8.9 C
Aşkabat
22.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Awstriýadaky Medeniýet günleri

Awstriýa Respublikasynyň paýtagtynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri tamamlandy. Dostlukly iki döwletiň –Türkmenistanyň we Awstriýa Respublikasynyň Baştutanlarynyň başlangyjy boýunça bu uly möçlerli döredijilik çäresi dostlukly ýurtda üstünlikli geçirilip, täsirli we ýakymly dabaralara beslendi.

Bu medeni çäräni taryhy waka diýip atlandyrmak bolar, çünki ol goşulyşmagyň barşynyň ösdürilmegi, medeniýete we bilime degişli gymmatlyklar bilen birek-biregiň tanyşmagy üçin görkezilmegine oňaýly şertleriň döredilmegine itergi beren wajyp ähmiýetli waka öwrüldi. Ýeri gelende aýtsak, milli ruhy mirasy aýawly saklamak, öwrenmek we dünýäde giňden wagyz etmek bilen birlikde, dünýäniň çeperçilik medeniýetiniň gazananlaryny çuňňur özleşdirmek berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň medeniýetini we sungatyny ösdürmegiň wajyp ähmiýetli jähetleriniň biri bolup durýar. Bu wezipäniň amala aşyrylmagyna gumanitar ulgamdaky giň halkara gatnaşyklary, dünýä bileleşigi bilen medeni gatnaşyklaryň ýola goýulmagy degerli ýardam berýär. Wenadaky şu medeni çäräniň munuň aýdyň mysalyna öwrülendigini bellemek bolar.

Ozal habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň çäklerinde geçirilen çäreler arkaly wenalylaryň ýurdumyzyň dürli öwüşginli milli folklory, döwrebap saz sungatynyň, milli amaly-haşam döredijiliginiň we kino sungatynyň dürli görnüşleri bilen tanyşdyryldy.

Döredijilik çäresiniň çäklerinde guralan konsertlere, sergä, kinolaryň görkezilişine türkmen halkynyň baý medeniýeti bilen tanşyp, Türkmenistan barada has köp zatlary bilmek isleýän adamlar ýygnandylar.

Ozal bellenilişi ýaly, bu çäräniň maksatnamasyna görä, biziň wekiliýetimiziň Wenanyň dürli muzeýlerine baryp görmegi we gözel künjekleri bilen tanyşmagy göz öňünde tutulypdy. Şunuň bilen baglylykda, maksatnamanyň şol bölegi barada gürrüň edilende, awstriýaly kärdeşler 2010-njy ýylyň aprelinde Aşgabatda Wena şäheriniň Medeniýet günleri geçirilende, türkmen paýtagtyndaky muzeýlere we gözel künjeklere gezelenç edilen mahalynda, türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasynyň örän uly täsir galdyrandygyny ýatladylar. Türkmen toparynyň agzalary şunuň ýaly forumlaryň maksatnamalarynda şol çäreleri wagyz etmek bilen bagly ähmiýetine we Ýewropadaky ýurtlaryň şu ugurdaky tejribesiniň öwrenilmeginiň zerurdygyna düşünip, Awstriýada şol işiň görnüşlerini we usullaryny iş ýüzünde özleşdirdiler, munuň özi Türkmenistanyň taryhy-medeni, şeýle hem häzirki döwürdäki gazananlaryny bütin dünýäde wagyz etmek boýunça ýurdumyzda görülýän çäreleriň netijeliligini artdyrmaga ýardam berer.

Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy Odeon teatrynda geçirildi. Şonuň öňüsyrasynda bu ýerde Türkmenistanyň Baş milli muzeýiniň gaznalarynda saklanýan gymmatlyklaryň sergisi açyldy. Dabara gatnaşyjylar iki ýurduň Prezidentlerine dostlukly döwletleriň arasynda köp ugurly hyzmatdaşlyga , özara peýdaly medeni gatnaşyklaryň geriminiň giňeldilmegine esaslanýan syýasatyň ýöredilýändigi üçin hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Türkmenistanyň Awstriýadaky Medeniýet günleriniň oňa gatnaşyjylaryň ýadynda galyp, milli medeniýeti we sungaty wagyz etmek, Ýer ýüzünde parahatçylygy we durnuklylygy saklamakda möhüm ähmiýetli ýagdaýa öwrülen gumanitar ugurda halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak we ösldürmek işine goşulan goşanda öwrüljekdigi bellenildi.

Medeniýet günleri uly konsert bilen jemlendi. Tanymal türkmen we ýewropa kompozitorlarynyň eserlerinden, şeýle hem halk we meşhur milli estrada aýdymlaryndan ybarat bolan bu konsertde Türkmenistanyň Milli medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň birleşdirilen orkestriniň sazandalary we ýerine ýetirijileri çykyş etdiler. “Laçyn” atly folklor topary tarapyndan ýerine ýetirilen gadymy “Küştdepdi” tansy tomaşaçylarda has-da ýakymly täsir galdyrdy.

Bu döredijilik baýramçylygy Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň gala-konserti üçin kompozitor R.Rejebow tarapyndan ýörite ýazylan hem-de konserte gatnaşyjylaryň ählisi tarapyndan türkmen we nemes dillerinde ýerine ýetirilen “Dostluk aýdymy” bilen jemlendi.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenistan – BMG

syrach

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga Gol Çekdi

syrach