6.9 C
Aşkabat
22.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 15 ýyllygy mynasybetli ählihalk dabarasy geçirildi

Gadymy türkmen topragynda beýik baýramçylyk dabaraly bellenýär. Türkmenistanyň agzybir we jebis halky uly we şatlykly baýramçylygy belleýär, bu baýramçylyk parahatçylygy, durnuklylygy, ähli döwletler bilen hoşniýetli we dostlukly gatnaşyklary alamatlandyrýar, şol gatnaşyklar bolsa açyklygyň, birek-birege hormat goýmagyň we deň hukukly hyzmatdaşlygyň ýörelgelerine esaslanýar.

15 ýyl mundan ozal milletleriň halkara bileleşigi özüniň ýokary forumynyň karary bilen, Türkmenistanyň hemişelik bitarap döwlet diýip ykrar etdi. «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy baradaky» Rezolýusiýa üçin BMG-niň agzalary bolup durýan döwletleriň 185-siniň ählisi biragyzdan ses berdi. Henize çenli döwletleriň biri hem şunuň ýaly giň goldawa mynasyp bolmandy. Şoňa görä-de bu şanly waka türkmenistanlylaryň ählisinde buýsanç döredýän waka hökmünde hemişelik ýatda galar.

Gysga döwrüň içinde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýokary forumynyň wise-başlyklygyna BMG-niň Baş Assambleýasynyň 62-nji we 64-nji sessiýalaryna saýlanmagy, Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy—bularyň ählisi häzirki wagtda ýurdumyzyň oňyn bitaraplygyna we parahatçylyk dörediji konstruktiw başlangyçlaryna ýokary baha berilýän döwletleriň hataryna goşulýandygyny aýdyň görkezýär, bu başlangyçlara tutuş dünýä möçberinde uly gyzyklanma döredýär, ýurdumyzyň bu ugurdaky mümkinçilikleri bolsa, häzirki döwrüň derwaýys meselelerini çözmek üçin milletleriň bileleşigi tarapyndan üstünlikli ulanylýar.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň ýöredýän oňyn bitaraplyk syýasaty täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylyp, häzirki döwrüň şertlerinde sebit, şeýle hem global möçberde özüniň möhüm ähmiýetlidigini tassyklady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň konstruktiw başlangyçlarynyň, şol sanda energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlarynda ygtybarly we durnukly ýetirilmeginiň üpjün edilmegine degişli başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilmegi we goldanylmagy muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Bitaraplygyň bu şanly senesiniň Aşgabatda taryhy sammitiň geçirilýän wagtyna gabat gelmegi çuňňur simwoliki ähmiýete eýedir,bu sammitde Türkmenistanyň, Owganystanyň, Pakistanyň liderleri we Hindistanyň ýokary wezipeli wekili TOPH transmilli gaz geçirijisiniň taslamasynyň amala aşyrylmagyna badalga berdi. Türkmen tarapynyň öňe süren bu energetiki taslamasy döwletara gatnaşyklarynyň we sebitde özara peýdaly işjeň hyzmatdaşlygyň hemme taraplaýyn pugtalandyrylmagyna gönükdirilip, şu ýyllarda Bitarap Türkmenistanyň giň halkara hyzmatdaşlygyna esaslanýan syýasaty yzygiderli ýagdaýda we üstünlikli amala aşyrýandygyny görkezýär. Türkmen paýtagtynda TOPH boýunça ýokary derejeli duşuşygyň geçirilmeginiň täze Galkynyş eýýamynyň senenamasynda mynasyp orny eýeläp, Türkmenistanyň ýöredýän konstruktiw daşary syýasy ugrunyň esasy ýörelgelerini alamatlandyrýandygyna söz ýok.

Bu gün günortan baýramçylyk dabaralary däp boýunça paýtagtymyzyň Olimpiýa stadionynda geçirildi. Stadionyň münberleri täsirli, ýatda galýan dabarany görmek isleýän adamlardan doldy. Bu ýerde hökümetiň agzalary, Mejlisiň deputatlary, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we işgärleri Türkmenistanyň daşary ýurtlarda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýurdumyzyň we daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýygnandylar. Hormatly myhmanlaryň arasynda BMG-niň we ÝeB-niň, beýleki abraýly halkara guramalarynyň—EHHG-niň, GDA-nyň, ŞHG-niň, EKO-nyň, YKG-niň ýokary wezipeli wekilleri, birnäçe ýurtlaryň daşary işler ministrleri, tanymal syýasatçylar, alymlar we halkara ekspertleri bar. Bularyň ählisi Aşgabatda geçirilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara konferensiýasyna gatnaşdy. Baýramçylyga gatnaşýan myhmanlaryň şunuň ýaly abraýly we wekilçilikli bolmagy dünýä bileleşiginiň häzirki döwürde Türkmenistan, onuň ýaş, garaşsyz türkmen döwletini we onuň milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowy halkara derejesinde uly at-abraýa ýetiren bitarap daşary syýasatyny durmuşa geçirmekde toplan tejribesine bildirýän gyzyklanmasynyň artýandygyny aýdyň görkezýär.

