2015-nji ýylyň 19-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Hytaý Halk Respublikasynyň Ösüş we özgertmeler işleri baradaky Döwlet komitetiniň Başlygynyň Orunbasary, HHR-iň energetika baradaky döwlet müdirliginiň başlygy jenap Nuýer Baýkeli tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän wekiliýeti kabul etdi.
Taraplar dostlukly türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň däp bolan esasy ösüş şertleriniň Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Baştutanlarynyň derejesindäki özara sarpa goýulýan syýasy gatnaşyklardygyny belläp geçdiler.
Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady we ýangyç-energetika ulgamlarynda türkmen-hytaý gatnaşyklaryny geljekde hem çuňlaşdyrmagyň we giňeltmegiň meseleleri boýunça işjeň pikir alyşmalar geçirildi.