13.9 C
Aşkabat
21.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatyndaky iş maslahaty

Türkmenistanyň Ýaşulularynyň nobatdaky maslahatyny geçirmek we oňa taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meseleler, şeýle hem öňde goýulan maksatlary durmuşa geçirmek boýunça iş meýilnamalary Lebap welaýatynyň häkimliginde geçirilen geňeşiň baş meselesi boldy.

Geňeşe Lebap welaýatynyň we etraplarynyň häkimleri, hormatly ýaşulular Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, etrap we şäher jemgyýetçilik guramalarynyň, kärhanalaryň ýolbaşçylary önümçiligiň öňdebaryjylary gatnaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, Ýaşulular maslahaty türkmen jemgyýetiniň gurluşynyň esasy institutlarynyň biri bolmak bilen, ol öz taryhyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Türkmen halky aksakaly ýaşululara uly hormat goýup gelipdir, olaryň baý durmuş tejribesine, paýhasly maslahatlaryna gulak goýupdyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen galkynan täze taryhy eýýamda bu gadymdan gelýän asylly dessur häzirki zaman türkmen döwletiniň we jamgyýetiniň durmuşynda möhüm orny eýeleýär. Täze derejä eýe bolan Ýaşulular maslahatynyň her bir mejlisi umumymilli foruma öwrülýär. Onda döwlet ähmiýetli meseleler orta goýulýar we açyk ýagdaýda ara alnyp maslahatlaşylýar we olary çözmegiň oňaýly ýollary kesgitlenilýär.

Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, ýurdumyzyň hormatly il ýaşulusy, akademik M.Garryýew öz çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tassyk eden Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahaty hakyndaky Karary bilen bu ýere ýygnananlary tanyşdyryp, demokratik özgertmeleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan we halk häkimlilik ýörelgelerine ygrarly bolan ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda bu guramanyň möhüm ornuny belledi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Ýaşulularynyň nobatdaky maslahatyna taýýarlyk görmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda häkimlikleriň jogapkär işgärlerine anyk tabşyryklar berildi.

Milletiň Lideriniň mähriban Watanymyzyň abadançylygyna we rowaçlygyna, halkymyzyň bähbitleriniň üpjün edilmegine gönükdirilen ýadawsyz işi, ýaşuly nesiller hakyndaky hemmetaraplaýyn aladasy üçin çuňňur hoşallyk bildirip, bu ýere ýygnanalar ýurtda ýaýbaňlandyrylan oňyn özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi ugrunda tagalla etjekdiklerini, ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhynda we şöhratly pederlerimiziň wesýet eden beýik ynsanperwerlikli ýörelgeleriniň esasynda terbiýelemäge işjeň gatnaşjakdyklaryny ynandyrdylar.

Maslahatyň ahyrynda Watanymyzyň gülläp ösmeginiň we rowaçlygynyň hatyrasyna hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş saglygyna toý sadakasy berildi. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

T.C. Aşkabat Büyükelçiliği Konsolosluk Şubesinin Işleyişinde Yapılan Düzenlemeler

Prezidentimiz Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine gynanç bildirdi.

syrach

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary

syrach