9.9 C
Aşkabat
21.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistandan Owganystana ynsanperwer ýük gelip gowuşdy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda Owganystan Yslam Respublikasyna ynsanperwer ýük—Farýab welaýatynyň Garamgol etrabyndaky Saglyk öýi üçin niýetlenen dermanlyk we lukmançylyk enjamlary ýüklenen awtoulag kerweni iberildi.

Hoşmeýilliligiň bu nyşany Türkmenistanyň we onuň halkynyň asyrlar boýy milletiň asyl durkunyň özenini düzen hem-de täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda türkmen Lideri tarapyndan öňe sürülýän syýasatda öz beýanyny tapan parahatçylykly we ynsanperwer ýörelgelere ygrarlydygyny ýene-de bir gezek görkezýän subutnama öwrüldi.

Türkmenistan elmydama goňşy ýurduň halkyna goldaw bermek bilen, däbe öwrülen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga hem-de Türkmenistanyň we Owganystanyň arasyndaky medeni-ynsanperwerlik gatnaşylaryny mundan beýläk-de berkitmäge çalyşýandygyny görkezýär. Ýurdumyz parahatçylygy söýüji syýasatyň özenini düzýän gowulyga we ynsanperwerlige mahsus ýörelgelere eýerip, doganlyk we dostlukly türkmen halkynyň we döwletiniň goldaw bermegi bilen, öz taryhynda täze sahypany açýan Owganystanyň parahat, döredijilikli durmuşy we milli ykdysadyýeti gaýtadan dikeltmegine uly goşnat goşýar.

Bellenilen ýere gelen ynsanperwer ýüki getirenler Farýab welaýatynyň häkimliginiň ýolbaşçylary, Garamgol etrabyndaky Saglyk öýüniň işgärleri we beýleki resmi adamlar, giň jemgyýetçiligiň, şol sanda kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri tarapyndan dabaraly ýagdaýda garşylandy.

Ýygnananlar türkmen wekiliýetiniň agzalaryny mähirli garşylap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we tutuş türkmen halkyna yzygiderli ýagdaýda netijeli kömek berilýändigi üçin çuňňur hoşallyk sözlerini aýtdylar. Çykyşlarda iki ýurduň Liderleriniň arasyndaky özara ynama esaslanýan gatnaşyklaryň saklanmagy, şeýle hem iki halkyň köp asyrlaryň dowamynda dostlukly ýörelgelerine, taryhy we medeni taýdan umumylygyna esaslanýan döwletara gatnaşyklarynyň oňyn häsiýete eýe bolmagy netijesinde türkmen-owgan gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de yzygiderli ösdürilmegi üçin berk binýadyň döredilendigi bellenilip, Owganystanyň halkynyň özüniň parahatçylyk dörediji kuwwatlygyny tutuş adamzadyň bähbidi üçin ulanmaga çalyşýan Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat boýunça döredijilikli strategiýasyna ýokary baha berýändigi aýratyn nygtaldy. Öz gezeginde ýurdumyzyň resmi wekilleri Türkmenistanyň parahatçylyk dörediji syýasata ygrarlydygyny belläp, geljekde-de şol syýasata eýermek arkaly, doganlyk owgan halkyna hemmetaraplaýyn kömek bermegi maksat edinýändigini bellediler.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň serişdeleriniň hasabyna Owganystanyň Farýab welaýatynyň Garamgol etrabynda gurlan Saglyk öýi iň kämil enjamlar bilen abzallaşdyryldy, munuň özi ýerli ilata hyzmatlaryň giň toplumyny hödürlemäge mümkinçilik berýär. Şu gezek gelip gowşan ynsanperwerlik serişdeleri hem bu Saglyk öýüniň berjaý edýän lukmançylyk hyzmatlarynyň derejesiniň mundan beýläk-de ýokarlandyrylmagyna mümkinçilik berer.

Ýurdumyz Owganystana anyk kömek berýär hem-de bu ýurduň parahatçylykly ýagdaýda galkynyşyna goldaw berýär. Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça goňşy döwletde energetika, ulag we beýleki ulgamlarda birnäçe uly möçberli taslamalary durmuşa geçirýär, munuň özi Owganystanyň ösüş gazanmagy, şeýle hem tutuş sebitde hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy üçin oňaýly şertleri döredýär.

Ýakynda Eýran Yslam Respublikasynda Nowruz baýramçylygynyň bellenilen günlerinde Owganystanyň Prezidenti Hamid Karzaý Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşan mahalynda, türkmen döwletiniň Baştutanyna owgan halkyna parahat durmuşy berkarar etmekde we ýurdy mundan beýläk-de ösdürmekde yzygiderli ýagdaýda kömek edilýändigi we hemme taraplaýyn ýardam berilýändigi üçin çuňňur hoşallyk sözlerini aýtdy. Öz gezeginde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystan bilen däp bolan dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklara Türkmenistanyň ygrarlydygyny we goňşy ýurduň ykdysady hem-de medeni taýdan galkynmagyna mundan beýläk-de hemme taraplaýyn kömek bermäge taýýardygyny tassyklady. Türkmen halky parahat we durnukly durmuş tagallalarynda owgan halky bilen tüýs ýürekden raýdaşdyr diýip döwlet Baştutany aýtdy hem-de häzirki wagtda iki taraplaýyn gatnaşyklaryň taryhy netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýan hil taýdan täze tapgyry başdan geçirýändigini belledi.

Şu gezek hem Türkmenistan goňşy ýurtda ykdysady we durnukly ýagdaýyň tiz wagtda dikeldilmegi ugrunda çykyş edip, türkmenleriň goňşuçylykda ýaşaýan halklar bilen dostlukly gatnaşyklary saklamak we ösdürmek, zerur bolan halatynda, olara elmydama kömek bermek üçin goluny uzatmak ýörelgesine ygrarly bolup galýandygyny subut etdi.

Ynsanperwer ýüki garşylamak boýunça dabaralar tamamlanandan soňra şu wakanyň hatyrasyna, Türkmenistanyň we Owganystanyň gülläp ösmeginiň şanyna, iki dostlukly döwletleriň baştutanlarynyň saglygyna toý sadakasy berildi. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Ýurdumyzyň Sebitlerinde Baýramçylyk Mynasybetli Täze Desgalaryň Açylyş Dabaralary

turkmenhabargullugy

Türkmenistan we Germaniýa Özara Bähbitli Hyzmatdaşlygyň Kuwwatyny Artdyrýarlar

Milli howa ulgamynyň üsti täze häzirki zaman uçar bilen ýetirildi.

syrach