durmuş düzümini ösdürmäge, oba ýerlerinde döwrebap mekdepleri, hassahanalary, çagalar baglaryny we sagaldyş merkezlerini gurmaga uly ähmiýet berilýändigi nygtaldy.
Ilçi şeýle hem milli parlamentiň düzümi we özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmäge gönükdirilen işi bilen tanyşdyryldy. Şol özgertmeler bolsa ýurdumyzy ösüşleriň täze derejesine çykarmaga, onuň her bir raýatynyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga ýardam edýär.
Öz nobatynda, jenap Ole Ýohan Bernoý Norwegiýada Türkmenistanda amala aşyrylýan oňyn özgertmelere uly gyzyklanma bilen syn edýändiklerini belledi. Dünýäniň dürli ýurtlary we halkara guramalary bilen oňyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge alnan ugur döwleti we jemgyýeti mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir diýip, diplomat aýtdy we öz ýurdunyň doly hukukly wekili hökmünde Türkmenistanda döwletara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge ýardam etmegi göz öňünde tutýandygyny nygtady.
Söhbetdeşligiň barşynda şeýle hem bilim ulgamynda gatnaşyklary pugtalandyrmak, hususan-da, hünärmenleri taýýarlamak, syýahatçylyk we medeni ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri barada durlup geçildi.
Duşuşygyň ahyrynda norwegiýaly diplomat iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň uly kuwwata eýe bolmak bilen, ýakyn geljekde onuň häzirki döwrüň talaplaryna hem-de özara bähbitlere laýyk gelýän giň möçberli gatnaşyklara öwrülmegi üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyna ynam bildirdi.
* * *
Şu gün Norwegiýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Ole Ýohan Bernoý ýurdumyzyň Daşary işler ministirliginde kabul edildi. Duşuşygyň barşynda döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmek meseleleri barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.