Dürli reňkdäki lentalar we güller bilen bezelen «Olimpiýa» sport toplumy dabara gatnaşyjylary baýramçylyga mahsus görnüşde garşylaýar. Dabara gatnaşyjylaryň owadan we gelşikli lybaslary şatlykly ýagdaýy döredýär. Baýramçylyk münberlerinde köp sanly myhmanlar, hormatly ýaşulular, zähmetkeşler toparlary, talyp we okuwçy ýaşlar ornaşdylar. Olar öz ellerinde milli baýdaklary, dürli reňkdäki howa şarlaryny, beýik Galkynyş eýýamyny hem-de ata Watanymyzy we halkymyzyň parahat durmuşyny wasp edýän watançylyk şygarlary ýazylan baýramçylyk transparantlaryny saklaýarlar.

Merkezi münberiň gabadynda, meýdançanyň gyrasynda, Garaşsyzlyk binasynyň maketi ýerleşdirilipdir, bu bina türkmen döwletiniň espaslarynyň mizemezdigini görkezýän simwol hasaplanýar. Bu ýerde, sport arenasynda duran ýaş ýigitler dürli ýurtlaryň halklarynyň milli lybaslaryny geýnipdirler, olar Türkmenistanyň ýaşyl tuglaryny we BMG-niň agzalary bolup durýan döwletleriň 185-siniň baýdaklaryny ellerinde saklap durlar. Olaryň ýanynda uly konserte gatnaşýan çagalaryň we talyplaryň tans toparlary, ýurdumyzyň bäş welaýatynyň folklor toparlary ýerleşdiler. Münberlerde Türkmenistanyň döwlet baýdaklary ýokary galdyrylýar, dürli reňkdäki howa şarlary asmana uçurylýar. Daş-töwerekde ählumumy şatlyga we ruhubelentlige mahsus ýagdaý höküm sürýär.

Dabaraly pursat gelip ýetýär. Surnaýlar ýaňlanyp baýramçylygyň başlanandygyny aýan edýär. Stadionyň meýdançasynda ýigitler we gyzlar BMG-niň baýdagyny şekillendirýän kompozisiýany emele getirýärler. Gündogar tarapdaky münberde ýaşlar dürli reňkdäki matalar arkaly özboluşly «janly» ekranda dürli şekildäki kompozisiýalary—pannony döredýärler.

Stadionda Döwlet senasy batly ýaňlanýar. Dürli reňkdäki howa şarlarynyň ýüzlerçesi asmana uçurylýar. Umumymilli baýlamçylyk—Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we tutuş türkmen halkyna adyna gutlaglar aýdylýar.

Soňra ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary dabaraly ýöräp, stadionyň merkezi arenasyna milli ýaşyl tuglary, şeýle hem Türkmenistanyň bitaraplygy baradaky Rezolýusiýany biragyzdan goldap, 185 sany döwletiň baýdaklaryny çykarýarlar. Şol bir wagtyň özünde BMG-niň baýdagyny şekillendirýän kompozisiýa, dabaraly sazyň ýaýbaňlanmagynda, bitaraplygyň bu şanly senesini alamatlandyrýan HV sanyna sazlaşykly ýagdaýda öwrülýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Bitaraplygyň biziň üçin diňe bir hukuk statusy bolmak bilen çäklenmän, onuň parahatçylygy döretmek, ykdysady hyzmatdaşlygyň netijeli modelleriniň işlenip düzülmegine ýardam bermek boýunça halkara proseslerine doly formatda goşulyşýandygyny görkezýän işjeň pozisiýadygyny belledi.

Milli Lideriň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 65-nji sessiýasyndaky çykyşynda biziň ýurdumyzyň bu ugra berk eýerýändigi täsirli beýan edildi, bu çykyşyň barşynda hormatly Prezidentimiz birnäçe täze başlangyçlary, şol sanda BMG-niň howandarlyk etmeginde energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna ygtybarly we howpsuz üstaşyr geçirilmegini üpjün etmek boýunça uniwersal mehanizmleri işdäp düzmek üçin ekspertleriň toparyny döretmek, geljekde bolsa ýörite edarany—BMG-niň Energetika geňeşini döretmek, şeýle hem Merkezi Aziýada we Hazar sebitinde howpsuzlyk, parahatçylyk we hyzmatdaşlyk boýunça Forumy ýokary derejede esaslandyrmak baradaky başlangyçlary öňe sürdi.

