8.9 C
Aşkabat
22.11.2024
YKDYSADYÝET

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 Ýyllygynyň Hormatyna Ýadygärlik Şaýy Pullary

Şanly baýramyň – Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk halkara-hukuk derejesine eýe bolmagynyň 20 ýyllygynyň öň ýanynda ýurdumyzyň Merkezi banky tarapyndan her haýsysynyň gymmaty 50 manada deň bolan altyn we kümüş şaýy pullary hem-de şol pullaryň toplumy çykaryldy. Bu ýurdumyzyň we daşary döwletleriň köpsanly pul ýygnaýjylary üçin ajaýyp sowgat bolar.

Ýurdumyzyň saýlap alan ylalaşdyryjylyk we döredijilik ýoluna üýtgewsiz ygrarlylygynyň nyşanyna öwrülen Bitaraplyk güni – 12-nji dekabr türkmen halkynyň şöhratly taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. 20 ýyl mundan öň Milletler Bileleşiginiň iş tejribesinde ilkinji gezek 185 döwletiň biragyzdan goldamagy bilen deňi-taýy bolmadyk, özboluşly resminama – “Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy hakynda” Rezolýusiýa kabul edildi. Täze, ozal bar bolan nusgalardan tapawutlanýan türkmen bitaraplygynyň nusgasynyň peýda bolmagy  dünýä diplomatiýasynyň taryhyna täze söz düzümi bolup girdi. 

Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda dünýäniň ähli ýurtlary bilen hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukuklylyk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanan daşary syýasy strategiýany yzygiderli amala aşyrýar. Oňyn bitaraplyk syýasaty halkara giňişliginde ýurdumyzyň abraýynyň artmagyny şertlendirýär, milli Liderimiziň öň sürýän, häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge gönükdirilen döredijilikli başlangyçlary bolsa giň goldawa eýe bolýar we ykrar edilýär. 2015-nji ýylyň iýunynda gaýtadan kabul edilen BMG-niň “Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy” Rezolýusiýasy hem türkmen bitaraplygynyň netijeli ornuny tassyklady.  

Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň şanly 20 ýyllygy ähli ugurlarda ýokary üstünliklere we giň gerimli dabaralara beslenýär. Täze şaýy pullary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň nobatdaky nyşanyna öwrülip, ýurdumyzyň Merkezi banky tarapyndan ozal çykarylan ýubileý we ýadygärlik şaýy pullarynyň üstüni ýetirer. 

Olaryň ýüz tarapynyň merkezinde Türkmenistanyň ýaşyl reňkli syrçalanan kartasy ýerleşdirilen ýer şarynyň şekili, onuň daşyndan parahatçylygyň nyşany bolan ak reňkde syrçalanan kepderiniň uçup barýan şekili, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet baýdagy we Birleşen Milletler Guramasynyň baýdagy parlap duran bitaraplygyň nyşany şekillendirilendir. Bu şekil dünýäniň ykrar edilen ylalaşdyryjy merkezleriniň biri bolup durýan türkmen döwletiniň belent derejesini alamatlandyrýar. Şonuň bilen birlikde, nyşan Türkmenistanyň döredijilikli daşary syýasy ugrunyň mazmunyny beýan edýär.   

Ýurdumyzda bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilen 2015-nji belgi nyşanyň sag tarapynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyny aňladýan altyn çaýylyp “XX” rim san ýazylan, şaýy pulunyň ýuz tarapynyň ýokarky böleginde aýlaw bilen “ÝAŞASYN GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENSTAN!” diýen ýazgy, aşaky böleginde “2015 ý.” diýlen ýazgy ýerleşdirilipdir. Ýazgylar biri-birinden her tarapda üç sany kiçijik sekizburçluklar bilen bölünendir. 

Şaýy pullaryň ikisiniň hem arka tarapynda olaryň merkezi böleginde sekizburçluk görnüşinde Türkmenistanyň Döwlet tugrasy ýerleşdirildi, onuň daşyndan puluň ýokarky böleginde aýlaw bilen “TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKY” diýlen ýazgy, aşaky böleginde şaýy puluň gymmatyny görkezýän “ELLI MANAT” diýlen ýazgy şekillendirildi. Ýazgylar öz aralarynda sekizburçly ýyldyz görnüşindäki şekiller bilen bölünendir. Ýazgynyň çep tarapynda şaýy puluň mähegi (altyn pulda Au 916,7, kümüş pulda Ag 925), sag tarapynda olaryň agramy (altyn puluň agramy 39,94 gr., kümüş 28,28 gr.) görkezildi. 

Täze şaýy pullarynyň diametri 38,61 mm. bolup, olar Beýik Britaniýanyň “The Royal Mint Limited” zikgehanasynda ýasaldy. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň sertifikaty şaýy pullaryň “pruf”  hilini kepillendirýär. 

Degişli makalalar

Hytaý Energiýa Sarp Edilişiň Öňki Tertibine Tiz Dolanmaga Umyt Edýär…

Ägirt uly “Galkynyş” Gaz Känini Özleşdirmek Dowam Etdirilýär

syrach

Balkan Welaýatynda Şeker Öndürýän Kärhana Gurulýar