9.9 C
Aşkabat
21.11.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar YLYM

Türkmenistanda Ýaşlary Ýokary Okuw Mekdeplere Kabul Etmegiň Möçberi Artdyryldy

Türkmenistanda Ýaşlary Ýokary Okuw Mekdeplere Kabul Etmegiň Möçberi Artdyryldy

Ýurdumyzda ýokary hem-de orta hünär mekdeplerine resminamalary kabul etmek çäreleri başlandy. Bu çäräniň ilkinji güni işjeň häsiýete eýe boldy. Munuň özi türkmen ýaşlarynyň täze bilimleri, hünär ussatlygyny ele almaga, ýurdumyzyň intellektual we ykdysady kuwwatynyň artdyrylmagyna, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňde goýlan ägirt uly wezipeleriň çözülmegine goşantlaryny goşmagy arzuw edýändikleriniň subutnamasydyr.

Resminamalary kabul etmek işleriniň öňüsyrasynda ýaşlaryň, mekdepleriň uçurymlarynyň arasynda köpçülikleýin düşündiriş işleriniň geçirilendigini bellemek gerek, ýokary we ýörite orta okuw mekdeplerine bagyşlanan telegepleşikler, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çap edilen makalalar bu işlere gönükdirilendir, şeýle hem “Açyk gapylar” günleri geçirildi.

Ministrler Kabinetiniň 7-nji iýulda geçirilen giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyz okuwlara kabul etmek işleriniň ýokary derejede, açyklyk we aýanlyk ýagdaýynda geçirilmeginiň zerurdygyny nygtap, ýokary okuw mekdeplere, hakykatdan-da, başarjaň we zehinli ýaşlaryň girmelidigine hem-de okamalydygyna aýratyn ünsi çekdi.

Täze, 2017—2018-nji okuw ýylynda ýokary okuw mekdeplere jemi 8 müň 308 talyby kabul etmek meýilleşdirilýär, munuň özi geçen ýyldakydan 1052 adam (14 göterim) köpdür. Täze ýokary okuw mekdebi — Jemagat hojalygy instituty hem ilkinji gezek talyplary kabul eder. Şu ýyldan başlap onda bu ulgam üçin ýokary derejeli hünärmenler taýýarlanyp başlanylar.

Orta we başlangyç hünär okuw mekdeplerine, degişlilikde, 8 müň 317 we 25 müň okuwçy kabul ediler.

Türkmenistana häzirki zaman bilimlerini özleşdiren, ýokary ahlakly, başarjaň hünärmenler zerur bolup durýar, olar jogapkärçilikli çözgütleri özbaşdak kabul etmäge ukyply bolmalydyrlar, işjeňligi, maksada okgunlylygy bilen tapawutlanmalydyrlar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtaýar. Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde, dünýäde intellektual we tehnologiýa bäsdeşliginiň ösen zamanasynda ýokary hilli bilimiň kesgitleýji şert bolup durýandygyny, onuň ýurdumyzyň döwür bilen aýakdaş hemmetaraplaýyn ösmegini üpjün etmelidigini belleýär.

Ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine kabul edilýän talyplaryň sanynyň yzygiderli artdyrylmagy, olarda täze hünär ugurlarynyň açylmagy, tutuş ýurdumyz boýunça häzirki zaman mekdepleriniň we çagalar baglarynyň açylmagy, okuw işleriniň kompýuterleşdirilmegi bu ugurdaky möhüm ädimlerdir. Şunda bilimi ösdürmegiň täze milli doktrinasynyň esasyny ruhy gymmatlyklary, ýurdumyzyň tejribesini hem-de bu ulgamda dünýäde gazanylanlaryň utgaşdyrylmagy düzýär.

Aşgabat şäherinde we welaýat merkezlerinde ýokary okuw mekdeplere, şeýle hem orta hünär mugallymçylyk, lukmançylyk, medeniýet we maliýe-ykdysady ugurlary boýunça resminamalar 26-njy iýula çenli kabul ediler, giriş synaglary bolsa 30-njy iýuldan 22-nji awgusta çenli dowam eder.

Hojalyk hasaplaşygynda işleýän başlangyç hünär okuw mekdepleriniň ýigrimisinde resminamalary kabul etmek işleri 17-nji awgustda tamamlanar. Giriş synaglary bolsa 19—23-nji awgust aralygynda geçiriler.

Türkmen ýaşlarynyň üstünlikleri Watanymyzyň rowaçlygydyr. Häzirki wagtda Türkmenistanyň ýaş raýatlary üçin ýokary hilli bilim almaga, hünär saýlamaga, öz zehinini we başarnyklaryny doly açyp görkezmäge, durmuş maksatlaryny amala aşyrmaga ähli mümkinçilikler döredilendir.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş ugurly syýasaty, şol sanda ýurdumyzda işgärleri taýýarlamagyň ulgamyny özgertmek hem-de yzygiderli ösdürmek boýunça alyp barýan iri möçberli işleri olaryň amala aşyrylmagyna ýardam bermäge gönükdirilendir.

Degişli makalalar

2017-nji Ýylyň 22-30-njy Aprelinde Aşgabat Olimpiýa Toplumynda “Inspiring Ashgabat” Atly Birnäçe Synag Çäreleri Geçiriler

Türkmenistan Fotosuratlary 48

Türkmenistanyň Prezidentiniň Hukuk Goraýjy Düzümleriň Öňünde Hünär Derejesini we Maddy-Enjamlaryň Binýady Ýokarlandyrmak Wezipesini Goýdy