Teatrlaşdyrylan tomaşa çagalardan ybarat tans toparlarynyň çykyşy bilen başlanýar, olar özleriniň çykyşy arkaly beýik eýýamyň dabaralnýandygyny görkezdiler. Täze Galkynyş eýýamynda ýurdumyzyň ruhy, jemgyýetçilik-syýasy we ykdysady taýdan ösüşine güýçli itergi berlip, Halkymyzyň bagtly durmuşynyň, ata Watanymyzyň rowaçylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen ähli uly möçberli özgertmeleri öňe sürýän milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş bolmagynda Türkmenistanyň oňyn özgertmeler eýýamyndaky täze keşbini görkezmäge mümkinçilik döretdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa «Ýylyň adamy» diýen halkara tituly bermek üçin Aşgabada gelen Rumyniýanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara gatnaşyklary we ykdysady hyzmatdaşlyk institutynyň direktory we Rumyniýanyň Türkmenistandaky ilçisi Radu Horumba gysga döwürde türkmen döwletiniň Baştutanyna halkara hyzmatdaşlygyny täzeden sazlaşykly ösdürilmegine badalga bermegiň başardandygyny bellediler. Türkmen döwletiniň Baştutany bu uly sylaga Türkmenistanyň öz Lideriniň baştutanlyk etmeginde durnukly ykdysady ösüşi we ýurtda bazar ykdysadyýetiniň batly depginde döredilmegini, sosial ulgama maýa goýumlarynyň gönükdirilmegini, bilim we saglygy goraýyş boýunça özgertmeleriň amala aşyrylmagyny, raýatlaryň ýaşaýşynyň hiliniň ýokarlandyrylmagyny, işjeň ýagdaýda parahatçylygyň döredilmegine esaslanýan pozisiýa eýerilmegini we oňyn bitaraplyk syýasatynyň maksada laýyk görnüşde durmuşa geçirilmegini üpjün etmekde ajaýyp üstünlikleri gazanandygy üçin mynasyp boldy.

Ýeri gelende aýtsak, Halkara walýuta gaznasy ýurdumyza ýakynda bolan iş saparynyň netijeleri boýunça ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak ugrunda dowam etdirilýän reformalara ýokary baha berdi hem-de 2010-nji ýylyň ahyryna çenli anyk umumy içerki önümiň ösüşiniň artmagynyň 108,1 göterimden pes bolmajakdygyny, şeýle hem 2011-nji ýylda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşiniň öňki ýyllardaky ýaly boljakdygyny çaklaýar.

Stadionyň ylgaw ýodalarynda milli Galkynyş syýasatynyň buýsanjyna öwrülen we dünýäde meşhurlyga eýe bolan ahalteke bedewleri peýda bolýar. Ellerinde daşary döwletleriň baýdaklaryny saklap gelýän atlylara atçylyk boýunça ussatlar baş bolup gelýärler, olaryň ellerinde Türkmenistanyň we BMG-niň baýdaklary bar.

Täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda Türkmenistanda ahalteke bedewleri döwlet tarapyndan ýadawsyz alada bilen gurşalyp, olara aýratyn üns berilýär. Mälim bolşy ýaly, türkmenn döwletiniň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow atlaryň ahalteke tohumynyň hakyky muşdagy bolup, olara howandarlyk etmek bilen, atçylygy ösdürmegiň meselelerine içgin üns berýär. Türkmenistanda döwlet Baştutanynyň başlangyjy boýunça her ýylda bäsleşigiň guralmagy ýöne ýerden däldir, şonda has owadan we syratly ahalteke bedewi kesgitlenýär. Şeýle hem türkmen atçylyk sportuny mundan beýläk-de ösdürmek, milli we halkara derejesinde geçirilýän uly ýaryşlarda täze üstünlikleri gazanmak maksady bilen, milletiň Lideriniň karary boýunça ähli welaýatlarda öz möçberi we maksady boýunça örän uly atçylyk-sport toplumlarynyň gurluşygy ýaýbaňlandyryldy, bular hemmeler tarapyndan kabul edilen halkara standartlaryna laýyk gelmelidir. Ýakynda bolsa, Türkmenistanyň Prezidenti şu ýylda esaslandyrylan we ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasyna baştutan boldy. Bu assosiasiýanyň wezipesi dünýäniň ähli atşynaslaryny, hünärmenleri we alymlary diňe bir «behişdi bedewleriň» taryhy mekanynda birleşdirmek bilen çäklenmän, bu haýran galdyryjy elita we arassa tohumyny mundan beýläk-de artdyrmakdan, ýaýratmakdan we wagyz etmekden, tohumyň arassalygyny saklamakdan ybarat bolmalydyr.

Şol bir wagtyň özünde meýdançanyň gyrasynda täsirli çykyş dowam edýär. Tomaşaçylaryň şowhunly el çarpmagynda atlylar at üstündäki oýunlary görkezýärler, türkmenler asyrlar boýy at üstünde dürli maşklary ýerine ýetirmek boýunça ussatlyk görkezipdirler.

Baýramçylyk dabarasyna talyplaryň tans toparlary goşulýar. Olar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň ýaş nesli barada hemm ýe taraplaýyn alada edilýändigi, ýokary halkara standartlaryna laýyk gelýän derejede bilim almaga we dünýä boýunça ylmyň gazananlaryny özleşdirmäge oňaýly mümkinçiliň döredilendigi üçin tüýs ýürekden çuňňur hoşallyk bildirdiler.

Stadionyň arenasynda joşgunly sazyň ýaňlanmagy bilen türkmen sportsmenleriniň—sportuň dürli görnüşleri boýunça ussatlaryň gatnaşmagynda täsirli çykyş başlanýar. Olar sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz edýän dürli kompozisiýalary şekillendirýärler. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda köpçülikleýin bedenterbiýäni—sagaldyş hereketini we ýokary netijeli sporty ösdürmek döwletiň syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar, bu syýasat milletiň saglygynyň pugtalandyrylmagyna, berk, fiziki we ruhy taýdan taplanan ýaş nesliň terbiýelenip ýetişdirilmegine gönükdirilendir.

«Saglyk» atly uly möçberli we toplumlaýyn döwlet maksatnamasyna laýyklykda, soňky ýyllarda ýurdumyzda aňrybaş derejedäki klinikalaryň birnäçesi, Merkezi Aziýa boýunça iri stadionlaryň ikisi, Olimpiýa suw-sport toplumy, ajaýyp Buzly köşk ulanmaga berildi. Ýurdumyzyň welaýatlarynyň ählisinde 10 müň orunlyk stadionly we suwa düşülýän basseýnli sport toplumlary guruldy. Ýakyn geljekde bolsa ýurdumyzyň bedenterbiýeçileri we sportsmenleri Merkezi Aziýa sebiti boýunça örän uly Olimpiýa şäherjigini sowgat alarlar, geçen aýda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu şäherjigiň gurluşygyna badalga berdi.

Tomaşaçylar ýurdumyzyň bäş welaýatlaryna wekilçilik edýän döredijilik toparlarynyň çykyşlaryny ruhubelentlik bilen garşylaýarlar. Daşoguzyň, Ahalyň, Balkanyň, Lebabyň, Marynyň döredijilik toparlary yzly-yzyna meýdança çykýarlar. Olaryň joşgunly tans oýunlary, çykyşlary, halkymyzyň rowaçlygynyň we abadançylygynyň hatyrasyna täze üstünlikleri gazanmaga çagyryşyna täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynyň senasyna öwrüldi.

Baýramçylyk dabarasynyň ahyrynda türkmen halkyny we onuň milli Lideri—Gurbanguly Berdimuhamedowy, ata Watanymyzy, Bitaraplygy wasp edýän aýdymyň joşgunly ýaňlanmagy bilen stadionda ýene-de baýdak göterijiler peýda bolýarlar. «Janly» pannoda we sport arenasynyň ortasynda şanly senäniň hormatyna «HV» diýen san şekillendirilýär. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň hem-de onuň agzybir we jebis halkynyň hormatyna gutlag sözleri aýdylýar.

Olimpiýa stadionyndaky şowhunly çäre tamamlanandan soňra, ählihalk dabarasy Türkmenistanyň paýtagtynda, şeýle hem ähli şäherlerinde we obalarynda dowam etdirildi. Şonda täsirli konsertler, medeni-sport çäreleri we köpçülikleýin gezelenç guraldy. Bu dabara türkmen halkynyň jebisliginiň we agzybirliginiň, onuň parahatçylygyň, ynsanperwerligiň we gowulygyň ideallaryna ygrarlydygyny görkezýän simwola öwrüldi. Agşam bolsa, Aşgabatda owadan feýerwerkiň öwüşginleri asmany ýagtyltdy. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmen hökümeti 2014-nji ýylyň ilkinji maslahatyny geçirdi.

syrach

Türkmenistanyň Ukrainadaky Medeniýet günleri tamamlandy.

syrach

Türkmenistanda Niderlandlar Patyşalygynyň ilçisi işläp başlady.

syrach