8.9 C
Aşkabat
22.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Ukraina iş

Ukrainanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Ukrainanyň wekiliýetleri syýasy geňeşmeleri geçirdiler. Ukrainanyň wekiliýetine ýurduň Daşary işler ministri P.Klimkin baştutanlyk etdi. Gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn formatda, şonuň ýaly-da iri halkara guramalarynyň, has takygy BMG-niň çäklerinde döwletara gatnaşyklaryny ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.  

Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň depginine ýokary baha berdiler we onuň geljekde hem ösdürilmegini belläp geçdiler. Önjeýli gatnaşyklary giňeltmäge bar bolan ägirt uly mümkinçilikler we gyzyklanmalar hakynda gürrüň edip, taraplar birnäçe ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine ünsi jemlediler. Olaryň hatarynda söwda-ykdysady we ulag-kommunikasiýa ulgamlary, gurluşyk we oba hojalygy ýaly ugurlar bellenilip geçildi. Gepleşikleriň barşynda şu ýylyň maýynda Hökümetara türkmen-ukrain toparynyň nobatdaky mejlisini geçirmek, şeýle hem türkmen-ukrain ylmy-tehniki geňeşini döretmegiň mümkinçiligi hakynda ylalaşyk gazanyldy. Mundan başga-da, Aşgabat-Kiýew-Aşgabat ugry boýunça howa gatnawlarynyň dikeldilmeginiň hem mümkinçiliklerine seredilip geçildi.  

Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Ukrainanyň Premýer-ministri A.Ýasenýuk bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Söwda-ykdysady özara hereketleriniň işjeňleşdirilmeginiň, gurluşyk, ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň, şeýle hem medeni-gumanitar ugurda, has takygy bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň meselelerine aýratyn üns berildi. Ykdysady özara hereketleriň ara alnyp maslahatlaşylmagynyň mazmunynda ukrain gurluşykçylarynyň Türkmenistanda durmuşa geçirilýän uly göwrümli infrastruktura taslamalarynyň amala aşyrylyşyna gatnaşmak meselesine aýratyn üns berildi.    

Şol gün Türkmenistanyň Daşary işler ministri Ukrainanyň Prezidenti Pýotr Poroşenko tarapyndan kabul edildi. Taraplar Türkmenistanyň we Ukrainanyň syýasy, ykdysady we medeni-gumanitar ulgamdaky döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesine kanagatlanma bildirdiler. Gepleşikleriň barşynda Ukrainanyň Prezidentiniň şu ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistana boljak nobatdaky sapary bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem türkmen tarapy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan ukrain tarapyny 2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda geçiriljek “Bitaraplyk syýasaty: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlyk” atly ýokary derejeli Halkara maslahatyna, şeýle hem 2015-nji ýylda geçiriljek “Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly” mynasybetli we Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 20 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk çärelerine gatnaşmaga çagyrdy. Öz nobatynda Ukrainanyň Prezidenti türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi we Ukrainanyň çäginde çäreleriň geçirilmegine taýýarlyklara ýardam bermeklige taýýarlygyny mälim etdi we Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga gyzyklanma bildirdi.   

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Taras Şewçenko adyndaky Kiýew milli uniwersitetiniň zalynda Ukrainanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmenistanly talyplar bilen duşuşdy. Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy duşuşyga gatnaşyjylara  Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan bilim ulgamynda alnyp barylýan syýasat we döwlet tarapyndan dünýäniň köpsanly ýurtlarynda bilim alýan talyplara berilýän goldaw hakynda giňişleýin gürrüň berdi.  

Ukrainanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmenistanly talyplaryň ählisiniň adyndan Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa daşary ýurtlarda ýokary bilim almaga, öz Watanymyzyň halk hojalygy üçin ýokary hünär başarnykly hünärmenler bolup ýetişmek üçin döredip beren mümkinçilikleri üçin ägirt uly minnetdarlyklar bildirildi.

Medeni maksatnamanyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri türkmeniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine, ukrain şahyry we ýazyjysy Taraş Şewçenkonyň ýadygärligine gül desselerini goýdy, şeýle hem “Sofiýa Kiýewskaýa” Milli taryhy-medeni goraghanasyna we Kiýew şäherindäki “Kirill ybadathanasy – XII asyryň arhitektura ýadygärligi”muzeýine baryp gördi. 

Degişli makalalar

Tatarystanyň Paýtagtynda Aziada-2017-niň Tanyşdyrylyşy Geçirildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň Lebap Welaýatyna Iş Sapary Başlandy

Hormatly Watan Goragçylary!

turkmenhabargullugy