13.9 C
Aşkabat
21.11.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Türkmenistanda Oba Hojalygyny Durnukly Ösdürmäge Gönükdirilen Halkara Taslamasynyň Üçünji Tapgyry Başlandy

Türkmenistanda Oba Hojalygyny Durnukly Ösdürmäge Gönükdirilen Halkara Taslamasynyň Üçünji Tapgyry Başlandy

Paýtagtymyzyň „Ýyldyz“ myhmanhanasynda Ýewropa Bilelişiginiň ýardam bermeginde amala aşyrylýan „Türkmenistanyň oba hojalygyny we obalaryny mundan beýlägem durnukly ösdürmäge ýardam etmek“ taslamasynyň üçünji tapgyry bilen tanyşdyryldy.

Oňa Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, Tebigaty goramak we ýer serişdeleri boýunça döwlet komitetiniň, Maliýe, Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrlikleriniň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň gurluş bölümleriniň, şeýle hem işi oba hojalyk önümçiligini düzgünleşdirmek bilen baglanşykly guramalaryň wekilleri, önümçilikçi -alymlar gatnaşdylar.

Duşuşyga gatnaşan ÝeB-niň Türkmenistandaky kontakt býurosynyň baştutany Lýubomir Frebort we taslamanyň ýolbaşçysy Artur Rassel dört ýyla niýetlenen taslamanyň esasy ugurlary bilen tanyşdyrdylar. Ony amala aşyrmaga önümleri içerki bazarlarda ýerlýän we daşary ýurtlara ugradýan söwda we marketing kärhanalary, konsalting kompaniýalary çekiler. Oba hojalyk önümçiliginde dünýä tejribesini öwrenmegi hem öz içine alýan çäreler ykdysadyýetiň agrar pudagynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlamdyrmaga gönükdirilendir.

Tanyşdyrylyşyň çäklerinde önüm öndürmek we ony gaýtadan işlemek, bazaryň talaplaryny öwrenmek, hyzmat ediş we goldaýjy kompaniýalary ösdürmegiň meselelerine garaldy.

Taslamanyň daşary ýurtly ýolbaşçylary Türkmenistanyň oba hojalyk önümlerini eksporta ibermäge uly mümkinçiliginiň bardygyny bellediler. Bu jähtden taslama Türkmenistanyň oba hojalygyny ösdürmäge, türkmen fermerlerini, gök-miwe önümleri we teplişa hojalyklaryny, balyk köeldýän fermalary goldamaga niýetlenendir.

Söhbetdeşligiň barşynda ösümlikçilik, maldarçylyk, önümleri gaýtadan işlemek, olaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, ýurduň daşyndan getririlýan önümlere derek ýerli önümleri öndürmek, suw bilen üpjünçilik we suwaryş, marketing babatda tejribe alyşmak ýaly geljekki işiň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. Türkmenistan ekologiýa taýdan arassa azyk önümlerini ömdürýär, olary daşary ýurtlara köp ugradýan ýurda-da öwrülip biler–diýip, ýygnanlar bellediler.

Tanyşdyrylyşyň dowamynda Türkmenistanyň oba we suw hojalygy ministrliginiň we ýurdumyzyň Senagatçlar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri ýer we suw serişdelerine aýawly çemeleşmek, hojalygy ýöretmegiň ylmy taýdan barlanylan usullaryna we innowasiýalary ornaşdyrmaga daýanýan agrosenagat toplumyny özgertmegiň barşyny seljerdiler.

Oba hojalygy Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň iň möhüm pudagydyr. Häzirki wagtda suwarylýan ýerleriň aglaba bölegi husuhyýetçilere kädendesine berilip, türkmenistanlylary azyk bilen üpjün edýän gök-miwe önümleri öndürilýär. Döwletiň orta möhletli perspektiwada oba hojalyk önümçiligni döwlet kärhanalaryndan şahsy eýeçilige , kärendeçileriň daýhan birleşiklerine bermegi göz öňünde tutmagy tötänden däldir. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi ýurdumyzda importdan gelýän önümlere derek ýerli önümleri öndürmekde, ykdysadyetde hususy pudagyň paýyny artdyrmakda, täze iş orunlaryny döretmekde uly ähmiýetli işleri alyp barmalydyr.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi (Türkmenistan Awiakompaniýasy Hakynda)

turkmenhabargullugy

300 Sany Sowgat