14.9 C
Aşkabat
21.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Bitaraplygy-Parahatçylygyň we Durnuklylygyň Kepilidir

2015-nji ýylyň 7-nji aprelinde Daşary ýurtlar bilen Hytaý halk dostluk jemgyýetiniň parahatçylyk Köşgünde (Pekin ş.) Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan “Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we  durnuklylygyň kepilidir” atly tegelek stol geçirildi.

Tegelek stolyň guramaçylary bolup Türkmenistanyň HHR-ky Ilçihanasy, Daşary ýurtlar bilen Hytaý halk dostluk jemgyýeti we Merkezi Aziýa ýurtlary bilen dostluk jemgyýeti çykyş etdi. 

Bu çäräniň işine HHR-iň daşary işler ministriniň orunbasary Çen Gopin, Daşary ýurtlar bilen Hytaý halk dostluk jemgyýetiniň başlygynyň orunbasary, Pekinde akkreditirlenen diplomatik missiýalaryň ilçileri we hünärmenleri, türkmen talyplary, Hytaýyň analitiki we akademiki edaralarynyň, işewürlik toparlarynyň wekilleri gatnaşdylar. 

Sebit howpsuzlygyny we durnukly ösüşi üpjün etmekde Türkmenistanyň bitaraplyk derejesiniň orny we ähmiýeti hakynda giriş sözi bilen Türkmenistanyň Hytaýdaky Ilçisi Ç.Rustemowa çykyş etdi. 

Soňra HHR-iň daşary işler ministriniň orunbasary Çen Gopin çykyş etdi we “1995-nji ýylda Türkmenistan Aziýada ýeke-täk bitarap ýurt boldy. 20 ýylyň dowamynda türkmen tarapy dünýäde bolup geçýän ägirt uly özgertmeleriň çygrynda özüniň bitaraplyk derejesini doly saklady we bu öz nobatynda halkara jemgyýetçiliginiň hormatyna mynasyp boldy” diýip belläp geçdi.

Tegelek stolyň çäginde şeýle-de Hytaýda ýerleşýän diplomatik missiýalarynyň ýolbaşçylary, meşhur alymlar we syýasaty öwrenijiler, Türkmen talyplary çykyş etdiler. Türkmenistandan baran alymlar Amangeldi Rahmanowyň we Annageldi Orazowyň çykyşlary aýratyn gyzyklanma bilen diňlenildi. 

Çärä gatnaşyjylar üçin şeýle-de Türkmenistanda we Hytaýda çap edilen kitaplaryň sergisi hem-de hytaýly suratkeş Çžan Çžitaonyň “Ýüpek ýolunyň asman atlary” ady bilen eserleriniň sergisi hem guraldy. 

Tegelek stolyna gatnaşyjylaryň ählisine Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly senesi mynasybetli Ilçihana tarapyndan ýörite taýýarlanan kitapçalar we ýazgy depderçeleri gowşuryldy. Tegelek stolynyň ahyrynda türkmen milli tagamlaryndan günortanlyk nahary berildi. 

Degişli makalalar

HHR-iň žurnalistleriniň wekiliýetiniň sapary.

syrach

Dekabr Aýyndan Başlap «Türkmenistan Awiakompaniýasy» AGPJ-niň Uçar Ugurlary Artar

Türkmenistanyň DIM-de Hazar Deňzinde Ylmy-Barlaglary Geçirmek Hakyndaky Ylalaşygyň Taslamasy Ara Alnyp Maslahatlaşylýar