Şu gün ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynyň merkezinde Türkmenistanyň we Bahreýniň ýygyndy toparlarynyň arasynda futbol boýunça Aziýa – 2019 Kubogy ugrundaky saýlama ýaryşyň üçünji tapgyrynyň duşuşygy geçirildi. Çekeleşikli oýunda ýer eýeleri 1:2 hasabynda utuldylar.
Biziň ýygyndymyz “E” toparynda çykyş edýär. Bu toparda Bahreýniň ýygyndysyndan başga-da, Taýwanyň we Singapuryň toparlary çykyş edýärler. Birinji duşuşykda türkmenistanlylar Taýwanyň toparyny ynamly ýeňip (3:1), üç utuk bilen öňdeligi eýeledi. Utulanlaryndan soň, olar bir basgançak aşak düşüp, dört utuk toplan şu günki garşydaşlaryny öňe goýberdiler.
Utulandygyna garamazdan, Türkmenistanyň ýygyndysy nobatdaky tapgyra çykmak üçin mümkinçiligi saklap galýar. Üçünji tapgyrda biziň futbolçularymyz 5-nji sentýabrda Singapuryň ýygyndysy bilen myhmançylykda duşuşar.