2016-njy ýylyň 7-9-njy fewraly aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Ženewa resmi sapary boldy.
Saparyň dowamynda Ženewada ýerleşýän halkara guramalaryň ençemesiniň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirildi. Olaryň hatarynda: Halkara awtomobil ulaglary bileleşiginiň Baş sekretary Umbretto de Pretto, BMG-niň Söwda we ösüş boýunça maslahatynyň Baş sekretary Muhisa Kitui, Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Baş direktorynyň orunbasary Laura Tompson, Bütindünýä söwda guramasynyň Baş direktory Roberto Azawedo, Halkara zähmet guramasynyň Baş direktory Gaý Raýder, BMG-niň Ženewadaky edarasynyň Baş direktory Mihael Moller, BMG-niň Ýewropa ykdysady Komissiyasynyň ýerine ýetiriji direktory Kristian Friis Bah, BMG-niň bozgunlaryň işi baradaky Ýokary komissary Filippo Grandi, Raýat goranyş boýunça halkara guramasynyň Baş sekretary Wladimir Kuwşinow, Intellektual eýeçilik boýunça Bütindünyä guramasynyň Baş direktory Frensis Garri.
Ýokarda agzalan duşuşyklaryň dowamynda bu guramalar bilen geljekde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek, şeýle hem milli we sebitleýin derejelerde durnukly ösüşiň maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça bilelikdäki tagallalaryň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Esasy üns berilen meseleleriň hatarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň global energetika howpsuzlygyny berkitmek, ekologiýany goramak, halkara ulag infrastrukturasyny we sebitleýin söwdany ösdürmek baradaky başlangyçlaryny durmuşa geçirmek boýunça tagallalaryň, şeýle hem suw meselelerini bellemek bolar.