8.9 C
Aşkabat
22.11.2024
DURMUŞ

Türkmenistanlylar Mekgä Haj Zyýaratyndan Dolanyp Geldiler

Mukaddes Gurban baýýramynyň bellenilýän günleri Mekgä hem-de Medinä haj parzyny berjaý etmäge giden türkmen zyýaratçylarynyň topary şu gün Watanymyza sag-aman dolanyp geldi.

Musulmanlar üçin mukaddes baýramyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň welaýatlaryndan hem-de Aşgabat şäherinden ildeşlerimiziň 188-si Saud Arabystany Patyşalygyna gidip, şol ýerde dünýäniň ähli künjeklerinden keramatly Käbä sežde etmäge gelen millionlarça zyýaratçylaryň hataryna goşuldylar. Milli Liderimiziň görkezmesi bilen “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugy türkmenistanlylar üçin ýörite howa uçuşyny gurady.

Yslam dininiň beýik mukaddesligi Mekgede ildeşlerimiz Muhammet pygamberiň aramgähine zyýarat etdiler, Mina jülgesine baryp, Arafat dagyna çykdylar, Mekgäniň ýanyndaky keramatly Zem-Zem çeşmesine, Al-Haram metjidine baryp, dessur bolşy ýaly, togap etdiler, mukaddes Käbäniň keramatly Gara daşynyň daşyndan aýlandylar.

Türkmen zyýaratçylary haj parzyny berjaý edýän mahallary Gudraty güýçli Allatagaladan Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegini, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň janynyň sag bolmagyny dileg etdiler.

Iledşlerimiz dogduk Diýarymyza sag-aman dolanyp gelensoňlar, döwlet Baştutanymyza özlerine beren goldawy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, haj parzyny ýerine ýetirýärkäler, Gudraty güýçli Allatagaladan döwlet Baştutanymyzyň janynyň sag bolup, uzak ömür sürmegini, türkmenistanlylaryň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan ähli başlangyçlarynda egsilmez gujur-gaýrat we üstünlik gazanmagyny, bir Alla sygynýan halkymyzyň Watana wepaly bolup, Prezidentimiziň daşynda mäkäm jemlenip, ata Watanymyzyň şu güni we nurana geljegi üçin ýaşamagyny we gurmagyny dileg edendiklerini aýtdylar.

Zyýaratçylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň kalby päkizelige ýugrulan, jemgyýetimiziň ruhy taýdan baýlaşmagyna, her bir şahsyýetiň sazlaşykly ösmegine, ýaş nesilde ýokary ahlak gymmtlyklarynyň kemala gelmegine ýardam berýän milli däp-dessurlarymyzy mynasyp dowam etdirýändigini nygtadylar.

Mukaddes Käbä eden haj parzyňyz hem-de doga-dilegleriňiz Gudraty güýçli Allatagalanyň dergähinde kabul bolsun!

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Senagat we Gurluşyk Önümçiligi Ministriniň Sankt-Peterburg Şäherine Sapary

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Bitarap Türkmenistanyň Halkyny Halkara Nowruz Güni Bilen Gutlady

Ýolagçylaryň Dykgatyna, Syýahat Düzgünlerinde Üýtgeşmeler!