Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda bina edilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň täze desgasynyňsebitde iri “Berkarar” atly söwda-dynç alyş merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bu taslamasyna turuwbaşdan ýurdumyzda döredilýän häzirkizaman söwda pudagynyň möhüm düzüm bölegi hökmünde aýratyn dereje berildi. “Berkarar” mundan beýläk Aşgabadyň ajaýyp künjekleriniň birine öwrüler we paýtagtymyzyň bezegi bolar.
Merkeziň eýwanynda maglumatlar tablosy goýlupdyr. Onuň kömegi bilen merkeziň bölümleri, görnüşlerine görä, harytlaryň söwdasynyň guralýan bölümleri, şeýle hem toplumyň körpeler üçin niýetlenen oýun zallary barada maglumat alyp bolýar. Merkeziň ýaş hünärmeni milli Liderimizi “Berkarar” söwda-dynç alyş merkezi baradaky umumy maglumatlar, onuň aýratynlyklary bilen tanyşdyrýar. Merkezi gurmak üçin bölünip berlen ýer böleginiň umumy meýdany, onuň abadanlaşdyrylan ýanaşyk çäklerini hasaba alanyňda, 17,5 gektardan ybaratdyr. Bu12 gatly işewürlik merkezi dört gatly söwda-dynç alyş merkezi bilen bir bitewi binany emele getiripdir. Binanyň ýanynda 1300 ulaga niýetlenen üsti telärli duralga bar. Merkeziň ýanaşyk ýerinde dynç alyş üçin ähli amatlyklary özünde jemleýän suw çüwdürimler toplumy bolan seýilgäh zolagyny gurmak meýilleşdirilipdir.
Merkeziň birinji we ikinji gatlarynda 340-dan gowrak dükany bolan söwda ulgamy ýerleşýär. Onuň üçünji we dördünji gatlarynda birnäçe restoranlar, naharhanalar, çaýhanalar hereket edýär. Mundan başga-da, merkezde örän köp görnüşli oýun enjamlary bolan çagalar üçin zal, buzly meýdança, bouling merkezi, tomaşaçylaryň ýaş aýratynlyklary esasynda enjamlaşdyrylan birnäçe kinoteatrlar bar.
Söwda merkezinde alyjylar we bu ýerde işleýän satyjylar üçin ähli amatly şertler üpjün edilipdir. Merkeziň hasaplaşyk ulgamlarynda nagt we bank plastik kartlarynyň üsti bilen nagt däl görnüşde hasaplaşyklary amala aşyrmak mümkinçilikleri ýola goýlupdyr. Bir söz bilen aýdylanda, täze toplumda dünýäniň öňdebaryjy iri söwda merkezleriniň kämil guramaçylyk çözgütleri we döwrebap bezeg aýratynlyklary öz beýanyny tapypdyr.
Mundan başga-da, milli Liderimiz çagalar oýnawaçlary dükanyna baryp gördi we körpelere şatlyk paýlaýan oýnawaçlaryň hili bilen gyzyklandy. Oýnawaçlaryň görnüşleri saýlanyp alnanda, iň kiçi ýaşly körpeler üçin aň-paýhasy ösdüriji oýnawaçlar, ulurak ýaşly çagalar üçin bolsa aň-paýhas oýunlary, konstruktorçylyk, interaktiw we radio dolandyryş modeller saýlanyp alynmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýidy. Esasy zat, haryt sertifikatlaşdyrylan we çaga üçin howpsuz bolmalydyr.