9.9 C
Aşkabat
23.11.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Türkmenistandan Hytaýa 152,9 Mlrd Kub Metr Gaz Iberdi

Türkmenistandan Hytaýa 152,9 Mlrd Kub Metr Gaz Iberdi

Merkezi Aziýa gaz geçirijisi ulanylyp başlany bäri, Türkmenistandan Hytaýa 152,9 mlrd kub metr gaz iberildi.

Türkmenistan – Özbegistan – Gazagystan – Hytaý gaz geçirijisiniň ulanyşa girizilenine ýedi ýyl bolýar. 2009-njy ýylyň 14-nji dekabrynda onuň dabaraly açylyşy boldy. Hut şol sene hem taryhy wakany — Türkmenistan – Hytaý gaz geçirijisiniň ulanyşa girizilenini dabaraly bellemek maksady bilen Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Türkmensitanyň nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň hünär baýramçylygy hökmünde yglan edildi.

Ulanyşa girizilen döwründen 2016-njy ýylyň 30-njy noýabrynda çenli Türkmenistan – Özbegistan – Gazagystan – Hytaý gaz geçirijisi boýunça Türkmenistandan Hytaýa 152,9 mlrd kub metr gaz iberildi. Bu barada CNPC Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň Baş direktory Den Minmin geçen hepde Aşgabatda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2016» halkara nebitgaz sergisinde beýan etdi.

Bellenilişi ýaly, iberilen gazyň umumy möçberinden 100,5 mlrd kub metr gazy «Türkmengaz» döwlet konserni iberdi, 52,4 mlrd kub metri bolsa CNPC kompaniýasynyň TÖP (taýýar önümi paýlaşmak) şertlerinde gaz çykarmak işlerini alyp barýan «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çäginden iberildi.

Häzirki wagtda umumy kuwwaty 55 milliard kub metre barabar bolan magistral gaz geçirijisiniň üç şahasy (А, В, С) hereket edýär. Taraplar dördünji şahany gurmagy (D) meýilleşdirýär. Ýyllyk kuwwaty 25 milliard kub metre barabar bolan bu şahany Türkmenistan-Özbegistan-Täjigistan-Gyrgyzystan-Hytaý ugry boýunça gurmak meýilleşdirilýär. 2016-njy ýylyň apreliniň başlarynda «Uzbekneftegaz» Milli holding kompaniýasy Hytaýa geçýän gaz geçirijiniň dördünji şahasynyň gurluşygynyň taslamasynyň deslapky tehniki-ykdysady esaslandyrmalaryny işläp tamamlamagy meýilleşdirýändigini habar berdi.

CNPC Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasy bilen «Türkmengaz» döwlet konserniniň arasynda öň gol çekilen ylalaşyga laýyklykda Türkmenistan Hytaýa iberýän türkmen tebigy gazynyň möçberini ýylda 65 milliard kub metre ýetirmegi meýilleşdirýär.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Sanly Wideoaragatnaşyk Arkaly Iş Maslahatyny Geçirdi

Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň Daşary Işler Ministrliginiň Wekili Bilen Duşuşyk Geçirildi

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi