Ženewa şäherindäki (Şweýsariýa Konfederasiýasy) Millietler Köşgüniň Türkmen zalynda şu ýyl bellenilýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli duşuşyk geçirildi.
Bitaraplyk we parahatçylyk ýylynyň şanyna Türkmenistanyň Ilçihanasy tarapyndan guralan duşuşyga Şweýsariýada işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary hem-de abraýly halkara guramalarynyň wekilleri çagyryldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän daşary syýasatynyň esasy ugurlaryna bagyşlanyp geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Onuň ýörelgeleri halkara syýasatynyň we ählumumy durnukly ösüşiň aýrylmaz şertine öwrülip, netijeli döwletara gatnaşyklary üçin esas bolup hyzmat edýär.
1995-nji ýylyň 12-nji dekabry Garaşsyz Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ilkinji Bitarap döwlet hökmünde resmi taýdan ykrar edilmegi mynasybetli täze dünýä taryhynyň we halkara diplomatiýasynyň şanly senesine öwrüldi.
Täsin halkara hukuk derejesi diňe giň gerimli döwlet özgertmeler maksatnamalaryny we durmuş-ykdysady özgertmelerini üstünlikli durmuşa geçirmek üçin däl-de, eýsem, sebitde we dünýäde parahatçylygy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmak, gyzyklanma bildirýän ähli ýurtlar we abraýly halkara guramalary bilen özara gatnaşyklary giňeltmek üçin binýat bolup hyzmat edýär.
Türkmenistan saýlap alan ugruna eýermek bilen, geçen ýyllaryň içinde häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge işjeň gatnaşyp, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň esaslaryny berkitmäge ýardam edýär. Biziň ýurdumyzyň Bitaraplygynyň diňe sebitde parahatçylygy we ynanyşmagy saklamak üçin däl-de, eýsem, syýasy-diplomatik usullary ulanmak arkaly dünýäde ýüze çykýan ähli meseleleri çözmek üçin hem täsirli gural hökmünde ykrar edilmegi tötänden däldir.
Duşuşyga gatnaşyjylar şu ýylyň dekabrynda ýurdumyzda hem-de daşary döwletlerde belleniljek şanly senä gabatlanan çäreleriň meýilnamasy bilen hem tanyşdyryldy.